Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lr bap 17 sah. 92—96
  • Nädip bagtly bolmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nädip bagtly bolmaly?
  • Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Geçmişden sapak. Lidiýa
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • «Bagtly Hudaýa» gulluk edýänler bagtlydyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Beýik Mugallymdan öwreniň
lr bap 17 sah. 92—96

17-NJI BAP

Nädip bagtly bolmaly?

Mekgejöwen meýdanyna gün nuruny saçýar we asmanda älemgoşar peýda bolýar

Ýehowa näme üçin bagtly Hudaý?

1—8. a) Bagtly bolmak üçin näme etmeli? b) Ýehowa näme üçin bagtly Hudaý? ç) Biz adamlara näme berip bileris?

BIZIŇ ählimiz bagtly bolmak isleýäris, şeýle dälmi? ~ Emma adamlaryň köpüsi bagtly däl. Näme üçindigini bilýärmiň? ~ Sebäbi olar bagtly bolmagyň syryny bilmeýärler. Olar näçe köp zat edinseler, şonça-da bagtly bolarys öýdýärler. Emma olar köp zat edinseler-de, özüni bagtly duýmaýarlar.

2 Beýik Mugallym: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýip, bir wajyp syry açdy (Resullaryň işleri 20:35). Şol sebäpli bagtly bolmak üçin näme etmeli? ~ Hawa, biz adamlara sowgat bersek ýa-da ýagşylyk etsek bagtly bolarys. Sen muny bilýärmiň? ~

3 Gel, oýlanyp göreli. Isa sowgat alsaň, bagtsyz bolarsyň diýjek boldumy? ~ Ýok, ol beýle diýjek bolmady. Sen sowgat almagy gowy görýärmiň? ~ Hemmelerem gowy görýär. Hawa, biz gowy sowgat alanymyzda begenýäris.

4 Emma Isa biziň has bagtly bolmagymyz üçin bermelidigimiz barada aýtdy. Seniň pikiriňçe, adamlara kim hemmelerden has köp zat berýär? ~ Hawa, Ýehowa Hudaý.

5 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň «hemmelere dirilik, dem we ähli zady berýändigi» aýdylýar. Ol ösümlikleriň ösmegi we bize iýmit bermek üçin asmandan ýagyş ýagdyrýar hem-de gün şöhlesini berýär (Resullaryň işleri 14:17; 17:25). Ýehowa — bagtly Hudaý. Sebäbi ol jomartlyk bilen berýär. Biz hem eli açyk bolsak, bagtly bolup bileris.

Gyzjagaz oglanjyga we onuň ejesine köke berýär

Kökäniň hemmesini özüň iýmän, näme etseň has köp begenersiň?

6 Biz adamlara näme berip bileris? Sen nähili pikir edýärsiň? ~ Käbir sowgatlary pula satyn almaly bolýar. Eger-de sowgady dükandan alsaň, oňa pul tölemeli. Ony almak üçin hem ýeterlikli pul ýygnamaly bolýar.

7 Emma ähli sowgatlar dükandan satyn alynmaýar. Mysal üçin, tomsuň yssysynda bir käse sowuk suw janyňa lezzet berýär. Şol sebäpli biz adama gerek zadyny sowgat etsek, bermekden şatlyk tapyp bileris.

8 Käwagt sen ejeň bilen köke bişireniňde, örän begenýänsiň. Ýöne näme etseň has köp begenersiň? Onuň hemmesini özüň iýseňmi ýa-da dostuň bilen paýlaşsaň? ~ Hawa, sen ony dostuň bilen paýlaşsaň, has köp begenersiň. Sen şeýle etmek isleýärmiň? ~

9—12. a) Isa we onuň şägirtleri adamlara näme berdi? b) Pawlus bilen Luka adamlara näme berdi we Lidiýa olara ýagşylyk etmekden näme üçin şatlyk tapdy?

9 Beýik Mugallym we onuň şägirtleriniň ählisi bermekden şatlyk tapyp bolýandygyny bilýärdiler. Olaryň adamlara näme berendigini bilýärmiň? ~ Ol dünýäde iň gowy sowgat! Olar Hudaý barada hakykaty bilip, ony adamlara höwes bilen gürrüň berýärdi. Olar wagyz eden adamlaryndan pul almaýardylar.

10 Bir sapar Pawlus resul ýakyn dosty Luka bilen bir aýala duşýar. Ol aýal hem bermekden şatlyk tapmak isleýärdi. Pawlus resul bilen Luka derýanyň boýunda doga edilýänini eşidip, ol ýere gidýärler. Olar derýanyň boýuna baranlarynda, birnäçe aýalyň doga edýänini görýärler.

11 Pawlus resul şol aýallara Ýehowa Hudaý we onuň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip başlaýar. Lidiýa atly bir aýal olary örän ünsli diňleýär. Ol hoş habaryň onuň göwnüne ýarandygyny bildirmek üçin, nämedir bir zat etmek isleýär. Şol sebäpli ol Pawlus bilen Luka ýalbaryp: «Meni Rebbe wepaly saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýýär. Şeýlelikde, ol Pawlus bilen Lukany öýüne barmaga razy edýär (Resullaryň işleri 16:13—15).

Lidiýa Pawlusy, Lukany we başga doganlary öýüne myhmançylyga çagyrýar

Lidiýa Pawlusa we Luka näme diýýär?

12 Lidiýa Hudaýyň gullukçylarynyň myhmançylyga gelendigine örän begenýär. Ol Pawlus bilen Lukany gowy görýär. Sebäbi olar oňa Ýehowany we Isany tanamaga hem-de nädip ebedi ýaşaýşa ýetip bolýandygyny bilmäge kömek edýärler. Lidiýa olar üçin nahar taýýarlaýar we dynç almaga mümkinçilik döredýär. Şeýtmek bilen, Lidiýa şatlyk tapýar, sebäbi ol ýürekden bermek isleýärdi. Hawa, biz hem ýürekden bersek, şatlyk tapyp bileris. Aýdaly, bize kimdir birine sowgat bermegi haýyş edýärler. Ýöne biz muny etmek islemesek, şatlyk tapyp bilmeris.

Lidiýa Pawlusy, Lukany we başga doganlary myhman alyp, naharlandygyna begenýär

Lidiýa Pawlusy we Lukany myhman alandygyna näme üçin begenýär?

13—16. a) Bir zady nädip bermeli we näme üçin? b) Garyp aýal bar zadyny bermekden näme üçin şatlyk tapdy? ç) Bizde «bermäge» nähili mümkinçilikler bar we bu bize nähili täsir edýär?

13 Aýdaly, sende süýjüje şokolad bar we sen ony iýmekçi bolýarsyň. Ýöne men saňa: «Hany, ol oglanjyga-da ber» diýsem, begenermidiň? ~ Emma sen gowy görýän dostuňy görseň, oňa şokoladyňdan beresiň geler. Şeýle etseň, sen begenmersiňmi? ~

14 Biz birini gowy görsek, oňa bar zadymyzy beresimiz gelýär. Biz Hudaýy näçe köp söýdügimizçe, oňa-da bar zadymyzy beresimiz geler.

Garyp aýal iki şaý puluny ybadathananyň hazynasyna sowgat hökmünde atýar

Bu garyp aýal bar zadyny bermekden näme üçin şatlyk tapýar?

15 Beýik Mugallym Hudaýy örän söýýän bir garyp aýaly tanaýardy. Ol ony Iýerusalimiň ybadathanasynda görýär. Aýalyň bary-ýogy iki şaý puly bardy. Ol barja puluny ybadathananyň hazynasyna sowgat hökmünde atýar. Şeýle etmäge ony hiç kim mejbur etmeýär. Şol güni ybadathana baran adamlaryň köpüsi onuň näme edendigini hem bilmeýärler. Ol muny Ýehowany ýürekden söýýändigi we sowgat bermek isleýändigi üçin edýär. Şeýlelikde, ol bermekden şatlyk tapýar (Luka 21:1—4).

16 Bizde hem adamlara sowgat bermäge dürli mümkinçilikler bar. Sen näme sowgat berip bilersiň? ~ Eger biz sowgady ak ýürekden bersek, bagtly bolarys. Ine, şol sebäpli Beýik Mugallym bize: «Beriň» diýdi (Luka 6:38). Şeýle etmek bilen, biz adamlary bagtly ederis. Özümiz hem dünýäde iň bagtly adam bolarys!

Gel, bermegiň nädip bagtly edýändigini görkezýän şu aýatlary okaly: Matta 6:1—4; Luka 14:12—14 we 2 Korintoslylar 9:7.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş