Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 130 sah. 296—sah. 297 abz. 2
  • Isany ölüme höküm edýärler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isany ölüme höküm edýärler
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Pilatus hem, Hirodes hem Isadan ýazyk tapmaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isany Sinedrionyň, soňra Pilatusyň öňüne getirýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa Galgotada ölýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Pilatus: „Ine ol adam!“ diýýär»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 130 sah. 296—sah. 297 abz. 2
Isany pürse çüýleýärler we Simun atly adama onuň pürsüni göterdýärler

130-NJY BAP

Isany ölüme höküm edýärler

MATTA 27:31, 32; MARKUS 15:20, 21; LUKA 23:24—31; ÝAHÝA 19:6—17

  • PILATUS ISANY BOŞATMAGA SYNANYŞÝAR

  • ISA ÖLÜM JEZASY BERILÝÄR

Isanyň zalymlyk bilen kemsidilmegi we Pilatusyň ony boşatjak bolmagy uly ruhanylardyr olaryň ýaranlarynyň ýüregini eredäýjek ýalydy. Emma olar ýan berjege meňzemeýärdi. Olara Isanyň ölüminden başga hiç zat gerek däldi. Şol sebäpli olar: «Ony pürse çüýle! Ony pürse çüýle!» diýip gygyryşýarlar. Pilatus bolsa: «Alyň-da, oňa özüňiz jeza beriň, sebäbi men ony günäkärlär ýaly hiç zat tapmadym» diýýär (Ýahýa 19:6).

Ýehudylar Isa ölüm jezasyny berdirmek üçin, ony syýasatyň duşmany hökmünde aýyplasalar-da, Pilatusy ynandyryp bilmeýärler. Şonuň üçin olar Isany Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde günäkärlejek bolýarlar. Sinedrionyň öňünde-de Isa şu aýyplamany ýöňkäpdiler. Olar şeýle diýýärler: «Biziň kanunymyza görä ony ölüme tabşyrmaly, sebäbi ol özüne Hudaýyň ogly diýýär» (Ýahýa 19:7). Bu aýyplamany Pilatus birinji gezek eşidýärdi.

Ol gaýtadan köşge dolanyp, azap baryny çeken we aýalynyň düýşüne giren adamy ýene-de azat etmegiň ugruny agtaryp başlaýar (Matta 27:19). Indi ýehudylar tussagy, ýagny Isany «Hudaýyň Ogly» hökmünde aýyplaýardylar. Pilatus Isanyň Jeliledendigini bilýärdi (Luka 23:5—7). Emma ol şonda-da: «Sen nireden bolarsyň?» diýip soraýar (Ýahýa 19:9). Eýsem, Pilatus öň Isanyň nirede ýaşandygyny bilmek isledimikä? Ol onuň gökden gelendigi hakda biljek boldumy?

Pilatus öň Isanyň hut özünden onuň Patyşadygyny, ýöne onuň Patyşalygynyň bu dünýäden däldigini eşidipdi. Indi bulary tassyklamagyň hajaty ýokdy. Şonuň üçin hem Isa dymyp durýar. Pilatus özüni äsgerilmedik ýaly duýýar, şol sebäpli ol gaharlanyp: «Sen meniň bilen gepleşmejek bolýarmyň? Seni boşatmaga-da, jezalandyrmaga-da ygtyýarymyň bardygyny bilmeýärmiň?» diýýär (Ýahýa 19:10).

Isa bolsa: «Saňa Hudaýdan berilmedik bolsa, meniň üstümden ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem meni seniň eliňe tabşyran adamyň günäsi has uludyr» diýip jogap berýär (Ýahýa 19:11). Şeýle diýmek bilen, Isa kimdir birini göz öňünde tutmaýar. Ol Pilatusa garanyňda, Kaýafanyň, onuň ýaranlarynyň we Iuda Iskariotyň günäsiniň has agyrdygyny aýtjak bolýar.

Isanyň özüni alyp barşy we aýdýan sözleri Pilatusy has-da gorkuzýar. Şonuň üçin ol Isa gökden gelendir öýdüp, ony ýene-de azat etmäge dyrjaşýar. Emma ýehudylar Pilatusyň gowşak ýerinden tutup, başga bir hile tapýarlar. Olar haýbat atyp: «Eger sen ony boşatsaň, Sezaryň dosty dälsiň. Özüne patyşa diýýän her kes Sezaryň garşysyna çykýandyr» diýýärler (Ýahýa 19:12).

Hökümdar ýene-de Isany märekäniň öňüne çykarýar, özi bolsa höküm kürsüsinde oturyp: «Ine siziň patyşaňyz!» diýýär. Ýehudylar ýan berer ýaly däldi. Olar: «Ony öldür! Ony öldür! Ony pürse çüýle!» diýip gygyryşýarlar. Pilatus naýynjar ses bilen: «Patyşaňyzy jezalandyraýynmy?» diýýär. Ýehudylar ençeme ýyldan bäri Rim hökümetiniň goly astynda ejir çekip gelýärdiler. Muňa garamazdan, uly ruhanylar: «Biziň Sezardan başga patyşamyz ýok» diýip jogap berýärler (Ýahýa 19:14, 15).

Ahyry, Pilatus boýun egip, dyngysyz talap edýän ýehudylaryň öňünde Isa ölüm jezasyny çykarýar. Esgerler onuň egnine atylan gyrmyzy matany alyp, oňa öz eşigini geýdirýärler. Isany jezalandyrmaga äkidip barýarkalar, jebir pürsüni onuň özüne göterdýärler.

Häzir nisan aýynyň 14-i anna güni günortan töweregidi. Isa penşenbe güni daň atandan bäri uklamandy we ejir baryny çekipdi. Agyr pürsi götermäge onuň ysgyn-mydary galmaýar. Şol sebäpli esgerler Afrikanyň Kirena şäherinden bolan Simun atly adama onuň pürsüni göterdýärler. Köp adamlar Isanyň yzyna düşüp gidýärler. Käbirleri hasratdan ýaňa gursaklaryna urup, bolýan zatlara dady-perýat edýärdiler.

Isa aglap duran aýallara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Eý Iýerusalimiň gyzlary, meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň. Sebäbi şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz, çaga dogurmadyk we emdirmedik aýallar bagtlydyr!“ diýerler. Şonda olar daglara: „Üstümize ýykylyň!“ we depelere: „Üstümizi örtüň!“ diýip başlarlar. Eger olar agaç entek ýaşylka şeýle edýän bolsalar, onda ol gurasa näme bolar?» (Luka 23:28—31).

Isa bu sözleri ýehudy halkyna degişli edip aýdýar. Olar gurap barýan agaja meňzedilýär. Ýöne ol entek doly guramandy. Sebäbi ýehudylaryň arasynda Isa we oňa iman edýän adamlar bardy. Emma Hudaý olary bu halkdan alanda, olar ruhy taýdan ölüp, guran agaç ýaly bolup galar. Rim goşuny Ýehowanyň bu halka çykaran hökümini berjaý edende, olar güýçli dady-perýat ederler.

  • Dini ýolbaşçylar Isany nämede aýyplaýarlar?

  • Pilatus näme üçin has-da gorka düşýär?

  • Pilatus Isany ölüme höküm eder ýaly, uly ruhanylar näme edýärler?

  • Isanyň «agaç entek ýaşyl» we «gurasa näme bolar» diýen sözleri nämäni aňladýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş