-
«Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
«Ýeri-gögi... ýaradan Biribara sežde ediň» (Resullar 14:15)
11—13. a) Pawlus bilen Barnabas Listradaky adamlara näme diýdi? b) Doganlaryň aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?
11 Adamlar nähili seslense-de, Pawlus bilen Barnabas wagyz etmegini goýmadylar. Luka Pawlus bilen Barnabasyň Listranyň ýaşaýjylaryna aýdan sözlerini ýazýar. Onuň ýazan sözlerinden Hudaýa iman etmeýän adamlara nädip wagyz etmelidigini öwrenýäris. Pawlus bilen Barnabas adamlara şeýle diýdiler: «Adamlar, edýäniňiz näme? Bizem siziň ýaly adam ahyryn. Biz siziň biderek zatlardan el çekip, ýeri-gögi, deňzi we olardaky zatlary ýaradan Biribara sežde etmegiňiz üçin hoş habary wagyz edýäris. Hudaý geçmişde ähli halklara islän zatlaryny etmäge ýol beripdi. Emma ol ýagşylyk edip, özi hakda şaýatlyk edýärdi. Hudaý gökden ýagmyr ýagdyrýardy, möwsüminde bol hasyl berip doýurýardy we ynsan kalbyny şatlykdan doldurýardy» (Res. 14:15—17).
-
-
«Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
14—16. Pawlus bilen Barnabasyň wagyz edişinden ýene nämeleri öwrenýäris?
14 Ikinjiden, Pawlus bilen Barnabas adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, şoňa görä bolýardy. Listradaky adamlar Ikoniýadaky ýehudylardan we ýehudy dinine geçen adamlardan tapawutlanýardy. Olaryň käbiri mukaddes kitaplary, Hudaýyň ysraýyl halkyna eden ýagşylyklary hakda biraz bilýärdi, käbirleri asla bilmeýärdi. Ýöne Pawlus bilen Barnabasy diňläp duran adamlaryň köpüsi daýhandy. Listrada ýagyş köp ýagansoň, adamlar ýerden bol hasyl alýardy. Olar mes toprakly ýerden bol hasyl alanlarynda, süýji-süýji ir-iýmişleri iýenlerinde Ýaradyjynyň ýagşylyklaryny, häsiýetlerini görüp bilýärdiler. Şonuň üçinem Pawlus bilen Barnabas Hudaýyň ýaradan zatlary hakda wagyz etdi (Rim. 1:19, 20).
-