Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Arimatiýaly Ýusubyň batyrgaý hereketi
    Garawul diňi — 2017 | Oktýabr
    • ARIMATIÝALY ÝUSUP Rim hökümdarynyň ýanyna barmak üçin şeýle batyrgaý hereket edendigine özem ynanyp bilmeýärdi. Sebäbi Pontius Pilatus özüniň kesirligi bilen tanalýardy. Isanyň mynasyp tärde jaýlanmagy üçin kimdir biri onuň jesedini Pilatusdan soramalydy. Emma patyşa bilen ýüzbe-ýüz gürleşmek Ýusubyň göz öňüne getirişi ýaly kyn bolmady. Goşun ýolbaşçysy Isanyň eýýäm ölendigini habar berende, Pilatus Ýusubyň haýyşyny ýerine ýetirýär. Şeýle hasratly duýgular bilen Ýusup Isanyň pürse çüýlenen ýerine howlukmaç gidýär (Mar. 15:42—45).

  • Arimatiýaly Ýusubyň batyrgaý hereketi
    Garawul diňi — 2017 | Oktýabr
    • MEJLISIŇ AGZASY

      Markusyň Hoş habarynda Ýusubyň «Mejlisiň hormatlanýan agzasy» bolandygy aýdylýar. Diňe ýehudylaryň ýokary kazyýetine degişli bolan we ýokary wezipäni eýeleýän adamlar Mejlisiň agzasy bolup bilýärdi (Mar. 15:1, 43). Ýusup hem halkyň ýolbaşçylarynyň biridi. Şol sebäpli ol Rim hökümdary bilen duşuşyp bilýärdi. Şeýle-de onuň baý adam bolandygy geň galdyrmaýar (Mat. 27:57).

      Sizem özüňiziň mesihçidiňizi batyrgaýlyk bilen aýdarsyňyzmy?

      Mejlisiň agzalary Isa duşmançylyk bilen garaýardylar. Olar Isany öldürmek barada dil düwüşýärler. Emma Ýusup «dogruçyl hem-de ýagşy adamdy» (Luka 23:50). Mejlisdäki ýoldaşlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, ol dogruçyl adamdy, ahlak taýdan arassa we Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edip ýaşaýardy. Şeýle-de ol «Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy». Bu onuň näme üçin Isanyň şägirdi bolandygyny görkezýär (Mar. 15:43; Mat. 27:57). Ol hakykaty we adalaty söýýän adam bolandygy üçin, Isanyň habaryna seslenen bolmaly.

  • Arimatiýaly Ýusubyň batyrgaý hereketi
    Garawul diňi — 2017 | Oktýabr
    • GORKYNY ÝEŇÝÄR

      Isa aradan çykandan soň, Ýusup gorkusyny ýeňip, onuň şägirtlerine kömek etmegi ýüregine düwen bolmaly. Bu barada Markus 15:43-de şeýle diýilýär: «Ol ýüregini bire baglap, Pilatusyň ýanyna bardy-da, ondan Isanyň jesedini bermegi haýyş etdi».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş