-
«Mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
5. Kiprde nädip wagyz edilendigini gürrüň beriň.
5 Barnabas bilen Sawul Antakyýanyň golaýyndaky gämi duralgaly Selewkiýa şäherine bardylar. Olar gämide 200 kilometr ýol geçip, Kipr adasyna geldilerd. Barnabasyň asly kiprli bolansoň, ol ildeşlerine höwes bilen wagyz edendir. Kipr adasynyň gündogar kenarýakasynda Salamis şäheri bardy. Doganlar şol şähere gelensoň, wagtyny biderek geçirmän, «ýehudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň sözüni wagyz edip başladylar»e (Res. 13:5). Şägirtler Kipriň bir ujyndan girip, beýleki ujuna çenli uly şäherlere aýlanyp wagyz etdiler. Olaryň baran şäherlerini göz öňünde tutsaň, takmynan 160 kilometr ýol geçen bolmaly.
-
-
«Mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
d I asyrda gämide bir günde takmynan 160 kilometr ýol geçip bolýardy. Eger deňizde tupan tursa, bir günlük ýol birnäçe güne çekýärdi.
-