-
Hudaýyň Patyşalygy näme?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
31-NJI SAPAK
Hudaýyň Patyşalygy näme?
Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy barada köp gürrüň berilýär. Hudaý şol Patyşalygy arkaly ýerde-de niýetini amala aşyrar. Ýöne Hudaýyň Patyşalygy näme? Ol häzir höküm sürýärmi? Häzire çenli nämeler etdi? Nämeler eder? Şu we indiki sapaklarda şol soraglaryň jogabyny bileris.
1. Hudaýyň Patyşalygy näme? Patyşasy kim?
Hudaýyň Patyşalygy Ýehowa Hudaýyň gökde guran hökümeti. Patyşalygyň patyşasy Isa Mesih (Matta 4:17; Ýahýa 18:36). Mukaddes Kitapda Isanyň az wagtlyk däl-de, «ebedi patyşa boljakdygy» aýdylýar (Luka 1:32, 33). Ol bütin ýer ýüzüni dolandyrar.
2. Isa Mesihiň ýeke özi höküm sürermi?
Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, gökde Isa bilen 144 000 adam höküm sürer. Olar «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» (Ylham 5:9, 10; Ylham 14:1—4-nji aýatlary oka). Olar Isanyň ýerdäki şägirtleriniň arasyndan saýlanyp alynýar. Galan şägirtleri bolsa Patyşalygyň ýerdäki raýatlary bolup ýaşar (Zebur 37:29).
3. Hudaýyň Patyşalygy näme üçin ynsan hökümetlerinden has gowy?
Käbir ynsan hökümdarlar halkyny gowy ýaşatmak islese-de, köplenç güýji ýetmeýär. Iru-giç olara derek, başga biri hökümdar bolýar. Täze gelen hökümdar bolsa halkyň aladasyny etmeýär, diňe özüni bilip ýaşaýar. Ýöne Hudaýyň bellän Patyşasy Isa hiç wagt tagtdan düşmez, sebäbi Hudaýyň döreden Patyşalygy «hiç haçan ýok edilmez» (Danyýar 2:44). Isa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökümdarlyk eder. Ol hemmeleri deň tutar, sebäbi ol aladaçyl, mähirli, adalatly patyşa. Ol raýatlaryna hem adalatly, mähirli bolmagy, bir-biriniň aladasyny etmegi öwreder (Işaýa 11:9-y oka).
SÖHBETDEŞLIK
Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzündäki hökümetlerden müň esse gowy.
4. Bütin ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy höküm sürer
Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa islendik hökümdardan has güýçli. Matta 28:18-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa näme üçin iň güýçli patyşa?
Ynsan hökümetleri häli-şindi çalşyp durýar. Olaryň hökümdarlygy belli bir ýurduň çäginden çykmaýar. Hudaýyň Patyşalygy bolsa olardan tapawutlanýar. Danyýar 7:14-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaýyň Patyşalygy näçe wagtlap höküm sürer?
Onuň hökümdarlygynyň çägi barmy?
5. Indi adamlar höküm sürmez
Ýer ýüzünde näme üçin Hudaýyň Patyşalygy höküm sürmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adam höküm sürse nähili bolýar?
Nesihat 8:9-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ynsan hökümetlerine derek, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürse gowy bolarmy? Näme üçin?
6. Isa bilen höküm sürjekler adamlaryň aladasyny eder
Patyşamyz Isa ýerde ýaşap görensoň, biziň ýagdaýymyza gowy düşünýär (Ýewreýler 4:15). Isa bilen gökde höküm sürjek 144 000 hudaýhon erkekler we aýallar ýerden saýlanyp alyndy. Ýehowa olary «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» saýlady (Ylham 5:9).
Isanyň ýer ýüzünde ýaşanlygy we 144 000 adamyň ýer ýüzünden saýlanmagy näme üçin gowy bolar?
Ýehowa Isa bilen höküm sürjekleri her dürli milletden saýlady.
7. Patyşalygyň kanunlary adamlaryňkydan has gowy
Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary üçin hem kanunlar berilýär. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Her bir adam Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşasa, dünýä nähili bolar?a
Ýehowa raýatlaryndan kanunlaryna gulak asmagy talap edip bilýärmi? Näme üçin?
Adamlar Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşap bilermi? (11-nji aýada serediň).
Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaý hem Patyşalygy arkaly raýatlary üçin iň gowy kanunlary berýär.
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýyň Patyşalygy näme?»
Sen nähili düşündirerdiň?
ESASY PIKIRLER
Hudaýyň Patyşalygy — gökdäki hökümet. Ol bütin ýer ýüzüniň üstünden höküm sürer.
Gaýtalamak
Hudaýyň Patyşalygynda kimler höküm sürer?
Hudaýyň Patyşalygy näme üçin iň gowy hökümet?
Ýehowa raýatlaryndan näme talap edýär?
KÖPRÄK BILIŇ
Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygynyň nirededigini aýtdy.
Ýehowanyň Şaýatlary ynsan hökümdarlaryna däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna wepaly bolýar.
Mukaddes Kitapda Isa bilen 144 000 adamyň höküm sürjekdigi aýdylýar.
Türmede oturan aýal ýer ýüzünde adalaty diňe Hudaýyň dikeltjekdigine düşünýär.
«Adalatyň dikeldiljekdigini bildim» («Oýanyň!» noýabr, 2011)
a Hudaýyň kada-kanunlary hakda 3-nji bölümde aýdylýar.
-
-
Sen nädip bitaraplygy saklap bilersiň?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
45-NJI SAPAK
Sen nädip bitaraplygy saklap bilersiň?
Isa pygamber şägirtlerine «dünýäden bolmaň» diýdi (Ýahýa 15:19). Munuň üçin olar syýasata, urşa goşulmaly däl, olary goldamaly hem däl. Elbetde, hiç zada goşulmazlyk, hiç kimiň tarapyny tutmazlyk aňsat däl. Belki, seniň üstüňden gülmekleri ýa-da gaharlanmaklary mümkin. Şeýle ýagdaýda nädip bitaraplygy saklap we Ýehowa wepaly bolup bilersiň?
1. Isanyň şägirtleri ýaşaýan döwletine nähili garaýarlar?
Ýehowanyň Şaýatlary ýaşaýan döwletine hormat goýýar. Olar Isanyň aýdyşy ýaly, «patyşanyňkyny patyşa berýär» (Markus 12:17). Olar ýurduň kanunyna gulak asýar, salgytlary töleýär. Mukaddes Kitaba laýyklykda, ynsan hökümetlerine höküm sürmäge Hudaý rugsat berdi (Rimliler 13:1). Diýmek, olaryň erk-ygtyýary çäkli, Hudaýyňkydan ýokary däl. Diňe Hudaýyň Patyşalygy ähli kynçylyklary çözüp biler.
2. Bitaraplygy saklamak üçin näme etmeli?
Bir gezek Isa gudrat görkezensoň, adamlar ony patyşa etjek bolýar. Ýöne ol patyşa bolmaýar (Ýahýa 6:15). Isa şägirtlerine: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýip öwredýärdi (Ýahýa 18:36). Şonuň üçin biz hem Isadan görelde alyp, bitaraplygy saklaýarys. Meselem, biz urşa gatnaşmaýarys (Mikaý 4:3-i oka). Döwlet nyşanlaryna hormat goýýarys, ýöne olara tagzym etmeýäris (1 Ýahýa 5:21). Şeýle-de saýlawlara gatnaşmaýarys, hiç kimiň tarapyny tutmaýarys. Şeýdip, diňe Hudaýyň Patyşalygyny goldaýarys.
SÖHBETDEŞLIK
Haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamagyň kyn bolýandygyny we Hudaýy begendirmegi öwreneliň.
3. Isanyň şägirtleri hiç kimiň tarapyny tutmaýar
Isa bilen şägirtleri gowy görelde görkezdi. Rimliler 13:1, 5—7 we 1 Petrus 2:13, 14-nji aýatlary okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Biz näme üçin häkimiýetlere hormat goýmaly?
Olara haýsy ýagdaýlarda tabyn bolmaly?
Uruş turanda käbir ýurtlar hiç kimiň tarapyny tutmaýandygyny aýtsalar-da, iki tarapa-da kömek edip durýarlar. Olar hiç kimiň tarapyny tutmaýar diýip bolarmy? Ýahýa 17:16-ny okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Bitarap bolmak näme aňladýar?
Häkimiýetler Hudaýyň kanunyna garşy gelýän zady talap etse näme etmeli? Resullar 5:28, 29-njy aýatlary okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Eger döwletiň kanuny Hudaýyň kanunyna garşy gelse, kime gulak asmaly?
Isanyň şägirtleri haýsy ýagdaýlarda döwlete tabyn bolmaýar?
4. Pikiriňde-de bitaraplygy sakla
1 Ýahýa 5:21-i okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Aýen näme üçin syýasy çärä gatnaşmaýar we baýdaga tagzym etmeýär?
Ol dogry etdimi?
Ýene haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamaly? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Sport oýunlarynda nädip hiç kimiň tarapyny tutmaly däl?
Syýasy ýolbaşçylaryň edýän işleri peýdaly ýa zyýanly bolsa-da, nädip bitaraplygy saklamaly?
Täzeliklere seredenimizde ýa-da adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda nädip bitaraplygy saklamaly?
Isanyň şägirtleri haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklaýar?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Sen näme üçin gimn aýdaňok ýa-da baýdaga tagzym edeňok?»
Sen näme diýerdiň?
ESASY PIKIRLER
Isanyň şägirtleri pikirinde-de, aýdýan sözlerinde-de, edýän işlerinde-de bitaraplygy saklaýarlar.
Gaýtalamak
Biz haýsy ýagdaýlarda häkimiýete tabyn bolmaly?
Biz näme üçin syýasata goşulmaýarys?
Biz haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamaly?
KÖPRÄK BILIŇ
Bitaraplygy saklamak üçin nämelerden geçmeli bolarys?
Ene-atalar çagalaryna bitaraplygy saklamagy nädip öwredip biler?
Bir adam nädip watanyndanam has mukaddes zadyň bardygyna düşündi?
Iş saýlanymyzda «dünýäden bolmaň» diýen prinsipe nädip eýerip bileris?
«Her kim öz ýüküni özi götermeli» («Garawul diňi» 15 mart, 2006)
-