-
Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
10 Merýem bilen Ýusup oba gelende, ol ýerde adam örän köpdi. Başga adamlar ilat ýazuwyndan geçmäge olardan öň gelendigi sebäpli, olar myhmanhanada ýer tapmadylarc. Şol sebäpli olar alaçsyz malýatakda gije düşlemeli boldular. Göz öňüne getir, Ýusup aýalynyň öň hiç haçan şeýle agyryny duýmadyk we gitdigiçe güýçlenýän hasratyny görüp, nähili alada edendir. Hut şu ýerde-de onuň burgusy tutup başlaýar.
11. a) Merýemiň ýagdaýyna näme üçin her bir aýal düşüner? b) Näme üçin Isa «ilkinji» doglan ogul diýilýär?
11 Merýemiň ýagdaýyna her bir aýal düşünse gerek. Takmynan dört müň ýyl mundan öň, Ýehowa ähli aýallaryň çaga dogranda günä sebäpli ejir çekjekdigini öňünden aýdypdy (Gel. çyk. 3:16). Merýemiň hem ejir çekendigine hiç hili şübhe ýok. Emma Luka bu barada jikme-jik aýtmaýar. Luka diňe: «Ol ilkinji ogluny dogurdy» diýýär (Luka 2:7). Hawa, ol Merýemiň azyndan ýedi çagasynyň «ilkinjisi» bolup dünýä inýär (Mar. 6:3). Emma onuň bu ogly beýlekilerden tapawutlanýardy. Ol diňe Merýemiň ilkinji ogly däl-de, eýsem, Ýehowanyň «ähli ýaradan zatlarynyň ilkinjisi», ýagny Hudaýyň ýalňyz Ogludy! (Kol. 1:15).
12. Merýem çagasyny nirede ýatyrdy we bu Isanyň dogluşy hakyndaky sahnalardan, şekillerden hem-de suratlardan nähili tapawutlanýar?
12 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda bütin dünýäde ähli adamlara belli bolan waka barada aýdylýar. Onda: «Ol ilkinji ogluny dogrup, gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy» diýilýär (Luka 2:7). Bu Isanyň dogluşy hakyndaky sahnalarda, şekillerde we suratlarda owadan edip görkezilýär. Aslynda, malýatagyň nähili bolandygyny göz öňüne getir. Ahyrdan mallar iýmitlenýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, Merýem bilen Ýusup malýatakda düşläpdi. Ol ýer bolsa hemişe hapa we ondan ýaramaz ys gelýär. Haýsy ene-ata mümkinçiligi bolsa, çagasynyň şeýle ýerde dünýä inmegini islärdi? Ene-atalaryň köpüsi çagasyna iň gowy zady isleýär. Onda Merýem bilen Ýusup Hudaýyň Ogly üçin has gowusyny islemezdimi?!
13. a) Merýem bilen Ýusup ýagdaýyna görä, nädip elinde baryny etdiler? b) Häzirki ene-atalar Merýem bilen Ýusubyň garaýşyna nädip eýerip biler?
13 Merýem bilen Ýusup ýaramaz şertlere üns bermän, elinde baryny edýärler. Mysal üçin, Merýem çagasyny gundaga dolap, üşemezligi hem-de oňa zyýan ýetmezligi üçin usullyk bilen ahyrda ýatyrýar. Ol ýaramaz şertler sebäpli biynjalyk bolman, oglunyň aladasyny has gowy etmäge çalyşýar. Şeýle-de Merýem bilen Ýusup çagasyna Ýehowany söýmegi öwretmegiň wajypdygyna düşünýärdi (Kanun taglymaty 6:6—8-nji aýatlary oka)d. Häzirki paýhasly ene-atalaram şeýle garaýyşda bolup, hudaýsyz dünýäde çagalaryna ruhy taýdan ösmäge kömek edýär.
-
-
Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
c Şol döwür şäherlerde ýolagçylara we täjirlere gije ýatar ýaly ýer bermek adaty zat bolupdyr.
-