Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 51 sah. 126—sah. 127 abz. 9
  • Doglan günde bolan pajygaly waka

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Doglan günde bolan pajygaly waka
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ähli baýramçylyklar Hudaýa ýaraýarmy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 51 sah. 126—sah. 127 abz. 9
1. Salomi Hirodesiň doglan gününde tans edýär; 2. Salomi suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesini Hirodiýa getirip berýär

51-NJI BAP

Doglan günde bolan pajygaly waka

MATTA 14:1—12; MARKUS 6:14—29; LUKA 9:7—9

  • HIRODES SUWA ÇÜMDÜRÝÄN ÝAHÝANYŇ KELLESINI ALDYRÝAR

Resullar Jelilede wagyz edip ýörkä, Isany suwa çümdüren adam tussaglykdady. Hawa, suwa çümdürýän Ýahýanyň türmede oturanyna eýýäm iki ýyl bolup barýardy.

Ýahýa Hirodes (Antipas) patyşanyň öweý dogany Filipusyň aýalyna, ýagny Hirodiýa öýlenip, nädogry iş edendigini açyk aýdýar. Hirodes oňa öýlenmek üçin birinji aýaly bilen aýrylyşypdy. Ol Musanyň kanunyna eýerip ýaşaýaryn diýse-de, onuň bu eden işi zyna hasaplanýardy. Hirodes Ýahýanyň aýdan sözleri üçin, ony türmä basdyrýar. Ol muny Hirodiýanyň gepine gidip eden bolmaly.

Hirodes Ýahýany näme etjekdigini bilmeýärdi, sebäbi «adamlar Ýahýany pygamber hasaplaýardylar» (Matta 14:5). Emma Hirodiýanyň etjegi içindedi. Ol «Ýahýany ýigrenýärdi» we ony öldürtmek üçin amatly pursat peýläp ýördi (Markus 6:19). Ahyry, şeýle mümkinçilik döreýär.

B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramçylygy golaýlaýardy. Hirodes patyşa doglan güni mynasybetli meýlis gurnaýar. Oňa ýokary wezipeli adamlar, goşun serkerdeleri we Jeliläniň atly-abraýly adamlary gelýärler. Baýramçylykda Hirodiýanyň Filipusdan bolan gyzy, ýagny Salomi myhmanlar üçin tans edýär. Onuň tans edişi gelen adamlaryň göwnünden turýar.

Hirodes doglan gününde Salominiň eden tansyndan hoşal bolýar

Hirodes öweý gyzyndan göwni hoş bolup, oňa: «Islän zadyňy sora, men saňa bererin» diýýär. Soňra: «Näme isleseň, hatda patyşalygymyň ýarysyny dileseňem, bererin» diýip ant içýär. Gyz başda ejesiniň ýanyna baryp: «Näme soraýyn?» diýýär (Markus 6:22—24).

Ine-de, Hirodiýanyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan pursady gelip ýetdi! Ol säginmän: «Suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesini» diýip jogap berýär. Salomi şol bada Hirodesiň ýanyna barýar-da: «Maňa häziriň özünde suwa çümdürýän Ýahýanyň başyny bir tabakda getirip bermegiňi isleýärin» diýýär (Markus 6:24, 25).

Hirodes muňa gaty gynanýar. Ýöne myhmanlar onuň Salomä beren sözüni eşidipdiler. Şol sebäpli ol sözünde durmak üçin bigünä adamy öldürmäge razylaşýar. Şeýlelikde, Hirodes garawuly erbet buýruk bilen iberýär. Biraz wagtdan garawul bir tabakda Ýahýanyň kellesini getirýär. Ol tabagy Salomä, ol hem ony ejesine eltip berýär.

Ýahýanyň şägirtleri muny eşidende, onuň jesedini alýarlar-da, gidip jaýlaýarlar. Soňra bolan wakany Isa gürrüň berýärler.

Biraz wagtdan Hirodes Isanyň syrkawlary sagaldýandygyny we jynlary kowup çykarýandygyny eşidip, howsala düşýär. Hirodes eger Isa şeýle işleri edýän bolsa, onda bu adam suwa çümdürýän Ýahýa we ol «ölümden direlipdir» diýip pikir edýär (Luka 9:7). Şondan soň Hirodes Antipas Isany görmegiň küýüne düşýär. Elbetde, ol Isanyň wagzyny diňlemek üçin ony görmek isleýär diýip bolmaz. Aslynda, ol Isanyň Ýahýamy ýa Ýahýa däldigini anyklamakçydy.

  • Suwa çümdürýän Ýahýany näme üçin türmä basýarlar?

  • Hirodiýa Ýahýany öldürmek üçin näme edýär?

  • Ýahýa ölenden soň, Hirodes Antipas näme üçin Isany görmek isleýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş