Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr18 Oktýabr sah. 1—5
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
  • Sözbaşylar
  • OKTÝABR 1—7
  • OKTÝABR 8—14
  • OKTÝABR 15—21
  • OKTÝABR 22—28
  • OKTÝABR 29—NOÝABR 4
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
mwbr18 Oktýabr sah. 1—5

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

OKTÝABR 1—7

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 9, 10

«Isa goýunlarynyň aladasyny edýär»

nwtsty-daky aýratynlyklar

Agyl

Goýunlary ogrulardan we ýyrtyjy haýwanlardan goramak üçin gurulýan haýada agyl diýilýär. Çopanlar sürülerini gijesine gorar ýaly agyla salýardy. Gadymy döwürde agyllar dürli-dürli ululykda gurulýardy, olaryň üsti açyk we köplenç bir gapysy bolýardy (Sn 32:16; 1Şm 24:3; Sf 2:6). Ýahýa hem süriniň «garawulynyň» agyla «gapydan girendigini» aýdýar (Ýah 10:1, 3). Adatça, garawul gijesine birnäçe sürini agyla salyp, goýunlary goraýardy. Ir bilen bolsa, garawul çopanlara gapyny açyp berýärdi. Her çopan öz sürüsine degişli goýunlaryny çagyrýar. Goýunlar bolsa onuň sesini tanap, ýanyna gelýär (Ýah 10:3—5). Isa bu mysaly şägirtleriniň aladasyny edýändigini görkezmek üçin aýtdy (Ýah 10:7—14).

w11 15/5 sah. 7, 8, abz. 5

Mesihçi maşgalalar, «oýa boluň!»

5 Çopan bilen goýunlaryň arasyndaky gatnaşyk bilime we ynama esaslanýar. Çopan hemme goýunlaryny tanaýar, goýunlaram çopanyny tanap, oňa ynanýar. Olar çopanyň sesini tanaýar we gulak asýar. Isa: «Men goýunlarymy tanaýandyryn, olar hem meni tanaýandyr» diýdi. Ol ýygnakdaky şägirtleri gowy tanaýardy. Grek dilinde «tanamak» diýen sözüň manysy «adamy ýakyndan tanamagy» aňladýar. Hawa, gowy çopan goýunlaryny ýakyndan tanaýar. Isa şägirtleriniň gerek zatlaryny, kemçiliklerini we gowy häsiýetlerini bilýär. Ol şägirtleri bilen içgin gyzyklanýar. Olar hem çopanyny gowy tanaýar we onuň görkezmesine doly bil baglaýar.

cf sah. 124, 125, abz. 17

«Ol mysalsyz asla öwretmeýärdi»

17 «Mukaddes topragyň taryhy geografiýasy» atly kitaby ýazan Jorj Smit gören zatlary hakda şeýle diýýär: «Biz käwagt gündizine Ýahudadaky guýularyň başynda oturyp, dynç almaga gidýärdik we şol ýere üç-dört sany çopan sürüsini eltýärdi. Şonda olaryň sürüleri goşulyşýardy. Bizem çopanlar öz goýunlaryny nädip tanarka diýip, geň galýardyk. Olar suwdan ganyp, bökjekleşip bolandan soň, çopanlaryň hersi jülgäniň bir tarapyna gidip, üýtgeşik ses bilen çagyrýar. Soňra sürüler bir-birinden aýrylyp, öz çopanynyň ýanyna barýar we olar başda goşulyşy ýaly-da bir-birinden aýrylýar». Elbetde, Isa şu pikiri nygtamak üçin mundan gowy mysal getirip bilmezdi. Eger biz Isanyň taglymatyny kabul edip, gulak assak we görkezmesine eýersek, «gowy çopanyň» aladasyny duýarys.

nwtsty Ýah 10:16-a degişli maglumat

Getirmek ýa-da «alyp barmak». «Aʹgo» diýen grek işligi «getirmek» ýa-da «alyp barmak» diýmegi aňladyp, kontekste görä ulanylýar. Takmynan b. e. 200-nji ýylyndaky grek golýazmasynda şu söze meňzeş (sy·naʹgo) diýen grek sözi köplenç «ýygnamak» diýlip ulanylypdyr. Gowy çopan Isa şu sürüdäki (Luka 12:32-däki «kiçi süri» göz öňünde tutulýar) goýunlaryny we beýleki goýunlaryny ýygnaýar, ugrukdyrýar, goraýar we bakýar. Olar bir çopanyň ýolbaşçylygynda bir süri bolar. Bu söz Isanyň şägirtleriniň agzybir we şadyýan ýaşajakdygyny görkezýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Ýah 9:38-e degişli maglumat

Oňa tagzym etdi ýa-da «onuň öňünde dyza çökdi; ýere ýüzin ýykyldy; oňa hormat bildirdi». «Pro·sky·neʹo» diýen grek işligi taňrylara ýa-da butlara tagzym etmek bilen bagly ulanylyp, «sežde etmek» diýlip terjime edilýär (Mt 4:10; Lk 4:8). Ýöne bu aýatda dogabitdi kör adamyň gözi açylandan soňra, Isany Hudaýyň wekili hökmünde kabul edip, oňa tagzym edýär. Kör adam Isa Hudaý ýa-da taňry däl-de, pygamberlikde aýdylyşy ýaly «Ynsan ogly», Hudaýyň iberen Mesihi hökmünde garaýardy (Ýah 9:35). Ol Ýewreý ýazgylaryndaky adamlaryň tagzym edişi ýaly, Isa tagzym eden bolmaly. Olar pygamberlere, patyşalara we Hudaýyň beýleki wekillerine duşanda tagzym edýärdiler (1Şm 25:23, 24; 2Şm 14:4—7; 1Pat 1:16; 2Pat 4:36, 37). Adamlar köplenç Hudaýyň güýjüni görensoň, Isa tagzym edip, minnetdarlyk bildirýärdiler (Mt 2:2; 8:2; 14:33; 15:25-nji aýatlardaky maglumatlara serediň).

nwtsty Ýah 10:22-ä degişli maglumat

Açylyşa bagyşlanan baýramçylyk. Bu baýramçylygyň ýewreýçe ady Hanakah «chanuk·kahʹ» bolup, «Dabaraly açylyş; bagyş etmek» diýmegi aňladýar. Bu baýramçylyk sekiz gün dowam edip, kislew (noýabr-dekabr) aýynyň 25-ine başlap, dekabr aýynyň ahyryna tamamlanýar (sgd sah. 64) we b. e. öň 165-nji ýylda Iýerusalimdäki ybadathananyň gaýtadan açylyşyna bagyşlanyp bellenýär. Siriýanyň patyşasy Antioh Epifan IV ybadathanany haramlap, ýehudylaryň Hudaýy Ýehowany ýigrenýändigini görkezdi. Mysal üçin, ol öň her günki ýakma gurbanlygyny hödürlenýän uly gurbanlyk sypasynyň üstünden gurbanlyk sypasyny gurýar. B. e. öň 168-nji ýylyň kislew aýynyň 25-ne Ýehowanyň ybadathanasyny bütinleý haramlamak üçin, Antioh gurbanlyk sypasynda doňzy gurban getirýär we onuň etini gaýnadyp suwuny ybadathananyň ähli ýerine sepmegi buýurýar. Ol ybadathananyň derwezelerini otlaýar, ruhanylaryň otaglaryny ýakýar, altyn sypany, çörekli hantagtany we altyn çyradany alyp gidýär. Soňra ol Ýehowanyň ybadathanasyny ýalan taňry Zewse täzeden bagyş edýär. Iki ýyldan soň Iuda Makkaweý Iýerusalimi we ybadathanany basyp alýar. B. e. öň 165-nji ýylyň kislew aýynyň 25-ne ybadathana arassalanýar we gaýtadan açylyş dabarasy bolýar. Bu waka Antioh gurbanlyk sypasynda Zews taňrysy üçin haram gurbanlygyny berenine üç ýyl geçensoň bolupdy. Şeýdip, Ýehowa her gün berilýän ýakma gurbanlyklary hödürlenip başlanýar. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň Iuda Makkaweýe ýeňiş berendigi we ybadathanany dikeltmek üçin görkezme berendigi barada hiç zat aýdylmandyr. Emma Ýehowa özge milletli, Pars patyşasy Kir arkaly, Özüne sežde etmek baradaky maksadyny ýerine ýetirdi (Iş 45:1). Emma Ýehowa islegini amala aşyrmak üçin ýehudyly adamy hem ulanyp bilerdi. Mukaddes Ýazgylardan Mesih we onuň gullugy hem-de töleg gurbany bilen bagly pygamberlikleriň ýerine ýetmegi üçin ybadathananyň saklanylyp galandygy görünýär. Şeýle-de lewiler Mesih iň uly gurbanlygy, ýagny adamzat üçin janyny gurban berýänçä, gurbanlyk beripdirler (Dn 9:27; Ýah 2:17; Ýew 9:11—14). Mesihiň şägirtlerinden açylyşa bagyşlanan baýramçylygy bellemek talap edilmeýärdi (Kl 2:16, 17). Emma Mukaddes Ýazgylarda Isanyň ýa-da onuň şägirtleriniň bu baýramçylygy bellemegi ýazgarandygy hakda hiç zat aýdylmaýar.

OKTÝABR 8—14

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 11, 12

«Isanyň duýgudaşlygyndan görelde alyň»

nwtsty Ýah 11:24, 25-nji aýatlara degişli maglumatlar

Men onuň... direljekdigini bilýärin. Marta Isanyň soňky günde, gelejekde etjek direlişi hakda aýdýandyr diýip pikir etdi (Ýah 6:39-a degişli maglumata serediň). Martanyň bu taglymata bolan imany gaty berkdi. Şol döwürde Mukaddes Ýazgylarda direliş barada açyk aýdylsa-da, saddukeý dininiň käbir ýolbaşçylary ynanmaýardylar (Dn 12:13; Mr 12:18). Fariseýler bolsa ölmeýän ruh baradaky taglymata ynanýardylar. Marta Isanyň direlişe umyt etmelidigi barada öwredýändigini we birnäçe adamy direldendigini bilýärdi. Ýöne Isanyň direlden adamlarynyň hiç biri Lazar ýaly köp wagtlap ölüm ukusynda ýatmandy.

Adamlary direldýän we olara ýaşaýyş berýän mendirin. Isanyň ölümi we direlişi aradan çykan adamlara direlmäge mümkinçilik berýär. Isa direlenden soň, Ýehowa oňa diňe bir adamlary direltmäge däl, eýsem ebedi ýaşaýşa gowuşmaga-da ygtyýar berdi (Ýah 5:26-a degişli maglumata serediň). Ylh 1:18-de Isa özi barada: «Men diridirin... Ölümiň we Gabryň açarlary mendedir» diýýär. Şonuň üçin Isa hem diri, hem ölen adamlaryň umydydyr. Ol mazarlary açyp, ölen adamlara ýaşaýyş bermegi, şeýle-de özi bilen hökümdarlyk etjeklere, gökdäki hökümeti astynda täze ýerde ýaşajak adamlara wada berýär (Ýah 5:28, 29; 2Pt 3:13).

nwtsty Ýah 11:33—35-nji aýatlara degişli maglumatlar

Aglaşyp durmak ýa-da «gygyrmak». «Aglamak» diýen grek sözi köplenç ses edip aglamagy aňladýar. Isa bu işligi Iýerusalimiň weýran ediljekdigi hakda pygamberlik edende ulandy (Lk 19:41).

Ýüregi gyýlyp, tolgundy. Bu iki söz asyl nusgada Isanyň şonda gaty gynandygyny görkezýär. «Ýüregi gyýylmak» (em·bri·maʹo·mai) diýen grek işligi güýçli duýgyny aňladýar, ýöne bu aýatlarda Isanyň hasrat çekendigini görkezýär. «Tolgunmak» (ta·rasʹso) diýen grek işligi göni manyda howsala düşmegi aňladýar. Bir alymyň aýtmagyna görä, bu aýatlardaky sözler «adamyň içki dünýäsinde harasat gopmagy we güýçli agyry duýmagy ýa-da gam-gussa batmagy» aňladýar. Ýah 13:21-de hem şuňa meňzeş işlik ulanylyp, Iudanyň dönükligi Isa nähili täsir edendigi aýan edilýär (Ýah 11:35-e degişli maglumata serediň).

Ruhda hasrat çekip. Bu aýatda «pneuʹma» diýen grek işligi adama bir zady etmäge ýa-da aýtmaga höweslendirýän we ýüreginden çykýan güýji aňladýar (Sözlüge serediň «Ruh»).

Gözlerinden ýaş akdy. Bu ýerde ulanylan grek işligi (da·kryʹo) «aglamak» diýen grek sözüniň bir görnüşi bolup, şu aýatlarda-da ulanylýar: Lk 7:38; Res 20:19, 31; Ýew 5:7; Ylh 7:17; 21:4. Bu söz ýöne bir ses edip aglamagy däl-de, göz ýaş döküp aglamagy aňladýar. Injildäki bu grek işligi diňe şu aýatda ulanylýar we Ýahýa 11:33-däki (maglumata serediň) Merýemiň hem ýehudylaryň aglaýşyny suratlandyrýan sözden tapawutlanýar. Isa Lazaryň direljekdigini bilse-de, ýakyn dostlarynyň hasrat çekişini görüp, gaty gynandy. Ol dostlaryny söýýändigi we duýgudaşlyk bildirýändigi üçin aglady. Bu wakadan ýakynyny ýitiren adamlara Isanyň duýgudaşlyk bildirendigini görse bolýar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Ýah 11:49-a degişli maglumat

Baş ruhany. Ysraýyllylar bitarap ýaşan döwründe baş ruhany ömrüniň ahyryna çenli öz borjuny ýerine ýetirýärdi (Sn 35:25). Emma Ysraýyl Rimiň golastyna geçende, Rim hökümetiniň ýolbaşçylary we ruhanylary bellemäge hem-de aýyrmaga ygtyýary bardy (Sözlüge serediň «Baş ruhany»). Ökde syýasatçy Kaýafa Rim hökümeti tarapyndan baş ruhany edip bellenilýär we öz döwürdeşlerinden köp wagtlap ruhany bolup gulluk edýär. Ol takmynan b. e. 18-nji ýylynda bellenilip, takmynan b. e. 36-njy ýylyna çenli borjuny ýerine ýetirýär. Diýmek, Kaýafa şol ýyl—b. e. 33-nji ýylynda baş ruhany bolup gulluk edýärdi. Ýahýa Kaýafa baş ruhany bolup gulluk edýär diýmek bilen, Isa jeza berlen ýatdan çykmajak ýyly göz öňünde tutan bolmaly (sgd sah. 52—55).

nwtsty Ýah 12:42-ä degişli maglumatlar

Ýolbaşçylar. Grek dilinde «Ýolbaşçylar» diýlende ýehudylaryň ýokary kazyýeti bolan Mejlisiň agzalary göz öňünde tutulan bolmaly. Bu söz Ýah 3:1-de kazyýetiň agzasy bolan Nikodime degişli edip aýdylýar (Ýah 3:1-e degişli maglumata serediň).

Sinagogadan kowulmak ýa-da çykarylmak; sinagoga barmaga gadagan etmek. Grek dilindäki «a·po·sy·naʹgo·gos» diýen sypat diňe Ýah 12:42 we 16:2-nji aýatlarda ulanylýar. Sinagogadan kowlan adamy ýigrenýärdiler we onuň bilen gatnaşmaýardylar. Ýehudy halkyndan çetleşdirilen adama maşgalasyny eklemek kyn düşýärdi. Sinagogada esasanam bilim berilýärdi, şeýle-de käte ýerli kazyýet üçin ulanylýardy; adama gamçylap jeza berilýärdi we sinagogadan kowulýardy (Mt 10:17-ä degişli maglumata serediň).

OKTÝABR 15—21

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 13, 14

«Men size görelde görkezdim»

nwtsty Ýah 13:5-e degişli maglumat

Şägirtleriniň aýagyny ýuwdy. Gadymy ysraýylda aýakgap iň gerekli zatlaryň biridi. Şol döwürdäki aýakgaplar biraz ulurak bolup, diňe dabany ýapýardy we ýüpler bilen injige baglanýardy. Şol sebäpli tozanly, batgaly ýollardan ýa-da ýerlerden ýöreýän adamyň aýagy hapalanýardy. Adat boýunça öýe gelen myhman aýakgabyny çykarýardy we myhmansöýer öý eýesi onuň aýagynyň ýuwulmagynyň aladasyny edýärdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle däbe köp duş gelse bolýar (Gelç 18:4, 5; 24:32; 1Şm 25:41; Lk 7:37, 38, 44). Isa bu däbe eýerip, şägirtlerine pesgöwünliligi we birek-birege hyzmat etmegi öwretmek üçin, olaryň aýagyny ýuwdy.

nwtsty Ýah 13:12—14-nji aýatlara degişli maglumat

Ýuwmalysyňyz ýa-da «borçlusyňyz». Bu aýatdaky grek işligi köplenç pul bilen bagly ulanylyp, esasanam, «birine bergidar bolmagy; nämedir bir zat bermegi» aňladýar (Mt 18:28, 30, 34; Lk 16:5, 7). Bu söz köplenç şu we beýleki aýatlarda bir zady etmäge borçly bolmagy ýa-da nämedir bir zady hökman ýerine ýetirmelidigini aňladýar (1Ýah 3:16; 4:11; 3Ýah 8).

w99 1/3 sah. 31, abz. 1

Iň Beýik adam pesgöwünli gulluk edýär

Isa şägirtleriniň aýagyny ýuwup, pesgöwünli bolmagyň ajaýyp göreldesini görkezdi. Mesihçiler abraý we hormat gazanmaga çalyşmaly däl. Olar başgalardan özüni ýokary tutup, hemişe özüne hyzmat edilmegine garaşmaly däl. Mesihçiler «özüne hyzmat etdirmek üçin däl-de, eýsem, hyzmat etmek we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin gelen» Isanyň göreldesine eýermeli (Mt 20:28). Şonuň üçin Isanyň şägirtleri pesgöwünlilik bilen bir-birine ýürekden hyzmat etmeli.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Ýah 14:6-a degişli maglumat

Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn. Isa — ýol, sebäbi diňe ol arkaly dogada Hudaýa ýakynlaşyp bolýar. Şeýle-de ol adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrýan «ýol» (Ýah 16:23; Rm 5:8). Isa — hakykat, sebäbi ol hakykaty aýtdy we şoňa görä ýaşady. Ol Hudaýyň niýetini amala aşyrmakda esasy orun tutdy we ençeme pygamberlikleri ýerine ýetirdi (Ýah 1:14; Ylh 19:10). Bu pygamberlikler Isa arkaly «hawa» (ýa-da ýerine ýetdi) bolandyr (2Kr 1:20). Isa — ýaşaýyş, sebäbi ol töleg gurbany arkaly adamzada «hakyky ýaşaýşa», ýagny «ebedi ýaşaýşa» gowuşmaga ýol açdy (1Tm 6:12, 19; Ef 1:7; 1Ýah 1:7). Şeýle-de ol millionlarça direlen adamlara Jennetde ebedi «ýaşamaga» mümkinçilik berdi (Ýah 5:28, 29).

nwtsty Ýah 14:12-ä degişli maglumat

Bulardan-da has köp işleri eder. Isa şägirtleriniň etjek ajaýyp işleriniň özüniňkiden has köp bolar diýjek bolmady. Emma ol şägirtleriniň wagyz etmek we tälim bermek işini özünden has köp etjekdigini pesgöwünlik bilen aýtdy. Onuň şägirtleri Isa garanyňda, ençeme ýerlere, köp adamlara we uzak wagtlap wagyz ederler. Isanyň sözlerinden şägirtlerine tabşyran işiniň dowam ediljekdigi anyk görünýär.

OKTÝABR 22—28

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 15—17

«Siz indi dünýädäki adamlar ýaly dälsiňiz»

nwtsty Ýah 15:19-a degişli maglumat

Dünýä. Bu aýatdaky «kosmos» diýen grek sözi Hudaýyň gullukçylaryna däl-de, dünýädäki Hudaýdan daşlaşan adamzat jemgyýetine degişli ulanylýar. Diňe hoş habarçy Ýahýa Isanyň dünýädäki adamlar ýaly dälsiňiz ýa-da dünýä degişli dälsiňiz diýen sözlerine salgylanýar. Isa soňky sapar wepaly resullary bilen doga edende, şu jümläni iki gezek aýdypdy (Ýah 17:14, 16).

nwtsty Ýah 15:21-e degişli maglumat

Meniň adym zerarly. Mukaddes Ýazgylarda «at» diýen söz adamyň özüni, adyny, abraýyny we wezipesini aňladýar (Mt 6:9-a degişli maglumata serediň). Isanyň adynyň manysy onuň ygtyýaryny we Atasynyň beren ornuny aňladýar (Mt 28:18; Fp 2:9, 10; Ýew 1:3, 4). Bu ýerde Isa dünýädäki adamlaryň şägirtlerine näme üçin garşy çykjakdygyny şeýle düşündirýär: sebäbi olar meni Ibereni tanamaýarlar. Hudaý barada bilim alýan adam Isanyň adynyň näme aňladýandygyna düşünip bilýär (Res 4:12). Şeýle-de ebedi ýaşaýşa gowuşmak isleýän her bir adam Hudaýyň bellän Hökümdaryna, patyşalaryň Patyşasy Isa tabyn bolmaly (Ýah 17:3; Ylh 19:11—16; Zb 2:7—12-nji aýatlary deňeşdiriň).

it «MERTLIK» abz. 7

Mertlik

Dünýä bizi ýigrense-de, onuň Ýehowa garşy gidýän erbet garaýyşlaryndan we işlerinden gaça durar ýaly, her bir mesihçä batyrgaýlyk gerek. Isa şägirtlerine: «Dünýäde muşakgat çekersiňiz, emma mert boluň! Men dünýäni ýeňendirin» diýdi (Ýah 16:33). Hudaýyň Ogly dünýäniň hiç bir zadyna goşulmady, täsirine-de düşmedi, gaýtam bütin dünýäni ýeňdi. Ol dünýäden aýry we tämiz galmaga jan edýän mesihçilere dünýäni ýeňip hem-de Hudaýa wepaly galyp, ajaýyp görelde görkezdi, batyrgaý bolmaga kömek etdi (Ýah 17:16).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Ýah 17:21—23-nji aýatlara degişli maglumatlar

Birlikde bolmak ýa-da «bilelikde bolmak». Isa Atasy bilen bir pikirde bolup, «birlikde» işleýşi ýaly, hakyky mesihçileriň hem bir maksat bilen «birlikde», ýagny agzybir işleşmegi barada doga etdi (Ýah 17:22). 1Kr 3:6—9-njy aýatlarda Pawlus mesihçileriň Hudaý we bir-biri bilen agzybirlikde hyzmatdaşlyk edendigini aýtdy (1Kr 3:6 we Ýah 10:30; 17:11-nji aýatlardaky maglumatlara serediň).

Doly birlikde bolmak ýa-da «doly agzybirlikde bolmak». Şu aýatda Isa birek-birek bilen agzybirligi saklamagy, Atasynyň söýgüsi bilen baglanyşdyryp aýtdy. Bu Kl 3:14-däki «söýgi... doly agzybir edýändir» diýen sözler bilen baglanyşykly. Bu hakyky agzybirlikdir. Ýöne bu hemme adamlaryň ukybynyň, gylyk-häsiýetiniň we ynsabynyň birmeňzeşdigini aňlatmaýar. Emma Isanyň şägirtleriniň edýän işleri, imany we öwredýän zatlary olary agzybir edýändigini aňladýar (Rm 15:5, 6; 1Kr 1:10; Ef 4:3; Fp 1:27).

nwtsty Ýah 17:24-e degişli maglumat

Dünýä ýaradylmanka. «Ýaradylmak» diýip terjime edilen grek sözi Ýew 11:11-de «döretmek», ýagny «göwreli bolmak» diýip ulanylýar. «Dünýä ýaradylmanka» diýen jümle Adam ata bilen How enäniň çagalarynyň dünýä inmegini aňladýan bolmaly. Isa «dünýä ýaradylmanka» diýen jümläni ilkinji töleg tölenene, «dünýäniň başlangyjyndan bäri ýaşaýyş kitabyna» ady ýazylanlaryň ilkinjisi bolan Habyl bilen baglanyşdyran bolmaly (Lk 11:50, 51; Ylh 17:8). Şeýle-de Isanyň Atasyna eden dogasyndaky şu sözleri Adam ata bilen How enäniň ýaradylmazyndan öň, Hudaýyň ýeke-täk Ogluny söýendigini görkezýär.

OKTÝABR 29—NOÝABR 4

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 18, 19

«Isa hakykata şaýatlyk etdi»

nwtsty Ýah 18:37-ä degişli maglumatlar

Şaýatlyk etmek. Grek ýazgylarynda ulanylan «şaýatlyk etmek» (mar·ty·reʹo) we «şaýatlyk» (mar·ty·riʹa; marʹtys) diýen söz giň manyda ulanylýar. Bu sözleriň esasy manysy gözi bilen görmegi we bilen zatlaryna şaýatlyk etmegi görkezýär. Şeýle-de «yglan etmek, tassyklamak we gowy güwälik bermegi» aňladýar. Isa diňe bir hakykata şaýatlyk ýa-da ony wagyz etmän, eýsem hakykat boýunça ýaşady hem-de Atasynyň pygamberlik sözüni we wadasyny goldady (2Kr 1:20). Patyşalyk we Patyşalygyň Hökümdary bilen bagly Hudaýyň niýeti jikme-jik pygamberlik edilipdi. Isanyň ýerdäki ýaşaýşy töleg gurbany bermek bilen tamamlanyp, özi baradaky ähli pygamberlikleri, şol sanda Musanyň kanundaky göçme manydaky kölegäni ýerine ýetirdi (Kl 2:16, 17; Ýew 10:1). Şeýlelikde, Isa sözde we iş ýüzünde «hakykata şaýatlyk etdi» diýse bolar.

Hakykat. Isa hakykat diýende, umumy manyda däl-de, Hudaýyň niýeti baradaky hakykaty göz öňünde tutdy. «Dawut ogly» Isa Hudaýyň niýetinde esasy orny eýeläp, baş ruhany we Hudaýyň Patyşalygynyň Hökümdary bolup gulluk edýär (Mt 1:1). Isa ýerde ýaşanda we gulluk edende, Patyşalyk baradaky hakykaty wagyz etmek bilen, ýere gelmeginiň esasy sebäbini düşündirdi. Perişdeler Dawudyň doglan şäherinde, ýagny Ýahudanyň Beýtullahamynda Isa dogulmanka we doglandan soňam, şeýle habary yglan etdiler (Lk 1:32, 33; 2:10—14).

nwtsty Ýah 18:38a degişli maglumat

Hakykat diýýäniň näme? Pilatusyň hakykat baradaky beren soragy Isanyň aýdan «hakykaty» däl-de, umumy hakykat barada bolmaly (Ýah 18:37). Eger Pilatus muny ýürekden soran bolsady, Isa hökman jogap bererdi. Pilatus: «Hakykat? Ol näme? Beýle zat ýok!» diýmek bilen, biparh we sowuk-sala garaýandygyny hem-de jogap talap etmeýändigini görkezýär. Aslynda, Pilatus soragynyň jogabyna garaşman ýehudylaryň ýanyna çykyp gidýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w10 15/8 sah. 11, abz. 15

Isa nädip Hudaýyň adalatyny subut etdi?

15 Isa ölüm pürsünde asylgyka, soňky deminde şeýle diýdi: «Hemmesi berjaý boldy!» (Ýahýa 19:30). Isa Hudaýyň kömegi bilen suwa çümdirilensoň, ölümine çenli üç ýarym ýylyň içinde uly işler etdi! Isa ölensoň, ýer titrände, Rim goşunynyň ýüzbaşysy: «Dogrudan-da, ol Hudaýyň Ogly eken» diýdi (Mat. 27:54). Isanyň özüne Hudaýyň ogly diýeni üçin, adamlaryň onuň üstünden gülendigini ýüzbaşy görüpdi. Isa yzarlamlara döz gelip, Hudaýa wepaly galyp, Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny subut etdi. Şeýtan Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýan adamlar barada: «Adam jany üçin hemme zadyny berer» diýipdi (Eýýup 2:4). Isa wepaly bolup, Adam ata bilen How enäniň agyr bolmadyk synagda wepaly galyp biljekdigini görkezdi. Esasanam, Isa ýaşaýşy we ölümi bilen Ýehowanyň hökümdarlygynyň adalatlydygyny subut etdi (Sül. tym. 27:11). Isanyň ölümi ýene-de bir zady berjaý etdimi? Elbetde, berjaý etdi!

nwtsty Ýah 19:31-e degişli maglumat

Ol beýik Sabat güni hasaplanýardy. 15-nji nisan, ýagny Pasha baýramyndan soňky gün hepdäniň haýsy gününe düşse-de, ol Sabat güni hasaplanýardy (Lw 23:5—7). Bu Sabat güni adaty sabat (ýewreý hepdesiniň 7-nji güni bolan anna güni Gün ýaşandan soň başlap, tä şenbe güni Gün ýaşýança dowam edýärdi) Şenbe gününe düşende, «beýik» Sabat gün hasaplanýardy. Bu sabat güni Isanyň ölen gününe, ýagny anna gününe düşýär. B. e 29—35-nji ýyllar aralygynda 14-nji nisan diňe şol ýyl, ýagny b. e 33-nji ýylynyň anna gününe düşýär. Diýmek, şu subutnama Isanyň b. e 33-nji ýylynyň 14-nji nisanda ölendigini tassyklaýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş