-
«Mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
1, 2. Antakyýada nähili waka boldy? Isanyň sözleri nädip ýerine ýetip başlady? (Resullar 1:8).
BIR GÜN Antakyýadaky ýygnakda ýatdan çykmajak waka bolýar. Pygamberler, mugallymlar üýşüp otyrka, Pawlus bilen Barnabas mukaddes ruh arkaly uzak ýerlere gidip wagyz etmäge saýlanýara (Res. 13:1, 2). Olar öň hem köp ýerlerde wagyz edýärdiler, ýöne ýygnak bar şäherlerde wagyz edýärdiler (Res. 8:14; 11:22). Indi bolsa hoş habar aýdylmadyk ýerlerde wagyz etmelidiler. Olar Markus diýilýän Ýahýany hem alyp gidýärler. Ýahýa olara kömek edýär.
2 Şondan takmynan 14 ýyl öň, Isa şägirtlerine: «Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» diýipdi (Res. 1:8). Isanyň aýdyşy ýaly, Barnabas bilen Sawul başga ýerlerde wagyz edip başlaýar. Şeýdip, olar pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşýarb.
-
-
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylarDurmuş we wagyz. Okuw depderi — 2018 | dekabr
-
-
4 Näme üçin Barnabas bilen Sawul «belli bir iş üçin» mukaddes ruh arkaly saýlandy? (Res. iş. 13:2). Mukaddes Ýazgylarda bu barada aýdylmaýar. Ýöne biz olaryň mukaddes ruhuň görkezmesi bilen saýlanandygyny bilýäris. Antiohiýadaky pygamberleriň we mugallymlaryň hem bu karara garşy çykandygy barada hiç ýerde aýdylmaýar. Gaýtam, olar muny iki elläp goldadylar. Imandaşlary göriplik etmän, «agyz bekläp, doga edenlerinden soň, Barnabas bilen Sawulyň üstüne ellerini goýup, ýola salanlarynda», olaryň özlerini nähili duýandygyny göz öňüne getiriň (Res. iş. 13:3). Biz hem ýygnakda jogäpkärli borçlary ýerine ýetirýän ýaşululary goldamaly. Eger dogana ýa-da uýa hormatly borçlar ynanylsa, oňa göriplik etmän, «edýän işleri üçin çuňňur hormat goýmaly» (1 Sel. 5:13).
-