-
Adam ölensoň näme bolýar?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
3. Ölüm baradaky hakykat
Adam ölensoň näme bolýandygy barada dürli-dürli ynançlar bar. Şol ynançlaryň ählisine dogry diýip bolmaz.
Ýaşaýan ýeriňde adam ölensoň näme bolýandygy barada näme diýilýär?
Şu hakda Mukaddes Kitapda näme diýilýändigi barada WIDEONY görüň.
Nesihat 3:20-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Adam ölensoň näme bolýan eken?
Adam ölensoň ruhy çykyp ýaşaýarmy?
Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň dosty Lazaryň ölümi barada aýdylýar. Ýahýa 11:11—14-nji aýatlary okap, Isanyň ölen dostunyň ýagdaýy hakda biliň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa ölümi näme bilen deňeşdirdi?
Ölüm uky bilen deňeşdirilýän bolsa, onda ölüleriň ýagdaýy nähili bolýarka?
Mukaddes Kitapda ölüm barada aýdylanlary dogry hasaplaýarmyň?
-
-
Dogan-garyndaşlaryň direler!Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
4. Isa ölen adamlary direldip bilýär
Isanyň dosty Lazary direldişi hakda okaň. Ýahýa 11:14, 38—44-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Lazaryň hakykatdanam ölendigini nämeden bilse bolýar? (39-njy aýada serediň).
Eger Lazar ölensoň jennete düşen bolsa, Isa ony ýer ýüzüne gaýtaryp getirerdimi?
-