Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowa «çydamlylyk bilen hasyl getirýänleri» söýýär
    Garawul diňi — 2018 | Maý
    • 7. a) Mysalda agzalýan bagban, üzüm agajy we şahalar kimi aňladýar? b) Biz haýsy soragyň jogabyny bilmek isleýäris?

      7 Ýahýa 15:1—5, 8-nji aýatlary okaň. Isanyň resullaryna aýdan sözlerine üns beriň: «Siz köp miwe getirip, meniň şägirdimdigiňizi subut etseňiz, Atam şöhratlanar». Isa Ýehowany «bagbana», özüni «hakyky üzüm agajyna», şägirtlerini bolsa onuň «şahalaryna» meňzetdib. Onda Mesihiň şägirtleri nähili miwe getirmeli? Isa mysalda şol miwäniň nämedigini açyk aýtmady. Emma ol onuň nämedigine düşünmäge kömek edýän käbir jikme-jiklikleri agzady.

      8. a) Miwe bermek näme üçin täze şägirt taýýarlamagy aňlatmaýar? b) Ýehowa bizden näme talap edýär?

      8 Isa Atasy barada: «Ol mendäki miwe bermeýän her bir şahany kesip taşlaýandyr» diýdi. Başgaça aýdanyňda, diňe miwe berenimizde, Ýehowa bizi öz gullukçysy hasaplaýar (Mat. 13:23; 21:43). Şägirt taýýarlamak hormatly iş bolsa-da, mysaldan görnüşi ýaly, her bir mesihçiniň miwe bermegi onuň täze şägirt taýýarlajakdygyny aňlatmaýar (Mat. 28:19). Şeýle ýagdaýda adamlaryň hoş habary känbir diňlemeýändigi üçin şägirt taýýarlap bilmeýän wepaly dogan-uýalar Isanyň mysalyndaky miwe bermeýän şahalar ýaly bolardy. Ýöne şeýle netijä gelmek nädogry bolar. Näme üçin? Sebäbi biz adamlary Mesihiň şägirdi bolmaga mejbur etmeýäris we bu Ýehowanyň söýgüsine garşy gelerdi. Ol gullukçylaryndan başarmaýan zadyny talap edip, soňra bolsa munuň üçin olary höküm etmeýär. Aslynda, Ýehowa hiç haçan bizden başarmaýan zadymyzy talap etmeýär (Kan. tag. 30:11—14).

      9. a) Haýsy iş bize «miwe bermäge» mümkinçilik berýär? b) Biz haýsy mysala serederis we näme üçin?

      9 Onda biziň getirmeli miwämiz näme? Mysaldaky miwe her birimiziň başarýan işimizi aňladýar. Eýsem, haýsy iş bize «miwe bermäge» mümkinçilik berýär? Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmekc (Mat. 24:14). Muny Isanyň daýhan mysaly hem tassyklaýar. Geliň, Isanyň aýdan ikinji mysalyna seredeliň.

  • Ýehowa «çydamlylyk bilen hasyl getirýänleri» söýýär
    Garawul diňi — 2018 | Maý
    • b Mysalda agzalýan «şahalar» gökde ýaşajak mesh edilen mesihçilere degişli bolsa-da, bu mysaldan Hudaýyň ähli gullukçylary köp zatlary öwrenip bilýär.

      c Şeýle-de «miwe bermek» diýlende, «ruhuň miwesi» göz öňünde tutulýar. Ýöne şu we indiki makalada biz «agzymyz bilen» berýän miwämiz, ýagny Patyşalyk habaryny wagyz etmek barada gürrüň ederis (Gal. 5:22, 23; Ýew. 13:15).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş