Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Ýanwar sah. 19
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Meňzeş maglumat
  • «Isa hakda hoş habar» wagyz edilýär
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Ýagdaýa görä gürrüň ediň
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Ýanwar sah. 19
Filipus bilen efiopiýaly wezir dört tigirli arabada otyr. Filipus wezire pygamberligi düşündirýär.

Şuny bilýäňizmi?

Efiopiýaly wezir nähili arabada syýahat edipdir?

MUKADDES KITABYŇ asyl nusgasynda duş gelýän «araba» diýen söz dürli görnüşdäki arabalary aňladýar (Res. 8:28, 29, 38). Emma efiopiýaly weziriň münen arabasy ýaryş ýa-da söweş arabalaryndan has uly bolmaly. Geliň, munuň käbir sebäpleri hakda gürrüň edeliň.

Efiopiýaly wezir uzak ýoly geçmelidi. Ol «Efiopiýanyň aýal patyşasynyň hazynasyna seredýän wezirdi» (Res. 8:27). Gadymy Efiopiýa häzirki Müsüriň günortasynda we Sudanyň çäginde ýerleşýärdi. Efiopiýa bilen Iýerusalimiň arasy uzakdy. Şonuň üçin wezir ýanyna köp gerek-ýarak zatlaryny alan bolmaly we Iýerusalime barýança birnäçe araba münen bolmaly. I asyrda syýahat eden adamlar dört tigirli we üsti ýapyk arabalary ulanypdyrlar. Resullar kitabyny düşündirýän bir ylmy kitapda şeýle diýilýär: «Syýahat üçin ulanylan arabalar uzak ýoly geçmek üçin amatlydy we köp goş ýükläp bolýardy» («Acts—An Exegetical Commentary»).

Efiopiýaly wezir arabada kitap okap otyrdy. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Filipus arabanyň ýanynda ylgap barýarka, weziriň Işaýa pygamberiň kitabyny sesli okaýandygyny eşitdi» (Res. 8:30). Syýahat üçin ulanylan arabalary gaty sürüp bolmaýardy. Weziriň arabasy ýuwaş gidensoň, ol arkaýyn kitap okap otyrdy. Hatda Filipus arabanyň yzyndan ylgap ýetdi.

Efiopiýaly wezir «Filipusdan araba münüp, ýanynda oturmagy haýyş etdi» (Res. 8:31). Ýaryş üçin ulanylan arabalarda dik durmalydy. Ýöne syýahat üçin ulanylan arabalar giňdi, wezir hem, Filipus hem arkaýyn oturyp bilýärdi.

Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan Resullar kitabynyň 8-nji babynyň we taryhy subutnamalaryň esasynda, indi edebiýatlarda efiopiýaly weziriň arabasynyň suratyny ýaryş ýa-da söweş arabalaryndan uly edip çekýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş