-
Wagyz gullugynyň netijeleri — «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir»Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
-
-
1, 2. a) Şägirtler näme üçin geň galdylar? b) Isa haýsy hasyl ýygymy barada aýtdy?
ŞÄGIRTLER ör gökden gelýärler, sebäbi Isa olara: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýýär. Şägirtler Isanyň görkezen tarapyna ünsli seredýärler, emma ekin meýdanyndaky arpalar ýaňy gögeripdi. Şonuň üçin şägirtler öz içinden: «Ol haýsy hasyl barada aýdýarka? Hasyl ýygymyna ýene birnäçe aý bar ahyry» diýendirler (Ýahýa 4:35).
2 Elbetde, Isa göni manydaky hasyl barada aýtmaýardy. Emma ol mümkinçilikden peýdalanyp, şägirtlerine ruhy hasyl, ýagny adamlary Hudaýyň guramasyna ýygnamak babatda iki sany wajyp zady öwretmek isleýärdi. Geliň, muňa düşünmek üçin şol waka jikme-jik seredeliň.
Çagyryş we wada
3. a) Isa näme üçin «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýdi? b) Isa bu sözleri nädip düşündirdi?
3 Isa bilen şägirtleriniň arasyndaky bu gürrüňdeşlik b. e. 30-njy ýylynyň ahyrynda Samariýanyň Sihar şäheriniň golaýynda bolupdy. Şondan biraz wagt öň, şägirtler şähere gidenlerinde, Isa guýynyň başynda galyp, bir aýala ruhy hakykatlar barada wagyz edýär. Ol aýal Isanyň öwreden zatlarynyň wajypdygyna derrew düşünýär. Şägirtler Isanyň ýanyna gelenlerinde, aýal öwrenen üýtgeşik zatlary barada Sihardaky goňşy-golamlaryna aýtmak üçin howlugyp gidýär. Onuň gürrüň beren zatlary adamlary diýseň gyzyklandyrýar we şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsi Isany görmäge gelýärler. Mümkin, Isa şonda ekin meýdanyna seredip, birgiden samariýalylaryň golaýlaşyp gelýänine gözi düşende: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýendir. Soňra Isa göni manydaky däl-de, göçme manydaky hasyl barada aýdýandygyny düşündirmek üçin: «Orakçy... ebedi ýaşaýyş üçin hasyl ýygnap ýör» diýýär (Ýahýa 4:5—30, 36).
4. a) Isa ruhy hasyl ýygymynyň haýsy iki wajyp aýratynlygy barada aýtdy? b) Biz haýsy soraglara serederis?
4 Isa ruhy hasyl ýygymynyň haýsy iki wajyp aýratynlygy barada aýtdy? Birinjiden, bu iş gaýragoýulmasyz. Isanyň: «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýen sözleri şägirtlerini hasyl ýygymyna gatnaşmaga höweslendiren bolmaly. Isa şägirtlerine bu işiň gaýragoýulmasyzdygyny düşündirmek üçin: «Orakçy eýýäm iş hakyny alýar» diýdi. Hawa, hasyl ýygymy eýýäm başlanypdy, indi haýal-ýagallyk etmegiň wagty däldi! Ikinjiden, bu iş işçilere şatlyk berýär. Isa ekenleriň we oranlaryň «bile şatlanjakdygyny» wada berdi (Ýahýa 4:35b, 36). Isa «samariýalylaryň köpüsiniň» oňa iman edendigini görüp begendi. Eger onuň şägirtleri hem hasyl ýygymyna ak ýürekden gatnaşsalar, köp şatlyk taparlar (Ýahýa 4:39—42). I asyrda bolan bu wakanyň biziň üçin hem uly ähmiýeti bar. Sebäbi ol häzirki iň beýik ruhy hasyl ýygymynyň nädip alnyp barylýandygyna düşünmäge kömek edýär. Bu hasyl ýygymy haçan başlandy? Oňa kimler gatnaşýar? Ol nähili netijeleri berýär?
-
-
Wagyz gullugynyň netijeleri — «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir»Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
-
-
a Işaýa 59:1 Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.
-