Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Isany Hannanyň, soňra Kaýafanyň ýanyna eltýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa muny aýdanda, şol ýerde duran sakçylaryň biri onuň ýüzüne şarpyk çalýar-da: «Sen uly ruhany bilen nädip gepleşýärsiň?» diýýär. Emma Isa özüniň hiç hili nädogry zat etmändigini bilip, oňa: «Eger aýdanym nädogry bolsa aýt; eger dogry bolsa, onda näme üçin meni urýarsyň?» diýýär (Ýahýa 18:22, 23). Soňra Hanna Isany giýewsi Kaýafanyň ýanyna äkitmegi buýurýar.

      Sinedrionyň baş ruhanydan, halkyň ýaşulularyndan hem-de kanunçylaryndan ybarat bolan agzalary bolsa eýýäm ýygnanypdy. Olaryň bary Kaýafanyň öýünde toplanýar. Pasha baýramynyň gijesi kimdir birini höküm etmek üçin ýygnanyşmak kanuna garşy gelýärdi. Emma bu olary ýaman niýetini amala aşyrmakdan saklamaýardy.

      Bu topardan adalata garaşmak, boş zada umyt baglan ýalydy. Isa Lazary direldende, Sinedrion Isany öldürmeli diýen karar çykarypdy (Ýahýa 11:47—53). Bary-ýogy birnäçe gün mundan öň bolsa, dini ýolbaşçylar Isany tussag edip, ony öldürmeli diýip dil düwüşipdiler (Matta 26:3, 4). Hawa, entek Isany sud etmänkäler, oňa eýýäm ölüm jezasyny berýärler.

  • Petrus Isadan ýüz öwürýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isany Getseman bagynda tussag edenlerinde, resullary ony taşlap gaçyp gidipdiler. Emma olaryň ikisi soň yzyna dolanýar. Olaryň biri Petrusdy, beýlekisi Ýahýa bolmaly (Ýahýa 18:15; 19:35; 21:24). Olar Isanyň yzyna düşüp, Hannanyň öýüne çenli barýarlar. Ol Isany baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberende-de, Petrus bilen Ýahýa esli aralykdan onuň yzyndan ýöräp gidýärler. Olar iki oduň arasynda galypdylar: hem öz janyndan gorkýardylar, hem Halypasyna näme bolarka diýip alada edýärdiler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş