-
«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»Garawul diňi — 2015 | 15 iýul
-
-
2. B. e. 66-njy ýylynda mesihçiler näme etmelidiler we nädip?
2 Rim goşuny gelmezinden birnäçe ýyl öň, Isa şeýle duýdurýar: «Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň. Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin» (Luka 21:20, 21). Siz Iýerusalimiň daş-töweregini gurşap alan goşundan nädip gutulyp bilersiňiz? Haýran galaýmaly, Rim goşuny siziň gözüňiziň alnynda yza çekilýär. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, olaryň hüjüm edýän günleri «gysgaldyldy» (Mat. 24:22). Siz hem derrew Isanyň duýduryşyna gulak asyp, şäherdäki we onuň daş-töweregindäki mesihçiler bilen bilelikde Iordan derýasyndan geçip, daglara tarap gaçýarsyňyza. B. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny Iýerusalimi basyp alýar we şäher weýran edilýär. Emma siz Isanyň duýduryşyna gulak asandygyňyz üçin halas bolýarsyňyz.
-
-
«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»Garawul diňi — 2015 | 15 iýul
-
-
SYNAG WE HÖKÜM DÖWRI
7, 8. Ýalan dinler ýok edilenden soň nähili mümkinçilik bolar we Hudaýa wepaly adamlar näme eder?
7 Ýalan din ýykylandan soň näme bolar? Şol wagt biziň ýüregimiziň nähilidigini aýan eder. Köp adamlar «daglaryň gaýalaryna» meňzedilýän ynsan guramalaryndan gorag gözlärler (Ylh. 6:15—17). Emma mesihçiler Ýehowany pena edinerler. I asyrda bolan asudalyk döwri ýehudylaryň ählisi hakykaty kabul etmediler. Asudalyk döwri mesihçilere Isanyň duýduryşyna gulak asyp, hereket etmegiň tüýs wagtydy. Şonuň ýaly-da, tiz wagtdan boljak uly muşakgatyň asudalyk döwründe köp adamlar hakykaty kabul eder diýip pikir etmek nädogry bolar. Aslynda, şol wagt mesihçilere Ýehowany söýýändigini subut etmäge we Mesihiň doganlaryny goldamaga mümkinçilik bolar (Mat. 25:34—40).
8 Biz synag döwründe nähili wakalaryň boljakdygyny anyk bilmesek-de, käbir zatlardan geçmeli boljakdygymyza düşünýäris. I asyrdaky mesihçilerem halas bolmak üçin, ähli zadyny goýup, kynçylyklara döz gelmeli boldular (Mar. 13:15—18). Bizem wepaly galmak üçin maddy zatlarymyzdan geçmäge taýynmy? Şeýle-de biz Ýehowa wepalylygymyzy subut etmek üçin, onuň talaplaryny berjaý ederismi? Bu soraglar barada oýlanmak wajyp. Şonda hiç kim Ýehowa gulluk etmese-de, Danyýel pygamberiň göreldesine eýerip, biz kynçylyklara garamazdan, Hudaýa gulluk ederis (Dan. 6:10, 11).
-