-
Isanyň mazary boş. Ol direlipdir!Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
-
-
Aýallar Isanyň mazarynyň boşdugyny görende, gör, nähili haýran galandyrlar! Şonda magdalaly Merýem «Petrusyň we Isanyň gowy görýän şägirdiniň», ýagny Ýahýanyň ýanyna ylgap gidýär (Ýahýa 20:2). Emma beýleki aýallar mazaryň ýanynda bir perişdäni, mazaryň içinde bolsa «uzyn ak donly» başga bir perişdäni görýärler (Markus 16:5).
-
-
Isanyň mazary boş. Ol direlipdir!Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
-
-
Onýança, Merýem Petrus bilen Ýahýany tapýar. Ol demini dürsemän: «Halypamyzy mazardan alyp gidipdirler, ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýýär (Ýahýa 20:2). Petrus bilen Ýahýa şol bada mazarçylyga ylgaýar. Ýahýa has gaty ylgansoň, birinji barýar. Ol eglip, mazaryň içine seredende, matalary görýär, ýöne içine girmän, daşynda durýar.
Petrus gelende, ol göni mazaryň içine girýär. Ol Isanyň bedenine dolanan zygyr matany we kellesine dolanan matany görýär. Soňra ol ýere Ýahýa hem girýär we şonda Merýemiň aýdanlaryna ynanýar. Isa öň bu babatda aýdan hem bolsa, olaryň biri-de onuň direlendigine düşünmeýärler (Matta 16:21). Hiç zada akyl ýetirip bilmän, olar öýlerine gaýdýarlar. Merýem bolsa şol ýerde galýar.
-