Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/4 sah. 30—32
  • Ýahýanyň Hoş habaryndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýahýanyň Hoş habaryndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • «INE... HUDAÝYŇ GUZUSY»
  • (Ýahýa 1:1—11:54)
  • «ONUŇ YZYNA DÜŞÜŇ»
  • (Ýahýa 11:55—21:25)
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/4 sah. 30—32

Ýehowanyň Sözi diri

Ýahýanyň Hoş habaryndan peýdaly pikirler

ISANYŇ durmuşy we gullugy barada iň soňky sapar ýazan adam «Isanyň gowy görýän şägirdi» Ýahýady (Ýahýa 21:20). Ýahýa Hoş habaryny takmynan b. e. 98-nji ýylynda ýazyp gutarýar. Ol Matta, Markus we Lukanyň ýazan wakalaryny gaýtalap ýazmady diýse bolar.

Ýahýa Hoş habaryny aýratyn bir maksat bilen ýazýar. Ol maksadyny şeýle beýan etdi: «Bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy» (Ýahýa 20:31). Onuň habary biziň üçin gymmatlydyr (Ýew. 4:12).

«INE... HUDAÝYŇ GUZUSY»

(Ýahýa 1:1—11:54)

Çokundyryjy Ýahýa Isany görüp, ynam bilen: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi (Ýahýa 1:29). Isa Samariýany, Jeliläni, Ýahudany we Iordan derýasynyň gündogar taraplaryny aýlanyp, hoş habary wagyz edip, öwredýär we uly alamatlyr görkezýär, onuň ýanyna gelen köp adamlar iman edýär (Ýahýa 10:41, 42).

Isa Lazary direldip, uly gudratlarynyň birini görkezdi. Adamlaryň köpüsi dört günläp öli ýatan adamyň direlenini görüp, Isa iman etdiler. Emma baş ruhanylar we fariseýler bolsa, Isany öldürmegi ýüregine düwdüler. Şonuň üçin Isa «çöllügiň gyrasyndaky Efraim diýilýän şähere gitdi» (Ýahýa 11:53, 54).

Sowallaryň jogaby:

1:35, 40 — Çokundyryjy Ýahýanyň ýanynda Andreasden başga ýene-de kim durdy? Hoş habarçy hemişe Ýahýa Çokundyryja ýöne Ýahýa diýýärdi, öz adyny bolsa hiç haçan ýazmaýardy. Diýmek, Andreasyň ýanynda hoş habarçy Ýahýa durdy.

2:20 — Haýsy «ybadathana kyrk alty ýylda salyndy»? Ýehudylar Hirodes patyşanyň dikelden Zerubabel ybadathanasy barada aýdýardylar. Bu dikeldiliş işi taryhçy Iosif Flawiniň aýtmagyna görä, b. e. öň 18-17-nji ýyllarda, ýagny Hirodes patyşanyň hökümdarlygynyň on sekizinji ýylynda başlandy. Ybadathana we onuň esasy binalary sekiz ýylyň içinde dikeldildi. Emma ybadathananyň gurluşyk işleri b. e. 30-njy ýylynyň Pasha baýramyndan soň hem dowam edýärdi. Şol wagt hem ýehudylar Isa ybadathana kyrk alty ýylda salyndy diýdi.

5:14 — Adam eden günäsi üçin kesellärmi? Ýok. Isanyň sagaldan adamy bikämilligi sebäpli otuz sekiz ýyllap syrkawdy (Ýahýa 5:1—9). Isanyň aýtmagyna görä, ol sagalandan soň gutulyş ýolundan ýöremelidi we oňa has beter zat bolmaz ýaly, bilgeşleýin günä etmeli däldi. Eger ol bagyşlanmaýan günä etse, direlişe umyt bermeýän ölüme mynasyp bolardy (Mat. 12:31, 32; Luka 12:10; Ýew. 10:26, 27).

5:24, 25 — «Ölümden ýaşaýşa göçenler» diýip, kimler barada aýdylýar? Isa ruhy taýdan öli bolan, emma onuň sözlerini eşidip, iman eden we günäli ýolundan dolanan adamlar barada aýtdy. Bu adamlar Hudaýa iman edendikleri üçin ölüm höküminden gutular we ebedi ýaşaýşa umyt edip, «ölümden ýaşaýşa göçer» (1 Pet. 4:3—6).

5:26; 6:53 — «Özünde ýaşaýyş bolmak» diýen jümle nämäni aňladýar? Isa üçin bu Hudaýdan iki ukyby almagy aňladýar. Birinjiden, Ýehowanyň öňünde adamlara gowy at gazanmaga kömek etmek, ikinjiden, olary direldip, ýaşaýyş bermek. Isanyň şägirtleri üçin bolsa «özünde ýaşaýyş bolmak» bu doly manyda ýaşaýşy almagy aňladýardy. Mesh edilen mesihçiler gökdäki sylagyny alanda, şeýle ýaşaýşa ýeterler. Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler bolsa, Isanyň müň ýyl hökümdarlykgynyň soňunda synalyp, şeýle ýaşaýşy alarlar (1 Kor. 15:52, 53; Ylh. 20:5, 7—10).

6:64 — Isa Iuda Iskarioty resul edip saýlanda, onuň haýynlyk etjekdigini bilýärmidi? Ýok, bilmeýärdi. Emma b. e. 32-nji ýylynda Isa şägirtlerine: «Siziň biriňiz şeýtan» diýdi. Şol wagt Isa Iuda Iskariotda erbet niýetiniň «döräp başlandygyna» üns beren bolmaly (Ýahýa 6:66—71).

Biziň üçin sapak:

2:4. Isa suwda çokundyrylan hem-de mesh edilen Hudaýyň ogly hökmünde gökdäki Atasyndan görkezme almalydygyna Merýeme düşündirdi. Isa gullugyna ýaňy başlan bolsa-da, berlen ýumşy haçan berjaý etmelidigini we haçan janyny gurban bermelidigini ýadyndady. Merýem ýaly maşgala agzalary oňa Hudaýyň islegini berjaý etmäge päsgel bermeli däldi. Bizem edil şonuň ýaly, Ýehowa Hudaýymyza gulluk etmeli.

3:1—9. Biz ýehudylaryň başlygy Nikodimosyň mysalyndan iki sapak edinip bileris. Birinjiden, Nikodimos kiçigöwünli, düşgür we ruhy taýdan mätäçligini görkezip, agaç ussasynyň ogly Hudaýyň ýollan mugallymydygyna ynandy. Şu günler hem mesihçiler kiçigöwünli bolmaly. Ikinjiden, Nikodimos Isa ýerde ýaşan wagty onuň şägirdi bolmady. Belki, ol adamlardan gorkup, mejlisdäki wezipesini ýitirmekden gorkandyr ýa-da baýlygy söýendir. Biz mundan ähmiýetli sapak edinip bileris. Bizi «haçymyzy alyp» Isanyň yzyna düşmekden hiç zat saklamaly däl (Luka 9:23).

4:23, 24. Biz Hudaýa dogry sežde etmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky hakykata görä Ýehowa hormat goaýmaly we mukaddes ruhuň görkezmesine eýermeli.

6:27. «Ebedi ýaşaýşa çenli galýan iýmit üçin çalyşmak» bu ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak üçin tagalla etmegi aňladýar. Biz şeýle etsek, bagtly bolarys (Mat. 5:3).

6:44. Ýehowa her birimiziň aladasyny edýär. Ol wagyz arkaly bizi Ogluna çekýär hem-de mukaddes ruhy arkaly hakykata düşünmäge we şoňa görä ýaşamaga kömek edýär.

11:33—36. Aglamak ejizligi aňlatmaýar.

«ONUŇ YZYNA DÜŞÜŇ»

(Ýahýa 11:55—21:25)

B. e. 33-nji ýyly dowam edýär. Pasha baýramy ýetip gelýär we Isa Beýtaniýa barýar. Ol Nisan aýynyň 9-yna Iýerusalime taýhara münüp girýär. Isa Nisan aýynyň 10-ynda bolsa, ýene-de ybadathana bardy. Ol Atasynyň adynyň şöhratlanmagy barada doga edende, gökden: «Men adymy hem şöhratlandyrdym, hem-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi (Ýahýa 12:28).

Pasha naharyny iýip otyrkalar, Isa şägirtlerine öwüt-nesihat berip, olar üçin doga edýär. Şondan soň ony tussag edýärler, höküm çykaryp, pürsde öldürýärler, şondan soň Isa direlýär.

Sowallaryň jogaby:

14:2 — Isa gökde wepaly şägirtlerine nädip «ýer taýýarlamalydy?» Isa döken ganynyň bahasyny gökde Hudaýa hödürläp, täze ähti güýje girizmelidi. Şeýle-de ol Patyşalyk tagtynda oturandan soň, mesh edilen şägirtler gökde direlip başlamalydy (1 Sel. 4:14—17; Ýew. 9:12, 24—28; 1 Pet. 1:19; Ylh. 11:15).

19:11 — Isa Pilatusa seniň eliňe meni beren adam diýende, Iuda Iskarioty göz öňünde tutdymy? Isa diňe Iudany ýa-da başga bir adamy däl-de, onuň ölümine günäkär bolan ähli adamlary göz öňünde tutan bolmaly. Olara «baş ruhanylar we bütin mejlis», hatda Barrabasy boşatmagy talap eden, baş ruhanylar tarapyndan yrlan «halk» hem degişlidi (Mat. 26:59—65; 27:1, 2, 20—22).

20:17 — Isa näme üçin Merýeme maňa galtaşma diýdi? Merýem Isa göge galsa, ony hiç haçan görüp bilmerin öýdüp, oňa berk ýapyşan bolmaly. Isa Merýeme maňa galtaşma, git-de, direlendigimi şägirtlerime aýt diýmegi bilen, entek göge gitmeýändigine ony ynandyrjak boldy.

Biziň üçin sapak:

12:36. Biz «Nuruň ogullary» bolmak ýa-da nury ýaýratmak üçin Mukaddes Ýazgylardan dogry bilim almaly. Şeýle-de bize ruhy tümlükde gezýän adamlara bilim berip, olary Hudaýyň nuruna çykarmak wajypdyr.

14:6. Hudaýyň merhemetini diňe Isa Mesih arkaly gazanyp bolar. Ýehowa ýakynlaşmak üçin biz Isa iman etmeli we onuň göreldesine eýermeli (1 Pet. 2:21).

14:15, 21, 23, 24; 15:10. Biz Hudaýyň islegini berjaý etsek, Onuň we Oglunyň söýgüsinde galmaga kömek eder (1 Ýahýa 5:3).

14:26; 16:13. Ýehowanyň mukaddes ruhy bizi öwredýär hem-de oň öwrenen zadymyzy bize ýatladýar. Diýmek, ol bilimde, paýhaslylykda, düşgürlikde ösmäge kömek edýär. Şonuň üçin biz dogada mukaddes ruhy dilemeli (Luka 11:5—13).

21:15, 19. Isa Petrusdan «bulardan» meni artyk söýärmiň diýip soranda, balyklary göz öňünde tutdy. Isa şeýle diýmek bilen, Petrusa ähli wagtyny wagyz gullugyna ýa-da balyk tutmaga sarp etmegi saýlamalydygyny nygtady. Ýahýanyň hoş habary, goý, sizi Isany bütin janyňyz bilen söýmäge höweslendirsin hem-de muňa ýüregiňize ýakymly zatlar päsgel bermesin. Geliň, Isanyň yzyna düşmegi dowam edeliň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş