Siz «maňa dostsuňyz»
«Meniň özüňize buýranymy berjaý etseňiz, Maňa dostsuňyz» (ÝAHÝA 15:14).
1, 2. a) Isanyň dostlarynyň asly nähilidi? b) Isanyň dosty bolmak näme üçin wajyp?
ISA bilen ýokarky otagda oturan adamlaryň asly dürli-dürlüdi. Doganlar Petrus bilen Andreas balykçydy. Matta salgytçydy. Ysraýyllylar bolsa salgytçylary ýigrenýärdi. Ýakup bilen Ýahýany Isa oglanlykdan bäri tanaýardy, emma Natanaýeli ýaňy-ýakynda tanapdy (Ýahýa 1:43—50). Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalimde (agşam) ýygnananlaryň ählisi Isanyň wada edilen Mesih we diri Hudaýyň Ogludygyna iman edýärdiler (Ýahýa 6:68, 69). «Men size dost diýdim, çünki Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym» diýen Isanyň sözleri olaryň ýüregine täsir eden bolmaly (Ýahýa 15:15).
2 Isanyň wepaly resullaryna aýdan sözleri şu günler ähli mesh edilen mesihçilere we olaryň ýoldaşlary bolan «başga goýunlara-da» degişli (Ýahýa 10:16). Aslymyza garamazdan, biz Isanyň dosty bolup bilýäris. Isa bilen dostlaşmak wajyp, çünki onuň bilen dostlaşsak Ýehowanyň hem dosty bolýarys. Diýmek, biz Ýehowa ýakynlaşmak üçin, ilki bilen, Isa ýakynlaşmaly (Ýahýa 14:6, 21-nji aýatlary okaň). Eýsem, Isanyň dosty bolmak üçin biz näme etmeli? Bu wajyp soraga seretmezden öň, geliň, Isanyň gowy dost hökmünde görkezen göreldesine we resullaryň oňa nähili garandygyna seredeliň.
Isa gowy dost
3. Isa haýsy häsiýetleri bilen tanalýardy?
3 Akyldar patyşa Süleýman: «Baýy... söýýän köpdür» diýdi (Sül. tym. 14:20). Bu bikämil adamlaryň köplenç, bermek üçin däl-de, almak üçin dost bolýandygyny görkezýär. Isada beýle häsiýet ýokdy. Ol adamyň baýlygyna ýa-da abraýyna üns bermeýärdi. Isa bir baý başlyga söýgi bilen, yzyna düşmäge çagyrsa-da, oňa bar zadyny satyp, garyplara paýlamagy maslahat berdi (Mar. 10:17—22; Luka 18:18, 23). Adamlar Isany baý hem abraýly adamlaryň däl-de, sada we äsgerilmeýän adamlaryň dosty hökmünde tanaýardylar (Mat. 11:19).
4. Näme üçin Isanyň dostlarynyň kemçiligi bardy diýse bolar?
4 Elbetde, Isanyň dostlarynda hem kemçilik bardy. Meselem, Petrus hemişe Hudaýyň garaýşy ýaly garamaýardy (Mat. 16:21—23). Ýakup bilen Ýahýa bolsa Hudaýyň Patyşalygynda hormatly wezipä eýe bolmagy Isadan haýyş edip, şöhratparazlygyny görkezdiler. Olaryň eden haýyşy beýleki resullaryň gaharyny getirdi. Şondan soň resullar kimiň uludygy barada çekişýärdiler. Muňa garamazdan, Isa dostlaryna gaharlanman sabyrlylyk bilen düzediş berýärdi (Mat. 20:20—28).
5, 6. a) Isa näme üçin resullarynyň köpüsi bilen dost bolmagyny dowam etdi? b) Näme üçin Isa Iuda bilen dostlugyny bes etdi?
5 Isa bikämil adamlar bilen dostlugyny saklamak üçin çendenaşa geçirimlilik etmedi we olaryň kämilsizligine göz ýummady. Gaýtam, ol dostlarynyň ýagşy niýetini we gowy häsiýetlerini görmäge çalyşýardy. Meselem, Isa kyn ýagdaýa düşende, ony goldamagyň deregine, Petrus, Ýakup we Ýahýa uklap galdylar. Isanyň lapykeç bolandygy düşnükli. Muňa garamazdan, ol dostlarynyň ýagşy niýetlidigini görüp: «Ruh islegli, ýöne ten ejizdir» diýdi (Mat. 26:41).
6 Emma Isa Iuda Iskariot bilen dostlugyny bes etdi. Iuda göz üçin dost bolsa-da, Isa onuň ýüreginiň azandygyna göz ýetirdi. Çünki Iuda dünýä bilen dostlaşyp, Hudaýyň duşmany boldy (Ýakup 4:4). Şol sebäpli, Isa Iudany goýberip, beýleki on bir wepaly resullaryna dostlarym diýdi (Ýahýa 13:21—35).
7, 8. Isa dostlaryna söýgüsini nädip görkezdi?
7 Isa wepaly dostlarynyň kemçiligine kän üns bermän, olaryň bähbidini gözleýärdi. Meselem, ol doga edip, synaglarda dostlaryny goramagy Atasyndan haýyş etdi (Ýahýa 17:11-i okaň). Isa olaryň mümkinçiliginiň çäklidigini göz öňünde tutýardy (Mar. 6:30—32). Şeýle-de ol diňe öz pikirini aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hem pikirini diňlemäge we duýgularyna düşünmäge çalyşýardy (Mat. 16:13—16; 17:24—26).
8 Isa dostlary üçin ýaşady we janyny berdi. Ol Atasynyň adalatly talabyny ýerine ýetirmek üçin janyny gurban etmelidigine düşünýärdi (Mat. 26:27, 28; Ýew. 9:22, 28). Emma Isa janyny berip, dostlaryny söýýändigini görkezdi. Isa: «Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur» diýdi (Ýahýa 15:13).
Isanyň dostlugyna şägirtleri nähili seslendi?
9, 10. Adamlar Isanyň olardan hiç zady gaýgyrmandygyna nähili garadylar?
9 Isa wagtyny, söýgüsini we zadyny adamlardan gaýgyrmady. Şol sebäpli, ol adamlary özüne çekýärdi we olar hem ondan hiç zadyny gaýgyrmadylar (Luka 8:1—3). Bu onuň aýdan sözlerinden hem görünýärdi: «Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, püre-pür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler» (Luka 6:38).
10 Adamlaryň köpüsi Isadan bir zady tama edip, yzyna düşýärdi. Bir sapar, şeýle ýalan dostlar Isanyň käbir sözlerine nädogry düşünip, ony terk etdiler. Olar Isa ynanmagyň deregine, nädogry netijä gelip, ony inkär etdiler. Emma resullar oňa wepaly galdylar. Olaryň Isa bilen dostlugy ýygy-ýygydan synalsa-da, ony ýagşy we kyn günlerinde goldamak üçin elinde baryny edýärdiler (Ýahýa 6:26, 56, 60, 66—68-nji aýatlary okaň). Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi, dostlaryna minnetdarlygyny bildirip: «Synaglarymda Meniň bilen birlikde durnuklylyk görkezenler sizsiňiz» diýdi (Luka 22:28).
11, 12. Isa şägirtlerini nämä ynandyrdy we olar nähili seslendi?
11 Isa wepaly şägirtlerini öwenden soň, olar Ony terk etdiler. Olaryň adamlardan gorkusy Isa bolan söýgüsinden üstün çykdy. Isa şonda-da olary bagyşlady. Isa direlenden soň, olara görnüp, olaryň dostudygyny aýtdy. Şeýle-de Isa şägirtlerine «bütin milletleri şägirt ediň» we «ýeriň tä soňuna çenli» güwälerim boluň» diýen mukaddes ýumşy ynandy (Mat. 28:19; Res. iş. 1:8). Şägirtleri muňa nähili seslendi?
12 Olar Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek üçin elinde baryny etdiler. Tizden olar Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi arkaly öz taglymatlary bilen Iýerusalimi doldurdylar (Res. iş. 5:27—29). Olara ölüm howpy abansa-da, Isanyň şägirt taýýarlamaly diýen ýumşuny berjaý etmekden ýüz öwürmediler. Olaryň Isanyň tabşyrygyny birnäçe onýyllygyň içinde berjaý edişini Pawlus resul «gök astyndaky bütin ýaradylyşa wagyz edildi» diýip ýazýar (Kol. 1:23). Olar Isa bilen doslugyny gymmat saýýandygyny subut etdiler.
13. Isanyň taglymatlary şägirtlerine nähili täsir etdi?
13 Şeýle-de Isanyň taglymatlary şägirtleriň durmuşyna täsir etdi. Olaryň köpüsi özüniň alyp barşyny we gylyk-häsiýetlerini üýtgetmelidi. Sebäbi täze şägirtleriň käbiri öň gomoseksual, zynahor, arakkeş hem ogrudy (1 Kor. 6:9—11). Beýlekiler bolsa özge milletlere bolan garaýşyny üýtgetmelidi (Res. iş. 10:25—28). Muňa garamazdan, olar Isa gulak asdylar. Olar köne ýaradylyşy, ýagny öňki şahsyýetini egninden çykaryp, täzesini geýdiler (Efes. 4:20—24). Olar «Mesihiň pikirini» gowy bilip, onuň hereketine düşünip we göreldesine eýerdiler (1 Kor. 2:16).
Isanyň şu günki dostlary
14. Isa zalym dünýäniň soňky günlerinde näme wada berdi?
14 I asyrda ýaşan mesihçileriň köpüsi Isany tanaýardylar ýa-da ony direlenden soň görüpdiler. Bizde beýle mümkünçilik ýok. Biz şonda-da nädip Isanyň dostlary bolup bileris? Birinjiden, Isanyň ýerde ýaşaýan mesh edilen doganlaryndan ybarat bolan sadyk hem akylly hyzmatkäriň berýän maslahatyna eýermeli. Isa zalym dünýäniň soňky günlerinde sadyk hyzmatkäre «bütin mal-mülküni» ynanjakdygyny wada berdi (Mat. 24:3, 45—47). Şu günler Isanyň dosty bolmak isleýän adamlaryň köpüsi sadyk hyzmatkär toparyna degişli däl. Onda, olaryň sadyk hyzmatkärden alýan görkezmesine bolan garaýşy Isa bilen dostlugyna nähili täsir edýär?
15. Adam nämäniň esasynda goýun ýa-da geçi toparyna degişlidigini görkezer?
15 Matta 25:31—40-njy aýatlary okaň. Isa sadyk hyzmatkär toparyna doganlarym diýdi. Ol goýunlar we geçiler tymsalynda, doganlaryna edilen zady özüne edilen ýaly görýändigini açyk aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, adam goýun ýa-da geçi toparyna degişlidigini Isanyň «iň kiçi doganlaryna» bolan garaýşy bilen görkezer. Diýmek, ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar sadyk hyzmatkäri goldap, Isanyň dosty bolmak isleýändigini görkezýärler.
16, 17. Biz Isanyň doganlaryna dostlugymyzy nädip görkezip bileris?
16 Sen Hudaýyň Patyşalygy astynda ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän bolsaň, onda nädip Isanyň doganlaryna dostlugyňy görkezip bilersiň? Geliň, munuň üç usulyna seredeliň. Birinjiden: wagyz işine bütin ýürekden gatnaşmaly. Isa doganlaryna hoş habary bütin dünýäde wagyz etmegi tabşyrdy. Emma başga goýunlaryň kömegi bolmasa, Isanyň doganlarynyň ýerdäki galyndysyna bu tabşyrygy berjaý etmek kyn bolardy (Mat. 24:14). Başga goýunlar her gezek wagyz edende, Isanyň doganlaryna şol wajyp tabşyrygy ýerine ýetirmäge kömek edýär. Isa bilen sadyk hem akylly hyzmatkär şeýle dostlugyň gadyryny bilýär.
17 Ikinjiden: başga goýunlar wagyz işini maddy taýdan goldap, Isanyň doganlaryna kömek edýär. Isa şägirtlerini «hileli baýlyk» bilen dost gazanmaga höweslendirdi (Luka 16:9). Emma bu Isa we Ýehowa bilen dostlaşmagy satyn alyp bolýandygyny aňlatmaýar. Gaýtam, Ýehowanyň Patyşalygyny we ýygnagyň işini maddy taýdan goldap, dostlugymyzy hem söýgimizi diňe bir söz bilen däl-de, «iş hem hakykat» bilen subut edýäris (1 Ýahýa 3:16—18). Şeýle-de biz Ýehowa sežde edilýän ýerleriň gurluşygyny, bejeriş işlerini hem-de bütindünýä wagyz işini maddy taýdan goldaýarys we wagyz etmek üçin ýola pul sarp edýäris. Biziň berýän maddy goldawymyzyň köp ýa azlygyna garamazdan, Ýehowa hem-de Isa biziň şatlyk bilen berýänimizi görüp begenýärler (2 Kor. 9:7).
18. Biz ýygnak ýaşulularynyň Mukaddes Ýazgylar esasynda berýän görkezmesine näme üçin gulak asmaly?
18 Üçünjiden: biz ýygnak ýaşulularynyň görkezmesine eýerip, Isanyň dostudygymyzy subut edýäris. Bu doganlar Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda mukaddes ruh bilen bellenýär (Efes. 5:23). Pawlus resul: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň... tabyn boluň» diýdi (Ýew. 13:17). Käwagt bize ýygnak ýaşulularynyň Mukaddes Ýazgylar esasynda berýän maslahatyna gulak asmak kyn bolýar. Biz olaryň kemçiliklerini bilýändigimiz üçin, beren maslahatyny kabul etmezligimiz mümkin. Emma ýygnagyň Başy Isa şol bikämil doganlary şatlyk bilen ulanýar. Şonuň üçin ýygnak ýaşulularynyň ýolbaşçylygyna bolan garaýşymyz, biziň Isa bilen dostlugymyza täsir edýär. Eger biz ýaşulularyň edýän ýalňyşlaryna garaman, olaryň görkezmesine höwes bilen eýersek, onda Isany söýýändigimizi subut ederis.
Gowy dostlary nireden tapyp bileris
19, 20. Biz ýygnakda kimi tapyp bileris we indiki makalada nämä serederis?
19 Isa biziň aladamyzy diňe bir söýgüden doly çopanlar arkaly etmän, eýsem, ol bize ýygnakda ruhy eneler, doganlar we uýalar berýär (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň). Sen Ýehowanyň guramasyna geleniňde garyndaşlaryň nähili garady? Olar saňa Hudaý we Isa bilen dostlaşmaga ýardam edendir diýip umyt edýäris. Ýöne Isa «adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar» diýip duýdurdy (Mat. 10:36). Ýygnakda ýakyn dostlary tapyp bolýandygy, gör, nähili teselli berýär! (Sül. tym. 18:24).
20 Pawlusyň Rimdäki ýygnaga ýazan hatynda aýdan salamlaryndan köp dost edinendigini bilse bolýar (Rim. 16:8—16). Ýahýa resul üçinji hatyny şeýle sözler bilen jemleýär: «Ol ýerdäki dostlara atma-at salam ýetir» (3 Ýahýa 14). Onuň hem ençeme wepaly dostlary bolan bolmaly. Biz ruhy dogan-uýalarymyz bilen dostlaşmak üçin Isadan we onuň ilkinji şägirtlerinden nädip görelde alyp bileris? Bu soraga indiki makalada serederis.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Isa gowy dost bolmakda nähili görelde görkezdi?
• Şägirtler Isanyň dostlugyna nähili seslendiler?
• Biz Isanyň dostudygymyzy nädip subut edip bileris?