-
Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
1, 2. Merýemiň ýoldaky ýagdaýyny we oňa ýola çykmagyň näme üçin kyn bolandygyny gürrüň ber.
MERÝEM birnäçe sagatlap zordan eşegiň üstünde otyr. Ýusup bolsa, onuň öňünden ýöräp barýar. Olaryň barmaly ýeri Beýtullaham gaty uzakdy. Merýem göwresindäki çagasynyň ýene-de gymyldaýandygyny duýýar.
2 Merýemiň göwreli bolanyna birnäçe aý bolupdy. Mukaddes Ýazgylarda onuň şol wagt «tizden çagasy bolmalydy» diýilýär (Luka 2:5). Bu är-aýal ekin meýdanlaryň üstünden geçip gidende, ýer sürüp ýa-da ekin ekip ýören daýhanlar Merýemiň şeýle halda ýola çykandygyny görüp, geň galandyr. Merýem näme üçin Nazaretde öýünde oturman, uzak ýola düşdükä?
-
-
Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
7 Muňa garamazdan, Luka Ýusubyň «ilat ýazuwyndan geçmek üçin ýany bilen aýaly Merýemi hem alyp gidendigini» aýdýar (Luka 2:4, 5). Merýem Ýusuba durmuşa çykansoň, özbaşdak karara gelip bilmeýärdi. Ýusup maşgalabaşy bolany üçin, Merýem onuň gelýän kararlaryny goldap, kömekçi hökmünde Hudaýyň beren borjuny ýerine ýetirdib. Şeýlelik-de, Merýem ýoldaşyna höwes bilen gulak asyp, imanyny iş ýüzünde görkezdi.
-