-
Okyjylaryň sowallaryGarawul diňi — 2018 | Noýabr
-
-
Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi resullaryna imandaşlarynyň arasynda özlerini ýokary tutmaly däldigini ündedi. Ol şeýle diýdi: «Milletleriň patyşalary olara agalyk edýär, ygtyýarly adamlar hem özlerine haýyr-sogap ediji diýýär. Ýöne siziň araňyzda beýle bolmaly däl» (Luka 22:25, 26).
-
-
Okyjylaryň sowallaryGarawul diňi — 2018 | Noýabr
-
-
Onda Isa şägirtlerine «ýöne siziň araňyzda beýle bolmaly däl» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Ol şägirtlerine adamlaryň asla aladasyny etmeli däldigini aýtdymy? Elbetde, ýok. Isa göz üçin jomartlyk bildirýän adamlary göz öňünde tutupdy.
Isanyň günlerinde käbir baý adamlar at-abraý gazanmak üçin sahnalary, meýdançalarda her dürli oýunlary gurnaýardy, seýilgähleri, ybadathanalary gurýardy we şuňa meňzeş işleri goldaýardy. Ýöne olar bu işleri şan-şöhrat gazanmak, meşhur bolmak we adamlaryň olary saýlamagy üçin edýärdiler. Bir maglumatda şeýle diýilýär: «Haýyr-sogap edijileriň arasynda ýürekden jomartlyk bildirýänler bolsa-da, olar köplenç öz peýdasyny gözläp, ýagşylyk edýärdiler». Ine, şonuň üçin Isa şägirtlerine şeýle garaýyşdan we öz peýdaňy gözlemekden gaça durmalydygyny öwretdi.
Birnäçe ýyldan soň, Pawlus resulam bu wajyp hakykaty, ýagny dogry niýet bilen jomartlyk bildirmelidigini nygtady. Ol Korinfdäki imandaşlaryna: «Goý, her kes höwessiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de, ýüreginde niýetlän zadyny bersin. Sebäbi Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir» diýip ýazdy (2 Kor. 9:7).
-