-
Mesihçi gelin-gyzlary goldalyňGarawul diňi — 2020 | Sentýabr
-
-
Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, uýalarymyzyň aladasyny edýäris (6—9-njy abzaslara serediň).e
6. Luka 10:38—42-nji aýatlara görä, Isa pygamber Marta bilen Merýeme nädip kömek etdi?
6 Isa uýalaryň hak dostudy, olar üçin wagtyny gaýgyrmazdy. Ýadyňyzda bolsa, Isa Lazar we onuň doganlary Marta, Merýem bilen dostlaşdy. Marta-da, Merýem-de durmuşa çykmadyk bolmaly (Luka 10:38—42-nji aýatlary okaň). Isa hiç kimi oňaýsyz ýagdaýa salmaýardy, şol sebäpli Marta we Merýem onuň bilen gürrüňdeş bolmagy halaýardy. Merýem şägirtler ýaly Isanyň ýanynda oturmaga utanmaýardyc. Marta bolsa Merýemiň kömekleşmändigi üçin nägileligini Isa aýtmaga çekinmedi. Isa olaryň ikisine-de maslahat berdi. Isa olara myhmançylyga barardy, sebäbi olary dogany ýaly gowy görýärdi (Ýah. 12:1—3). Bir güni Lazar ölüm ýassygynda ýatyrka, Marta bilen Merýem Isany çagyryp, kömek etmegini haýyş etdiler (Ýah. 11:3, 5).
-
-
Mesihçi gelin-gyzlary goldalyňGarawul diňi — 2020 | Sentýabr
-
-
c Bir sözlükde şeýle diýilýär: «Gadymy döwürlerde şägirtler mugallymyň aýagynyň ýanynda oturyp tälim alardylar. Şeýdip, olar mugallym bolmak isleýändigini görkezýärdiler. Emma aýallara mugallym bolmak gadagandy... Şol sebäpli ýehudylar Merýemiň Isanyň aýagynyň ýanynda oturyp, ünsli diňleýşini geň gören bolmaly».
-