-
«Ruhuň miwesi» Hudaýy şöhratlandyrýarGarawul diňi — 2011 | 15 aprel
-
-
3. a) Biz «ruhuň miwesini» ösdürmek bilen nädip Hudaýy şöhratlandyrarys? b) Biz haýsy soraglara serederis?
3 Mukaddes ruh Ýehowa Hudaýa mahsus häsiýetleri ösdürýär, çünki Ol onuň Gözbaşydyr (Kol. 3:9, 10). Isa Mesih resullaryna: «Siziň köp miwe bermegiňiz bilen Atam şöhratlanar» diýip, Hudaýdan görelde almagyň iň wajyp sebäbini görkezdi (Ýahýa 15:8)a. Biz «ruhuň miwesini» ösdürsek, onuň täsiri sözde we iş ýüzünde aýdyň görner, bu-da Hudaýy şöhratlandyrar (Mat. 5:16). Mukaddes ruhuň ösdürýän häsiýetleri Şeýtanyň dünýäsiniň häsiýetlerinden nämede tapawutlanýar? Biz ruhuň miwesini nädip ösdürip bileris? Näme üçin ony ösdürmek kyn? Geliň, şu soraglaryň jogabyna seredip, ruhuň üç miwesi: söýgi, şatlyk we parahatlyk ýaly häsiýetler barada gürrüň edeliň.
-
-
«Ruhuň miwesi» Hudaýy şöhratlandyrýarGarawul diňi — 2011 | 15 aprel
-
-
a Isa miwe diýende «ruhuň miwesini» hem-de mesihçileriň Patyşalyk baradaky habary wagyz edip, Hudaýa hödürleýän «dodaklaryň miwesini» göz öňünde tutdy (Ýew. 13:15). Galatýalylar 5:22-de «miwe» diýip terjime edilen grek sözi, meselem, «hasyl» sözi ýaly jemleýji köplük manyny aňladýar. Diýmek, mukaddes ruhuň täsiri söýgi, şatlyk, parahatlyk ýaly «miweleri» özünde jemleýär.
-