-
«Biragyzdan makul bildik»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
9. Ýakubyň teklibi näme üçin gowudy?
9 Ýakubyň teklibini hemmeler haladymy? Hawa, resullar hem, ýaşulular hem onuň teklibini iki elläp goldadylar. Ýakubyň teklibi näme üçin gowudy? Birinjiden, Ýakubyň teklibi başga milletli mesihçilere «agyr ýük» bolmaýardy, sebäbi olara Musanyň kanuny boýunça ýaşamak gerek däldi (Res. 15:19). Ikinjiden, şol teklip ýyllarboýy «her Sabat güni» Musanyň kanunyny okap gelen ýehudy mesihçileriň hem ynsabyna hormat goýýardyb (Res. 15:21). Ýakubyň teklibi ýehudylar bilen başga milletli mesihçileri agzybir edýärdi. Esasanam, ol Hudaýyň niýetine laýyk gelip, ony begendirýärdi. Ahyry doganlar ýygnagyň agzybirligine, parahatlygyna zyýan ýetirýän meseläni çözdüler. Şeýdip, şol doganlar häzirki ýygnaklara-da gowy görelde galdyrdylar.
-
-
«Biragyzdan makul bildik»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
b Ýakup Musa pygamberiň ýazan kitaplaryna salgylanýar. Musanyň kitaplarynda diňe Kanun däl-de, Hudaýyň adamlardan nämä garaşýandygy we olara islegini nädip düşündirendigi hakda ýazylan. Meselem, 1 Musa kitabyndan Hudaýyň gana, biwepalyga we butparazlyga garaýşyny bilip bolýar (1 Mus. 9:3, 4; 20:2—9; 35:2, 4). Diýmek, Ýehowanyň prinsipleri ähli adamlara, hatda ýehudylara-da, başga milletli adamlara-da degişlidi.
-