-
«Ýehowanyň sözi... ähli ýere ýaýraýar»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
1—4. Petrus nähili ýagdaýa düşdi? Onuň ýerine bolan bolsaňyz nähili bolardyňyz?
PETRUSY türmä basýarlar. Göz öňüne getiriň, esgerler Petrusy içerik salyp demir derwezäni ýapýar. Şonda onuň sesi türmäniň içine ýaňlanyp gidýär. Petrusyň her eli bir esgere zynjyr bilen baglanandy. Esgerler ony äkidip gözenege dykýarlar. Belki-de, Petrus indi näme bolarka diýip birnäçe sagatlap, hatda birnäçe günläp alada edendir, onuň ýüregi bükgüldäp durandyr. Türmäniň galyň diwarlary, demir gözenekleri, elindäki zynjyrlar, garawullap duran esgerler arkaýyn wagyz edip ýören resulyň howuny basandyr.
2 Gynansak-da, Petrus ajy habar eşidýär. Hirodes Agrippa I Petrusa ölüm jezasyny berýära. Ol Pasha baýramyndan soň Petrusy halkyň öňüne çykaryp öldürjek bolýardy. Şeýtse, halkyň göwnüni awlaryn diýip pikir edýärdi. Ol gorkuzjak bolmaýardy, ýüregine düwen zadyny edýärdi, sebäbi şondan birnäçe wagt öň, Ýakuby hem gylyçdan geçirdipdi.
-
-
«Ýehowanyň sözi... ähli ýere ýaýraýar»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
7, 8. Petrus türmedekä dogan-uýalar näme etdi?
7 Agrippa maksadyna ýetdi, Ýakup öldürilende ýehudylar heşelle kakdy. Indi ol Petrusy öldürmegiň küýüne düşdi. Babyň başynda aýdylyşy ýaly, ol Petrusy tussag edipdi. Ýöne şu kitabyň 5-nji babynda resullaryň öň türmeden gudrat bilen boşandygy aýdylýar. Belki, Agrippa patyşanyň şol waka ýadyna düşendir. Şonuň üçin ol Petrus hem gaçyp gidäýmesin diýip, ony iki esgere baglaýar. Petrusy gije-gündiz garawullar ýaly 16 esger goýýar. Esgerler Petrusa kellesi bilen jogap bermelidi, gaçaýsa, olaryň özleri ölüme höküm edilmelidi. Şeýle kyn ýagdaýda mesihçiler Petrusa nädip kömek ederkä?
-