Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Petrus resul ýaly tutanýerli boluň!
    Garawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Sentýabr
    • 1. Petrus Isanyň eden gudratyny görüp özüni nähili duýdy?

      PETRUS balyk tutmak üçin bütin gijesini deňizde geçirdi, emma ýekeje balyk hem tutup bilmedi. Şol wagt Isa pygamber Petrusa: «Deňziň çuň ýerine ýüzüp, torlaryňy taşla» diýdi (Luka 5:4). Petrus ökde balykçydy, şol sebäpli balygyň tora düşmejegine gözi ýetip durdy. Ýöne Isanyň aýdyşy ýaly etdi welin, köp balyk düşdi, tory ýyrtylara geldi. Petrus beýleki balykçylary kömege çagyrdy. Olar tora köp balygyň düşendigini görüp haýran galdylar. Şonda Petrus Isanyň öňünde dyza çöküp: «Halypam, men bir günäli adam, ýanyňda ýöremäge mynasyp däl» diýdi (Luka 5:6—9). Hawa, Petrus özüni Isanyň şägirdi bolmaga mynasyp görmedi.

      2. Petrus bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

      2 Petrus özüniň «günäli adamdygyny» boýun aldy. Mukaddes Kitapda onuň ençeme sapar oýlanman gepländigi we howlukmaç hereket edendigi, soňra bolsa ökünendigi aýdylýar. Sizem: «Wah, şuny aýtmaly däl ekenim, şeýle etmeli däl ekenim» diýip puşman edipdiňizmi? Onda Petrusyň başdan geçiren wakalary size kömek eder. Ýehowa Mukaddes Kitaba Petrus resulyň eden ýalňyşlaryny ýazdyrman hem bilerdi, emma biziň sapak edinmegimiz üçin ýazdyrdy (2 Tim. 3:16, 17). Petrus resulyň wakasy Ýehowanyň bizden kämillige garaşmaýandygyna düşünmäge kömek edýär. Gökdäki Atamyz biziň käte ýalňyşlyk goýberjekdigimizi bilýär, ýöne Ol biziň ýan bermän göreşmegimizi we tutanýerli bolmagymyzy isleýär.

  • Petrus resul ýaly tutanýerli boluň!
    Garawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Sentýabr
    • Petrus balykdan doly tory görende haýran galýar. Balygyň köplüginden ýaňa gaýyk suwa çümüp barýar. Isa Petrusy ünsli diňleýär.

      Siz Petrusyň ýerine bolan bolsaňyz näme ederdiňiz? (4-nji abzasa serediň).

      4. Luka 5:5—10-njy aýatlarda Isa Petrusa näme diýdi we näme üçin?

      4 Petrus Isa pygambere: «Men bir günäli adam» diýýär. Mukaddes Kitapda onuň näme üçin şeýle diýendigi hakda hiç zat aýdylmaýar (Luka 5:5—10-njy aýatlary okaň). Belki-de, Petrus geçmişde eden ýalňyşlaryny ýatlap, özüni Isa pygamberiň şägirdi bolmaga mynasyp gören däldir. Isa Petrusyň özüni ynamsyz duýýandygyny bilen bolmaly, ýöne onuň Hudaýa wepaly boljagyna şübhelenmeýärdi. Şol sebäpli oňa mähir bilen: «Gorkma» diýdi. Isa pygamberiň aýdan sözleri Petrusa özüni ynamly duýmaga we aýgytly ädimleri ätmäge kömek etdi. Şeýlelikde, Petrus bilen dogany Andreas düşewüntli kärini, ýagny balyk tutmagy goýup, Isanyň şägirdi boldular we köp bereketler aldylar (Mar. 1:16—18).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş