-
«Ýygnaklara asudalyk aralaşdy»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
12 Ananýas Isa gulak asyp, tabşyrygyny berjaý etdi. Şeýdip, berekedem aldy. Size-de wagyz etmek kyn düşýärmi? Öýden-öýe wagyz etmäge, nätanyş adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga çekinýärsiňizmi? Adamlara iş ýerinde, köçede, telefon ýa-da hat arkaly wagyz etmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Şeýle ýagdaýlarda Isanyň tabşyrygyna gulak asarsyňyzmy? Ananýas gorkup oturman, Isa bil baglady. Sawula-da dogany ýaly seretdi. Şeýdip, ol Sawulyň üstüne elini goýup, Hudaýyň mukaddes ruhuny almaga kömek etdib. Isanyň wagyzda kömek etjekdigine ynansak, adamlara duýgudaş bolsak, olara doganymyz ýa uýamyz ýaly seretsek, Ananýas ýaly gorkyny ýeňip bileris (Mat. 9:36).
-
-
«Ýygnaklara asudalyk aralaşdy»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
b Adatça mukaddes ruhy diňe resullar berip bilýärdi. Sawula bolsa mukaddes ruh Ananýas arkaly berildi. Sawul şägirt bolansoň, köp wagtlap beýleki resullar bilen habarlaşyp bilmedi. Ýöne ol resullar bilen görüşýänçä-de, yhlasly wagyz etdi, sebäbi Isa oňa wagyz etmäge güýç beren bolmaly.
-