Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Iýul sah. 1—7
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • IÝUL 1—7
  • IÝUL 8—14
  • IÝUL 15—21
  • IÝUL 22—28
  • IÝUL 29—AWGUST 4
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Iýul sah. 1—7

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

IÝUL 1—7

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | KOLOSLYLAR 1—4

«Öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykaryp, täze häsiýetlere geýniň»

w11 15/3 sah. 10, abz. 12, 13

Biz dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň ruhuny aldyk

12 Nähili ruh maňa täsir edýär? (Koloslylar 3:8—10, 13-nji aýatlary okaň). Dünýäniň ruhy ten höweslerini oýarýar (Gal. 5:19—21). Ähli zat gülala-güllük wagty däl-de, dogan-uýalar bizi äsgermezlik edende, göwnümize degende ýa-da bize garşy günä edende, nähili ruhuň bize täsir edýändigi bilinýär. Galyberse-de, öýde ýeke galanda nähili ruhuň bize täsir edýäni aýan bolýar. Özüňize şeýle sorag berip barlap görüň: «Soňky alty aýda mesihçilere ýaraşýan häsiýetleri ösdürdimmi ýa-da gürlänimde we özümi alyp baranymda öňki erbet endiklerim görünýärmi?»

13 Hudaýyň ruhy bize «öňki häsiýetlerimizi işleri bilen birlikde egnimizden çykaryp... täze häsiýetlere geýinmäge» kömek edýär. Bu bize adamlary has söýmäge we mähirli bolmaga ýardam eder. Hatda öýkelemäge sebäp bolsa-da, biz adamlary ýürekden bagyşlamaly. Biz adalatsyzlyga uçranda, «öýke-kineden, gahar-gazapdan, gykylykdan, hapa sözlerden» daş bolarys. Gaýtam, «mähirli we rehim-şepagatly bolmaga» jan ederis (Efes. 4:31, 32).

w13 15/9 sah. 21, abz. 18, 19

Siz Hudaýyň islegine görä täzelendiňizmi?

18 «Täzelenmek» üçin Mukaddes Ýazgylary diňe okamak we öwrenmek ýeterlikli däl. Meselem, köp adamlar Mukaddes Ýazgylary kämahal okap, onda näme hakda gürrüň edilýändigini bilýärler. Ähtimal, siz şeýle adamlara wagyzda duşýansyňyz. Hatda olaryň käbiri Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryny ýatdan bilýärler. Emma Hudaýyň Sözi olaryň durmuşyna we garaýşyna onçakly täsir etmeýär. Bu näme üçin beýlekä? Sebäbi Hudaýyň Sözi adamy özgerder ýaly, öwrenýän zatlary onuň ýüreginde kök urmaly. Munuň üçin biz öwrenýän zatlarymyz hakda oýlanmaga wagt sarp etmeli. Biz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men öwrenýän zatlarymyň diňe bir dini taglymat däldigine düşünýärinmi? Olaryň hakykatdygyna göz ýetirýärinmi? Men bilýän zatlarymy başgalara öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, olary özüm hem ulanmaga çalyşýarynmy? Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylar arkaly maňa ýüzlenýändigini duýýarynmy?» Şu soraglaryň üstünde oýlansak, Ýehowa bolan söýgimiz artar. Bu bolsa kalbymyza täsir edip, gowy özgerişlikleri etmäge höweslendirer (Sül. tym. 4: 23; Luka 6:45).

19 Biz Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okasak we oýlansak, Pawlus resulyň şu aýdan sözlerine eýermegimizi dowam ederis: «Öňki häsiýetleriňizi işleri bilen birlikde egniňizden çykaryp, Hudaýyň öz keşbine görä ýaradan täze häsiýetlerine geýniň» (Kol. 3:9, 10). Biz Hudaýyň Sözüne doly düşünsek, üstünlik gazanyp bileris. Şonda mesihçi häsiýetleri bizi Şeýtanyň mekir duzaklaryndan gorar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Hudaýyň Patyşalygy»

Hudaýyň Patyşalygy

«Hudaýyň söýgüli Oglunyň Patyşalygy». B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni, ýagny Isanyň göge galanyna 10 gün geçende, şägirtleriň üstüne mukaddes ruh indi. Şonda olar Isanyň «Hudaýyň sagynda oturandygyna» düşündiler (Res 1:8, 9; 2:1—4, 29—33). Şonda Isanyň şägirtleri bilen baglaşan «täze ähti» güýje girdi we «mukaddes halk», ýagny ruhy Ysraýyl peýda boldy (Ýew 12:22—24; 1Pt 2:9, 10; Gl 6:16).

Şondan bäri Atasynyň sag tarapynda oturan Mesih ýolbaşçylyk edýär (Ef 5:23; Ýew 1:3; Fp 2:9—11). Mukaddes Ýazgylara görä, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri şägirtleriň üstünden ruhy patyşalyk höküm sürýär. I asyrda Pawlus resul Kolosdaky mesihçilere ýazan hatynda Isa Mesihe patyşalyk ygtyýarynyň berlendigi barada şeýle diýdi: «(Hudaý) bizi garaňkylygyň goly astyndan halas edip, söýgüli Oglunyň patyşalygyna geçirdi» (Kol 1:13; Res 17:6, 7-nji aýatlary deňeşdiriň).

Mesihiň patyşalygy b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri ruhy Ysraýylyň, ýagny Hudaýyň ruhy çagalary bolmak üçin mukaddes ruh arkaly täzeden doglan mesihçileriň üstünden höküm sürýär (Ýah 3:3, 5, 6). Mukaddes ruh arkaly mesh edilen mesihçiler gökdäki sylagyny alanda, Mesihiň ruhy patyşalygynyň ýerdäki raýatlary bolmagyny bes edip, gökde Mesih bilen bile höküm sürer (Ylh 5:9, 10).

w08 15/8 sah. 28, abz. 9

Galatýalylara, Efeslilere, Filipililere we Koloslylara ýazylan hatlardan peýdaly pikirler

2:8. Pawlus resul haýsy «boş zatlar» barada duýduryş berdi? Bu Şeýtanyň dünýäsiniň esasy bölegi — onuň döredýän, görkezme berýän we höweslendirýän zatlary ýa-da prinsipleridir (1 Ýahýa 2:16). Oňa filosofiýa, baýlyk we ýalan dinler degişli.

w04 1/5 sah. 19, 20, abz. 3—7

Biri-biriňizi berkidiň

3 Takmynan b. e. 60-njy ýylynda Pawlus resul Rimde tussaglykda otyrdy. Ony ýalan aýyplamalar sebäpli türmä basypdylar (Resullaryň işleri 24:5; 25:11, 12). Pawlus özüne goldaw beren bäş mesihçiniň adyny agzaýar: Aziýadan özüniň ugradan wekili we «Halypamyzyň wepaly gullukçysy» Tihik, Kolos şäherinden bolan «wepaly we söýgüli doganymyz Onesim», Selanikden bolan we biraz wagt Pawlus bilen «tussaglykda oturan» Aristarhus, öz adyny göterýän hoş habary ýazan we Pawlusa missioner syýahatynda kömek eden «Barnabasyň ýegeni Markus», şeýle-de «Hudaýyň Patyşalygy» ugrunda bile zähmet çeken egindeşi Ýustus. Pawlus bu bäş dogan hakda şeýle diýdi: «Olar maňa juda köp teselli berdiler» (Koloslylar 4:7—11).

4 Pawlus resul wepaly dostlarynyň beren goldawyna örän minnetdardy. Aýatdaky «juda köp teselli berdiler» diýip terjime edilen grekçe «paregoria» diýen söz Mukaddes Ýazgylaryň diňe şu aýadynda duş gelýär. Bu sözüň giň manysy bolup, köplenç ýara melhem hökmünde ulanylýara. Şeýle-de bu sözi «köşeşdirmek», «ýüküni ýeňletmek», «teselli» ýa-da «göwünlik bermek» diýip terjime etse bolýar. Pawlus resul hut şeýle kömege mätäçdi. Bu bäş dogan bolsa oňa şeýle kömegi berdiler.

5 Belki-de, Pawlus resulyň ruhlandyrylmaga mätäç bolmagy bizi geň galdyrýandyr. Ýöne ol, hakykatdanam, kömege mätäçdi. Elbetde, Pawlusyň imany berkdi; ol ençeme gezek ýowuz garşylyklara duçar bolupdy, «sansyz-sajaksyz urgulara sezewar boldy, ençeme gezek ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy», şeýle-de dürli kynçylyklar sebäpli görgi gördi (2 Korinfliler 11:23—27). Emma ol hem biz ýaly bikämil adamdy we belli bir derejede kömege hem-de imanynyň berkidilmegine mätäçdi. Hatda Isa hem muňa mätäç bolupdy. Ölüminiň öň ýanyndaky gije Getseman bagynda bir perişde görnüp, Isany «berkitdi» (Luka 22:43).

6 Pawlus resul hem imandaşlarynyň goldawyna mätäçdi. Ol tussag edilip, Rime eltilende, şol ýerdäki ýehudylar ony mähirli garşylamady. Umuman alanyňda, olar Patyşalyk baradaky habary kabul etmeýärdi. Resullaryň işleri kitabynda ýehudylaryň abraýly adamlary Pawlusyň ýanyna gelenden soň, näme bolandygy barada şeýle diýilýär: «Onuň aýdanlaryna käbirleri ynansa, käbirleri ynanmadylar. Olar biri-biri bilen ylalaşmansoňlar, dargaşyp başladylar» (Resullaryň işleri 28:17, 24, 25). Olaryň Ýehowanyň rehimdarlygyndan ýüz öwürýändigini görende, Pawlus örän gynanan bolmaly. Şondan birnäçe ýyldan öň, Rimdäki mesihçilere ýazan haty Pawlusyň gaty alada edendigini görkezýär. Ol hatynda: «Güýçli hasrat çekýärin we ýüregimde elmydama agyry duýýaryn... Men iman etmeýän doganlaryma (ýehudylara) kömek etmek üçin näletlenip, Mesihden aýra düşmäge taýyndyryn» diýip ýazdy (Rimliler 9:2, 3). Muňa garamazdan, Rimde wepaly, ynamdar, mert we mähirli imandaşlarynyň bardygy oňa rahatlyk berýärdi. Olar Pawlusyň hakyky ruhy doganlarydy.

7 Şol bäş dogan haýsy manyda Pawlusy «juda berkitdiler»? Olar Pawlus tussaglykdaka ondan özlerini çetde tutmadylar? Gaýtam, tussaglykda bolandygy üçin, Pawlusyň edip bilmeýän zatlaryny edip, söýgi we höwes bilen oňa hyzmat etdiler. Mysal üçin, olar Pawlusyň ýazan hatlaryny ýa-da onuň dilden aýdan zatlaryny ýygnaklara ýetirýärdiler. Şeýle-de Rimdäki we başga ýerdäki doganlar hakda Pawlusa ýagşy habar getirýärdiler. Mundan başga-da, olar Pawlusa gyşky egin-eşik, golýazmalar we ýazuw-çyzuw üçin gerekli zatlary getirip beren bolmaly (Efesliler 6:21, 22; 2 Timoteos 4:11—13). Bu zatlaryň ählisi tussaglykda oturan Pawlusy berkidip, ruhlandyrdy. Şeýdip, Pawlusyň özi hem ähli ýygnaklar üçin direg boldy (Rimliler 1:11, 12).

IÝUL 8—14

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 SELANIKLILER 1—5

«Bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň»

w11 15/6 sah. 26, abz. 12

Araňyzda zähmet çekýänleriň gadyryny biliň

12 Ýygnaga ýolbaşçylyk etmek üçin tälim bermek ýeterlikli däl. 1 Timoteos 3:4-däki «alada edýän» ýa-da «dolandyrýan» diýen söz hem şol manyny aňladýar. Pawlus gözegçi dogan «öý-içerisi barada gowy alada edýän, çagalary hem gulak asýan we özüni gowy alyp barýan bolmaly» diýýär. Şu aýatdaky «alada edýän» diýen sözi diňe bir çagalara tälim bermegi däl-de, eýsem, maşgala ýolbaşçylyk etmegi we «çagalara diýeniňi etdirmegi» hem aňladýar. Şeýlelikde, ýaşulular ýygnaga baştutanlyk edip, ähli dogan-uýalara Ýehowa tabyn bolmaga kömek edýär (1 Tim. 3:5).

w11 15/6 sah. 28, abz. 19

Araňyzda zähmet çekýänleriň gadyryny biliň

19 Ýörite seniň üçin taýýarlanan sowgady alsaň, näme edersiň? Ondan peýdalanyp, minnetdarlygyňy bildirmersiňmi? Ýehowa hem Isa Mesih arkaly saňa «sowgat hökmünde dürli ukyply adamlary» berýär. Eger sen ýaşulularyň çykyşyny ünsli diňleseň hem-de berýän maslahatlaryna eýermäge çalyşsaň, onda şol sowgatlara minnetdarlygyňy bildirýärsiň. Şeýle-de sen ýygnaklarda ruhlandyryjy jogap berip, minnetdardygyňy görkezip bilersiň. Wagyz edip, ýaşulularyň ýolbaşçylyk edýän işini goldap bilersiň. Ýaşulynyň beren maslahaty kömek eden bolsa, oňa minnetdarlyk bildirseň gowy bolmazmy? Ýaşulynyň maşgalasyna-da minnetdarlygyňy bildirip bilersiňmi? Ýaşulynyň maşgalasy onuň bilen geçirip biljek wagtyny ýygnagyň aladasyny etmäge berýändigini unutmalyň.

w17.10 sah. 10, abz. 13

«Biz... iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris»

13 Ejizleri goldaň. Mukaddes Ýazgylardaky «ejizleri goldaň we hemmelere sabyrly boluň» diýen tabşyryga eýerenimizde, bizde hakyky söýginiň bardygy aýan bolýar (1 Sel. 5:14). Öň ruhy taýdan ejiz bolan dogan-uýalaryň köpüsi wagtyň geçmegi bilen imanda berkediler. Emma käbirleri henizem biziň kömegimize mätäç. Şol sebäpli biz sabyrly bolmaly. Meselem, biz olar bilen Mukaddes Ýazgylardan ruhlandyryjy pikirleri paýlaşyp bileris, wagza çagyryp ýa-da olary ünsli diňläp bileris. Biz dogan-uýalara ruhy taýdan berk ýa-da ejiz diýmegiň deregine, ählimiziň hem güýçli we gowşak taraplarymyzyň bardygyna düşünmeli. Hatda Pawlus resul hem öz gowşak tarapynyň bardygyny aýdypdy (2 Kor. 12:9, 10). Dogrudan-da, biz bir-birimizi goldap, köp peýda tapyp bileris.

w15 15/2 sah. 9, abz. 16

Isa ýaly pesgöwünli we mähirli boluň

16 Mähirli sözlerimiz. Göwnüçökgün adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, olara mähirli sözler bilen teselli bereris (1 Sel. 5:14). Biz göwnüçökgün adamlary nädip ruhlandyryp bileris? Olaryň ýürekden aladasyny etmeli, öwgüli sözleri aýtmaly, ajaýyp häsiýetlerini we ukybyny görmäge kömek etmeli. Şeýle-de Ýehowanyň olary bu dünýäden saýlap, gymmat saýýandygyny aýtmaly (Ýahýa 6:44). Biz Ýehowanyň «göwni synyk» we «ruhy ökünçli» gullukçylarynyň aladasyny edýändigine ynamly bolup bileris (Zeb. 34:18). Biziň mähirli sözlerimiz ruhdan düşenleriň göwnüni galkyndyrar (Sül. tym. 16:24).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Ahlaksyzlyk»

Ahlaksyzlyk

Ahlaksyzlyk agyr günä bolup, munuň üçin adam ýygnak gatnaşygyndan hem kesilip bilýär (1Kr 5:9—13; Ýew 12:15, 16). Pawlus resul ahlaksyzlyk edýän adamyň öz tenine garşy günä edýändigini düşündirýär. Sebäbi şeýle adam beden agzalaryny azgyn höwesleri üçin ulanýar. Ol ruhy ýagdaýyna gaty uly zyýan ýetirýär, Hudaýyň ýygnagynyň ýagşy adyna ysnat getirýär we jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ölüm howply kesellere duçar bolup bilýär (1Kr 6:18, 19). Mundan başga-da, ol doganlaryny öz «hakyndan mahrum edýär» (1Sl 4:3—7); ýagny 1) ýygnagy hapalaýar we onuň adyna ysnat getirýär (Ýew 12:15, 16), 2) ahlaksyzlyk eden adamynyň abraýyna zeper ýetirýär; eger ol durmuş gurmadyk bolsa, ony ahlak taýdan arassa adam hökmünde durmuş gurmak mümkinçiliginden mahrum edýär, 3) maşgalasyny abraýdan gaçyrýar, 4) ahlaksyzlyk eden adamynyň ene-atasynyň ýa-da ýanýoldaşynyň adyna ysnat getirýär. Adamlaryň çykarýan kanuny ahlaksyzlyk eden adamy ýazgaryp hem, ýazgarman hem bilýär. Şonuň üçin ol ahlaksyzlyk etmek bilen, adamy däl-de, şeýle günä üçin jeza berýän Hudaýy äsgermezlik edýär (1Sl 4:8).

w15 15/7 sah. 18, 19, abz. 14, 15

«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»

14 Magok ýurdundaky Gog Allatagalanyň halkyna topulanda näme bolar? Matta we Markusyň hoş habarynda: «Ol (Ynsan ogly) perişdelerini güýçli surnaý sesi bilen iberer. Olar ýeriň dört tarapyndan, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar» diýilýär (Mar. 13:27; Mat. 24:31). Bu ýygnanyşyk täze mesh edilen mesihçileriň bellenmegini ýa-da olara soňky möhüriň basylmagyny aňlatmaýar (Mat. 13:37, 38). Soňky möhür uly muşakgatyň öň ýanynda basylar (Ylh. 7:1—4). Onda Isanyň aýdan ýygnanyşygy näme aňladýar? Hudaýa wepaly galan 144 müň mesh edilen mesihçiler gökdäki sylagyny alarlar (1 Sel. 4:15—17; Ylh. 14:1). Bu sylag olara Magok ýurdundaky Gog hüjüme başlandan soň berler (Ezek. 38:11). Şonda Isanyň: «Dogry adamlar gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar» diýen sözleri ýerine ýeter (Mat. 13:43).

15 Biz mesh edilen mesihçileriň gudrat bilen göge alynýandygyny görerismi? Hristian dinine uýýan käbir adamlar özleriniň ynsan bedeninde göge galjakdygyna we Isanyň patyşa hökmünde ýere gelşini gözi bilen görjekdiklerine ynanýarlar. Emma Mukaddes Ýazgylarda «Ynsan Oglunyň alamatynyň» gökde boljakdygy we onuň «gökdäki bulutlardan» geljekdigi aýdylýar (Mat. 24:30). Bu sözler onuň göze görünmän geljekdigini görkezýär. Şeýle-de biz «et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýändigini» bilýäris. Göge galjaklaryň hemmesi «soňky surnaý çalnanda, birden göz açyp-ýumasy salymda üýtgediler» (1 Korinfliler 15:50—53-nji aýatlary okaň). Şu aýada görä, mesh edilenleriň gudrat bilen göge alynýandygyny göreris diýip pikir etmek nädogry bolardy. Isa wepaly mesh edilen mesihçileri göz açyp-ýumasy salymda ýygnar.

IÝUL 15—21

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 SELANIKLILER 1—3

«Bikanun adam peýda boldy»

it «Hudaýa wepalylyk»

Hudaýa wepalylyk

Ýehowanyň «mukaddes syryna» garşy gelýän ýene bir ýalan bar. Ol «bikanun adam». Pawlus resulyň günlerinde hakyky mesihçiler üçin bu syr heniz açylmandy. Sebäbi şol wagt «bikanun adam» topar hökmünde heniz aýan bolmandy. Hatda bikanun adam peýda bolandan soň hem, köp adamlar onuň kimdigini bilmeýärdi. Sebäbi ol bikanun işleri Hudaýyň adyndan edýärdi. Aslynda, bu Hudaýa hakyky wepalylyk däl-de, imandan dänmeklik hasaplanýardy. Pawlus resul «bikanun adamyň» edýän işleriniň şol wagt eýýäm ýüze çykandygyny aýtdy. Sebäbi mesihçiler ýygnagynda onuň erbet täsiri aýdyň görünýärdi. Netijede bolsa, imandan dänenleriň topary peýda boldy. Isa Mesih aýan bolanda, «bikanun adamy» ýok eder. Şeýtanyň döreden bu «bikanun adamy» taňry hasaplanýan ýa-da sežde edilýän zatlardan hem özüni beýik hasaplaýar. Şeýdip, Hudaýyň bu ganym duşmany Şeýtanyň elindäki gural hökmünde adamlary ussatlyk bilen aldap, yzyna eýerýänleriň ählisini heläkçilige sezewar eder. «Bikanun adam» özüni Hudaýa wepaly ýaly alyp baryp, hakyky ýüzüni gizleýär (2Sl 2:3—12; Mat 7:15, 21—23-nji aýatlary deňeşdiriň).

it «Ýalan»

Ýalan

Ýehowa Hudaý ýalany söýýän adamlaryň Isa Mesih baradaky hoş habara däl-de, «ýalana ynanmaklary üçin, olara aldawyň täsirine düşüp, azaşmaklaryna ýol berýär» (2Sl 2:9—12). Bu ençeme asyr mundan öň Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen bolan wakadan aýdyň görünýär. Ýalan pygamberler ony Ramotgilgadyň üstünden ýeňiş gazanjakdygyna ynandyrdylar. Emma Ýehowanyň pygamberi Mika Ahabyň ýeňiljekdigini pygamberlik edipdi. Mika pygamber görnüşde Ýehowanyň perişdesi arkaly Ahabyň pygamberleriniň ýalan sözlemegine ýol berendigini görýär. Şol perişde pygamberlere şeýle bir täsir edýär welin, olar patyşa ýalan sözleýärler, ýagny öz aýtmak isleýän we patyşanyň eşitmek islän zadyny aýdýarlar. Emma Ahap patyşa duýduryş alandan soň hem, ýalana ynandy we netijede, janyndan mahrum boldy (1Pat 22:1—38; 2Ýlz 18).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Ot»

Ot

Petrus resul «häzirki asmanyň we ýeriň... ot üçin saklanýandygy» barada ýazdy. Aýadyň kontekstinden we beýleki aýatlardan görnüşi ýaly, bu ýerde göni manyda ot bilen ýok edilmek däl-de, ebedi ýok edilmek göz öňünde tutulýar. Nuhuň günlerinde hem tupanda göni manyda asman we ýer ýok edilmändi. Ondaky erbet adamlar ýok edilipdi. Edil şonuň ýaly, Isa Mesih güýçli perişdeleri bilen oduň ýalnynda gelende, erbet adamlary we şu zalym dünýäni hemişelik ýok eder (2Pe 3:5—7, 10—13; 2Sl 1:6—10; Iş 66:15, 16, 22, 24-nji aýatlary deňeşdiriň).

it «Ylhamlanan»

Ylhamlanan

Hakyky we ýalan «ylhamly sözler». Käte resullar «pnewma» (ruh) diýen grek sözüni aýratyn manyda ulanypdyrlar. Meselem, Pawlus resul 2 Selanikliler 2:2-de Selanikdäki doganlara «kimdir biriniň Ýehowanyň gününiň golaýlaşandygy babatda aýdýan ylhamly sözleri (göni manyda «ruh») ýa-da habary sebäpli, ýa-da bizden hat aldyk diýýän adamlar zerarly pikiriňiz bulaşmasyn» diýip maslahat berdi. Pawlus resul bu aýatda «pnewma» sözüni «habar» ýa-da «hat» diýen sözler bilen bilelikde ulanýar. Bu bolsa «pnewma» sözüniň haýsydyr bir maglumaty bermek üçin ulanylýandygyny görkezýär. Bu aýat babatda bir kitapda şeýle diýilýär: «Pawlus bu aýatda pygamberiň aýdan ylhamly sözleriniň ýa-da pygamberliginiň ýalandygyny göz öňünde tutýar» («Commentary on the Holy Scriptures»; Translated and edited by P. Schaff, 1976, sah. 126). Başga bir kitapda aýdylmagyna görä, bu aýatda «Hudaýdan üýtgeşik bir ylham alandygyny aýdýan käbir mesihçileriň pygamberlik sözleri» göz öňünde tutulýar («Vincent’s Word Studies in the New Testament»; 1957, tom IV, sah. 63). Şol sebäpli käbir terjimelerde «pnewma» diýen söz «ruh» diýip terjime edilen bolsa, başga terjimelerde «pygamberlik» (AP) ýa-da «ylhamly sözler» (TD) diýip terjime edilen.

IÝUL 22—28

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TIMOTEOS 1—3

«Ruhy maksatlara ýetmäge jan ediň»

w16.08 sah. 21, abz. 3

Ruhy taýdan ösmegiň wajypdygyna düşünýärsiňizmi?

3 1 Timoteos 3:1-i okaň. Grek dilinden terjime edilen «islemek» sözi goýan maksadyňa görä hereket etmegi aňladýar. Başgaça aýdanyňda, golaýda däl-de, uzakda duran zady almaga jan etmegi aňladýar. Pawlus resulyň ulanan sözi ruhy taýdan ösmek üçin tagalla etmegiň wajypdygyny görkezýär. Aýdaly, bir dogan ýygnakda hyzmatçy bolmagy arzuw edýär. Emma ol munuň üçin gerekli häsiýetleri ösdürmelidigine düşünýär. Şeýdip, ol ilki hyzmatçy bolmaga jan edýär we wagtyň geçmegi bilen, maksadyna ýetýär. Soňra gözegçi bolmak üçin talaplara laýyk gelmek barada oýlanýar. Görşümiz ýaly, ol her gezek hem ýygnakda goşmaça borçlary almak üçin gerekli häsiýetleri ösdürmäge jan edýär.

km 9/78 sah. 4, abz. 7

«Ýagşy edim-gylymy bilen abraý gazanýanlar»

7 Pawlus resulyň näme üçin «ýagşy edim-gylymy bilen abraý gazanýar» diýendigine düşünmek kyn bolmasa gerek. Ol bu aýatda buthanalarda ýokary wezipeleri eýeleýän adamlary däl-de, ýagşy işleri üçin Ýehowanyň we Isanyň patasyny, hormatyny, şeýle-de tutuş ýygnagyň goldawyna mynasyp bolan ýygnagyň hyzmatçylaryny göz öňünde tutdy. Sebäbi olar «Mesih Isa iman edýändigini batyrgaýlyk bilen gürrüň berýärler». Olar özlerine ynanylan borçlary wepaly ýerine ýetirýärler. Şeýdip, abraý gazanýarlar. Mundan başga-da, olar berk imany bilen tanalýar we imany hakda gorkman hem-de batyrgaý wagyz edýärler.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Nesil şejere»

Nesil şejere

Esasanam, Pawlus resulyň Timoteosa «nesil şejerelerden gaça durmagy» maslahat beren wagty şeýle zatlary öwrenmegiň we ara alyp maslahatlaşmagyň geregi ýokdy. Şol wagt nesil şejerelerini, adamyň kimiň neslinden gelip çykandygyny bilmek onçakly wajyp däldi. Sebäbi Hudaý ýehudylar bilen özge milletden bolan adamlaryň arasynda tapawut goýmaýardy (Gal 3:28). Mesihiň Dawudyň neslinden bolandygy eýýäm subut edilipdi. Şeýle-de Pawlusyň bu duýduryşy berenine biraz wagt geçende, Iýerusalim weýran edilýär. Şonda ýehudylaryň golýazmalary hem ýok edilýär. Hudaý olary gorap saklamandyr. Diýmek, Pawlusyň Timoteos we ýygnakdaky beýleki mesihçiler barada aladalanmagy örän ýerliklidi. Pawlus olaryň imanlaryny berkitmäge asla kömek etmeýän nesil şejereleri we adamyň kimiň neslinden gelip çykandygy ýaly zatlara biderek wagtyny sarp etmeklerini islemeýärdi. Mesihçiler üçin Mukaddes Ýazgylarda agzalýan esasy nesil şejere bu Isanyň Mesihdigini görkezýän nesil şejere bolup durýar. Ýazgylarda agzalýan beýleki nesil şejereler bolsa, Hudaýyň Sözündäki taryhy maglumatlaryň ynama mynasypdygyny subut edýär.

cl sah. 12, abz. 15

«Ine biziň Hudaýymyz!»

15 Diňe Ýehowa «ebedi Patyşa» diýilmäge mynasyp (1 Timoteos 1:17; Ylham 15:3). Bu nämäni aňladýar? Ýehowanyň ebediligini akyla sygdyrmak kyn hem bolsa, onuň başlangyjy-da ýok, soňy-da ýok. Zebur 90:2-de: «Sen... ezelden ebedä çenli barsyň, eý Hudaý» diýilýär. Diýmek, Ýehowanyň başlangyjy ýok, ol hemişede bardy. Ine, şonuň üçin Oňa «owaldan Bar Bolan» diýilmegi örän ýerlikli. Sebäbi Ol älem-jahan ýa-da hiç kim ýaradylmanka hem bardy (Danyýel 7:9, 13, 22). Eýsem, Ýehowanyň Älemiň Hökümdarydygyny inkär etmäge kimiň haky bar?

IÝUL 29—AWGUST 4

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TIMOTEOS 4—6

«Hudaýa wepaly ýaşamak — uly baýlykdyr»

w03 1/6 sah. 9, abz. 1, 2

Baryňyza kaýyl bolmagy öwreniň

Pawlus resul baryna kaýyl bolandygy üçin şatlyk hem kanagat tapyp ýaşaýardy. Baryňa kaýyl bolmak nämäni aňladýar? Bu zerur zatlaryňa kanagat etmek. Bu babatda Pawlus Timoteosa şeýle diýdi: «Dogrudan-da, baryňa kaýyl bolup, Hudaýa wepaly ýaşamak — uly baýlykdyr. Sebäbi biz dünýä inenimizde, hiç zat getirmedik, dünýäden ötenimizde-de, hiç zat äkidip bilmeris. Şeýlelikde, iýmäge, geýmäge zadymyz we ýaşara ýerimiz bar bolsa, biz muňa kaýyldyrys» (1 Timoteos 6:6—8).

Üns beren bolsaňyz, Pawlus baryňa kaýyl bolmagy Hudaýa gulluk etmek bilen baglanyşdyrýar. Ol hakyky bagtyň maddy zatlara we baýlyga däl-de, Hudaýa wepaly ýaşamaga baglydygyna, ýagny Hudaýa gulluk etmegi durmuşynda birinji orunda goýmalydygyna düşünýärdi. Pawlus iýmite we egin-eşige Hudaýa wepaly ýaşamaga kömek edýän zat hökmünde garaýardy. Şeýlelikde, Pawlus baryňa kaýyl bolup ýaşamagyň syryny öwrendim diýende, nähili kynçylyga düşsek-de, Ýehowa bil baglamalydygymyzy göz öňünde tutdy.

g 6/07 sah. 6, abz. 2

Baýlyga kowalaşmagyň netijesi nähili bolýar?

Elbetde, baýlyga kowalaşýan adamlaryň hemmesi öz janyny ýitirmeýär. Emma olar durmuşyň manysyny bilmeýär we ýaşaýşynyň biderek geçendigine düşünýärler. Eýsem, işinde ýa-da pul bilen bagly kynçylyklar sebäpli alada edip, gijelerini ukusyz geçirýän, kelle agyry we aşgazan ýarasyndan ejir çekýän adama bagtly diýip bolarmy? Bu zatlar adamyň ömrüni uzaltmaýar. Hatda adam durmuşda nämäniň wajypdygyna düşünäýende-de, käbir zatlary üýtgetmek eýýäm giç bolýar. Wagtyň köp bölegini baýlyga kowalaşyp geçirýän adam ýanýoldaşynyň ynamyndan gaçýar, çagalaryna duýgy taýdan we öz saglygyna zyýan ýetirýär. Bu zatlaryň käbirini düzedip bolsa-da, munuň üçin gaty köp tagalla etmeli bolýar. Görşümiz ýaly, baýlyga kowalaşýan adamlar «ençeme horluklara sezewar bolýarlar» (1 Timoteos 6:10).

g 11/08 sah. 6, abz. 4—6

Hakyky üstünligiň alty açary

Geçen makaladan görşümiz ýaly, hakyky üstünligiň açary baý bolmak diýýän adamlar, aslynda salgyma çapýarlar. Olar lapykeç bolýar we köp ejir çekýär, hatda maşgalasyndan hem-de dost-ýarlaryndan geçmeli bolýar. Käbir adamlar baýajak bolup, gijelerini ukusyz geçirýär, köp alada edýär we biynjalyk bolýar. Wagyz kitaby 5:11-de: «Az iýse-de, köp iýse-de, zähmetkeşiň ukusy süýjüdir. Emma baýyň baýlygy ony ukudan saklar» diýilýär.

Pul diňe bir zalym däl, eýsem, barypýatan aldawçy hojaýyn. Isa Mesih pula «aldawçy baýlyk» diýdi (Markus 4:19, çykgyt). Başgaça aýdanda, baýlyk bagtly etmegi wada berýär, ýöne etmeýär. Baýlyk adamy diňe has köp zat edinmäge iterýär. Wagyz kitaby 5:9-da: «Puly söýýän, puldan doýmaz» diýilýär.

Görşümiz ýaly, pula bolan söýgi betbagtçylyga, lapykeçlige we göwnüçökgünlige eltýär. Hatda adamy jenaýat işine iterýär (Süleýmanyň tymsallary 28:20). Emma hakyky üstünligiň we bagtyň açary jomartlyk, ýürekden bagyşlamak, ahlak taýdan arassa bolmak, söýgiňi bildirmek we ruhy taýdan berk bolmak.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

lv sah. 22, abz. 17

Ynsabyňy nädip päk saklap bilersiň?

17 Petrus resul: «Ynsabyňyzy päk saklaň» diýýär (1 Petrus 3:16). Ýehowa Hudaýyň öňünde päk ynsaply bolmak uly bereketdir. Häzirki adamlaryň köpüsinde şeýle ynsap ýok. Pawlus olaryň «ynsaplary tagma basylan ýaly hiç zady duýmaz» diýýär (1 Timoteos 4:2). Tagma salýan demir derini erbet ýakyp, ony ýaralaýar we ol hiç zady duýmaýar. Dogrudan-da, köp adamlaryň hem ynsaby öli, ýagny şeýle gatapdyr welin, hiç zady duýmaýar, hatda erbetlik barada duýdurmaýar, nägile-de bolmaýar, özüni günäli ýa utançly hasaplamaýar. Şol sebäpli köp adamlar ynsabyny ýitirip: «Gowy-da şol!» diýýärler.

it «Ýygnakda okamak»

Ýygnakda okamak

Mesihçiler ýygnagy. I asyrda Mukaddes Ýazgylaryň ýygyndysy köp adamlarda ýokdy. Şol sebäpli köpçülikde sesli okamak wajypdy. Pawlus resul ýazan hatlarynyň ýygnakda okalmagyny we olary başga ýygnaklara-da okamaklaryny tabşyrýar (Kol 4:16; 1Sl 5:27). Pawlus resul mesihçiler ýygnagyna gözegçi bellenen ýaş Timoteosa: «Ýygnakda okamagyňy, öwüt-ündew bermegiňi we öwretmegiňi dowam et» diýip maslahat berdi (1Tm 4:13).

Sesli okalanda säginmän, düşnükli okamalydy (Hab 2:2). Sesli okamak öwretmegiň bir usuly bolandygy üçin köpçülikde okaýan adam okaýan zadyna, ýagny awtoryň näme diýjek bolýandygyna gowy düşünmelidi. Ol pikir ýoýulmaz ýaly we diňleýjiler okalýan zadyň manysyna nädogry düşünmez ýaly ünsli bolmalydy. Ylham 1:3-de: «Pygamberlik sözlerini sesli okaýan, ony eşidýän we ondaky ýazylan zatlary berjaý edýän adam bagtlydyr» diýilýär.

mwb19.02 sah. 7

Ruhy taýdan ösüş etmeýän adam bilen okuw geçmegi bes edýäris

NÄME ÜÇIN WAJYP? Her bir adam halas bolmak üçin Ýehowanyň adyny çagyrmaly (Rm 10:13, 14). Ýöne Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänleriň hemmesi Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islemeýär. Biz Ýehowany razy etmek üçin durmuşyny özgertmek isleýän adamlara kömek edip, gymmatly wagtymyzy paýhasly ulanýarys. Okuw geçýän adam belli bir wagtdan soň ruhy taýdan ösüş etmese, Ýehowanyň özüne we guramasyna çekýän adamlaryna wagtymyzy paýhasly sarp edýäris (Ýah 6:44). Eger okuw geçýän adam wagtyň geçmegi bilen käbir özgerişikler edip, «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýändigini» görkezse, biz oňa höwes bilen ýene-de okuw geçip bileris (Res 13:48).

NÄDIP ETMELI?

• Okuw geçýäne dogry bilim almak isleýändigi üçin öwgüli sözleri aýdyň (1Tm 2:4).

• Öwrenýän zatlaryny ulanmagyň wajypdygyny nygtaň (Lk 6:46—49).

• Isanyň daýhan baradaky mysaly hakda mähirli pikir alşyň we ruhy taýdan ösmäge nämäniň päsgel berýändigini soraň (Mt 13:18—23).

• Okuw geçmegi näme sebäpden bes edýändigiňizi sypaýçylykly düşündiriň.

• Ony ruhlandyrmak üçin wagtal-wagtal geljekdigiňizi we ruhy taýdan ösüş etse, okuwy dowam etjekdigiňizi aýdyň.

[Çykgyt]

a Bir sözlükde şeýle diýilýär: «Paregoria diýen söz agyryny köşeşdirýän derman diýmegi aňladýar» («Vine’s Complete Expository Dictionary of Old and New Testament Words»).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş