Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Siziň adyňyz «ýaşaýyş kitabynda» barmy?
    Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Sentýabr
    • ÝAŞAMAK WE HÖKÜM EDILMEK ÜÇIN DIRELMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

      13, 14. a) Biz Isa pygamberiň Ýahýa 5:29-da aýdan sözlerine nähili düşünýärdik? b) Isanyň aýdan sözlerine häzir nähili düşünýäris?

      13 Isa pygamber ýer ýüzünde kimleriň direljekdigi barada şeýle sözleri aýtdy: «Mazarda ýatanlaryň ählisiniň onuň sesini eşitjek wagty ýetip gelýär. Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin, erbet iş edenler höküm edilmek üçin direler» (Ýah. 5:28, 29). Isa nämäni göz öňünde tutdy?

      14 Biz öň Isanyň aýdan sözlerine adamlar direleninden soň ýagşy işleri ýa-da erbet işleri ederler diýip düşünýärdik. Ýöne Isa ýagşy iş ederler we erbet iş ederler diýip geljek zamanda aýtmady. Ol «ýagşy iş edenler» we «erbet iş edenler» diýip öten zamanda aýtdy. Diýmek, Isanyň aýdan sözleri direljek adamlaryň ölmänkä eden işlerini görkezýär. Onsoňam, täze dünýäde hiç kime erbet işleri etmäge ýol berilmez. Şol sebäpli Isa erbetleriň ölmänkä eden erbet işlerini göz öňünde tutdy diýip bileris. Isanyň «ýaşamak üçin direler» we «höküm edilmek üçin direler» diýen sözleri nämäni aňladýar?

      15. «Ýaşamak üçin» kimler direler we näme üçin?

      15 Ölmänkä ýagşy işleri eden adamlar «ýaşamak üçin direler». Sebäbi olaryň atlary eýýäm ýaşaýyş kitabyna ýazyldy. Ýahýa 5:29-da agzalýan «ýagşy iş eden adamlara» Resullar 24:15-de «dogruçyllar» diýilýär. Rimliler 6:7-de aýdylyşy ýaly, adam ölenden soň «günäden azat bolýar». Emma onuň eden ýagşy işleri hiç haçan unudylmaz (Ýew. 6:10). Şol sebäpli hem onuň ady ýaşaýyş kitabyna ýazylýar. Elbetde, ölümden direljek dogruçyl adamlar atlarynyň hemişelik ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin Ýehowa doly wepaly bolmaly.

      16. «Höküm edilmek üçin direlmek» nämäni aňladýar?

      16 Erbet iş edenler dirikä Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamadylar. Şol sebäpli olaryň ady ýaşaýyş kitabyna ýazylmady. Emma ýokarda aýdylyşy ýaly, olar hem ölenden soň «günäden azat bolarlar». Ýahýa 5:29-da agzalýan «erbet iş edenlere» Resullar 24:15-de «erbetler» diýilýär. Olar «höküm edilmek üçin direler»c. Isa olaryň ýaşaýşyna syn eder (Luka 22:30). Erbetler ýaşaýyş kitabyna atlarynyň ýazylmagy üçin öwrenen zatlary boýunça ýaşaýandygyny subut etmeli bolarlar. Olar erbet işlerden el çekip, özüni Hudaýa bagyş edensoň, Ýehowa olaryň adyny ýaşaýyş kitabyna ýazar.

  • Siziň adyňyz «ýaşaýyş kitabynda» barmy?
    Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Sentýabr
    • c Biz öň aýatdaky «höküm» sözüne birine «jeza bermek» we «çäre görmek» diýip düşünýärdik. Hawa, «höküm» sözüniň şeýle manysy hem bolup biler. Emma Isanyň aýatda ulanan «höküm» sözüniň köp manysy bar. Mukaddes Kitabyň bir sözlügine görä, aýatda ulanylan «höküm» sözi bir adamyň edýän işine «syn etmegi» ýa-da eden işini kazyýetde «derňemegi» aňladýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş