Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 16 sah. 124—132
  • «Makedoniýa gel»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Makedoniýa gel»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Hudaý olary... iberýärdi» (Resullar 16:6—15)
  • «Bütin märeke olara garşy aýaga galdy» (Resullar 16:16—24)
  • «Suwa çümdürildi» (Resullar 16:25—34)
  • «Indi hiç kime bildirtmän boşatjak bolýarlarmy?» (Resullar 16:35—40)
  • Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Türmäniň gözegçisi Isa iman edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 16 sah. 124—132

16-NJY BAP

«Makedoniýa gel»

Tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirip, synaglarda çydamly bolan şägirtler köp bereketleri aldylar

Resullar 16:6—40

1—3. a) Mukaddes ruh Pawlusa we ýoldaşlaryna nädip ýol görkezdi? b) Şu bapda nämeleri öwreneris?

BIRTOPAR gelin-gyzlar Makedoniýanyň Filipi şäherinden çykyp barýardylar. Biraz wagtdan olar Gangita diýen kiçiräk derýanyň boýuna gelýärler. Olar hemişekisi ýaly derýanyň boýunda oturyp, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa doga edýärler. Ýehowa-da olaryň doga-dileglerini eşidýärdi (2 Tar. 16:9; Zeb. 65:2).

2 Şol wagt Filipiniň 800 kilometr gündogaryndanam Pawlus, Silas we Timoteos gelýärdi. Olar Galatýanyň Listra şäherinden çykyp gaýdypdylar. Birnäçe günden olar rimlileriň guran uly ýoluna ýetýärler. Şol ýol bilen Aziýanyň günbatarynda ýerleşýän köp ilatly şäherlere baryp bolýardy. Pawlus, Silas, Timoteos ýol ugruna Efese we beýleki şäherlere baryp, wagyz etjek bolýardylar. Sebäbi şol şäherlerdäki adamlar Mesih barada entek eşitmändiler. Olar heniz ýoldaka, mukaddes ruh Aziýa gitmäge rugsat bermeýär. Mukaddes Kitapda mukaddes ruhuň olary nädip saklandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Isa olaryň başga ýerde wagyz etmegini isleýärdi. Şonuň üçinem mukaddes ruh arkaly olara ýol görkezýär. Pawlus bilen ýoldaşlary Kiçi Aziýadan, Egeý deňziniň üstünden geçip, Gangita derýasyna tarap gidýärler.

3 Isanyň Pawlus bilen ýoldaşlaryny nädip Makedoniýa eltendigi barada oýlansak, köp zatlary öwrenip bileris. Şu bapda Pawlus resulyň b. e. takmynan 49-njy ýylynda başlan ikinji wagyz syýahatynda bolan käbir wakalara serederis.

«Hudaý olary... iberýärdi» (Resullar 16:6—15)

4, 5. a) Doganlar Bitiniýa ýetip barýarka näme boldy? b) Olar nähili karara geldiler we netijesi nähili boldy?

4 Mukaddes ruh Pawlusa we ýoldaşlaryna Aziýa gitmäge rugsat bermänsoň, olar demirgazyga Bitiniýanyň şäherlerine wagyz etmäge gidýärler. Olar Bitiniýa barmak üçin Frigiýanyň, Galatýanyň az ilatly ýerlerinden geçýärler. Birnäçe günläp tozanly, büdür-südür ýollardan ýöremeli bolýarlar. Olar Bitiniýa ýaňy ýetip barýarka, Isa mukaddes ruh arkaly olary saklaýar. Doganlar birbada äm-säm bolandyrlar. Olar näme hakda, nädip wagyz etmelidigini gowy bilýärdiler, ýöne nirede wagyz etmelidigini bilmeýärdiler. Başgaça aýdanyňda, olar Aziýa gitjek bolup gapyny kakýarlar, ýöne açylmaýar. Bitiniýa gitjek bolup gapyny kakýarlar, olam açylmaýar (Res. 16:6, 7). Emma Pawlus gapy açylýança, ýagny nirede wagyz etmelidigini bilýänçä, maksadyndan el çekmeýär. Şonda doganlar günbatara tarap gitmeli diýen netijä gelýärler. Olar birbada oýlanman karara gelen ýaly görünýärdi. Doganlar şäherleriň içi bilen 550 kilometr ýol söküp, Trowasyň gämi duralgasyna gelýärler. Şol ýerden gämili Makedoniýa baryp bolýardy (Res. 16:8). Pawlus üçünji gezek gapyny kakanda gapy ahyry giňden açylýar.

5 Trowas şäherinde olara Luka hem goşulýar. Soňra näme bolandygy hakda Luka şeýle ýazýar: «Pawlusyň gije gören görnüşinde makedoniýaly adam: „Makedoniýa gelip kömek et“ diýip haýyş etdi. Pawlus görnüş gören badyna Makedoniýa gitmek bilen bolduk, sebäbi Hudaý olary hoş habary wagyz etmäge iberýärdi»a (Res. 16:9, 10). Pawlus ahyry nirede wagyz etmelidigine düşündi. Şonda Pawlus hemme zady taşlap, ýarty ýolda yzyna gaýtmandygyna begenendir. Şeýlelikde, doganlar gämili Makedoniýa gitdiler.

Pawlus resul bilen Timoteos gäminiň ýokarky gatynda dur. Timoteos elini uzadyp bir zatlar görkezýär. Arkasynda bolsa deňizçiler öz işleri bilen meşgullanyp dur.

«Biz Trowasdan deňziň üsti bilen... gitdik» (Resullar 16:11)

6, 7. a) Pawlus bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? b) Onuň wakasy bizi näme üçin ruhlandyrýar?

6 Şu wakadan näme öwrenýäris? Üns beren bolsaňyz, Pawlus Aziýa ýola düşensoň, mukaddes ruh görkezme berdi. Soňra Pawlus Bitiniýa gitjek bolýar. Ol şähere golaýlansoň, Isa näme etmelidigini aýdýar. Şeýle-de Pawlus Trowasa baransoň, Isa oňa Makedoniýa gitmelidigini aýdýar. Ýygnagyň başy Isa bize-de şeýdip görkezme berýär (Kol. 1:18). Belki-de, siz pioner bolmak ýa-da wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek isleýänsiňiz. Emma siz ädim ädeniňizden soň, Isa Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly ýol görkezer. Geliň, bir mysala seredeliň. Sürüji ulagy durka, saga ýa çepe öwrüp bilmeýär. Munuň üçin ol ulagy sürmeli bolýar. Edil şonuň ýaly, bizem köpräk gulluk etmek üçin tagalla etmesek, Isa ýol görkezip bilmeýär.

7 Käte tagallamyz ýerine düşmeýän ýaly bolup biler. Şeýle ýagdaýda Hudaý tagallamy görmeýär diýip ruhdan düşmeli däl, maksadymyzdan el çekmeli däl. Pawlusam goýan maksadyna şol bada ýetmedi. Ol köp tagalla etmeli boldy. Ol tä gapy açylýança, kakmagyny bes etmedi. Bizem maksadymyza eltýän «gapy giňden açylýança», kakmagy bes etmesek, tagallamyz hökman ýerine düşer (1 Kor. 16:9).

8. a) Filipi şäheri barada gürrüň beriň. b) Pawlus «doga edilýän» ýere baransoň näme boldy?

8 Makedoniýa welaýatyna gelensoň, Pawlus bilen ýoldaşlary Filipi şäherine barýarlar. Ol ýeriniň adamlary Rimiň raýaty bolandygyna buýsanýardylar. Filipiniň ýaşaýjylarynyň köp bölegi harby gullugyny tamamlan rim esgerleridi. Şonuň üçinem ol kiçijik Italiýa ýalydy. Iki şäher köp zatda meňzeşdi. Doganlar şäher derwezesiniň daşyndaky derýanyň kenaryna gelende bir ýeri görýärler. Olar şol ýerde «doga edilýändir»b öýdýärler. Doganlar Sabat güni şol ýere baranda Hudaýa sežde etmek üçin gelen aýallary görýärler. Soňra oturyp, olara wagyz edýärler. Şonda Lidiýa atly bir aýal olary «ünsli diňledi, sebäbi Ýehowa onuň ýüregini açypdy». Şägirtlerden eşiden zatlary onuň ýüregine jüňk bolýar. Şeýdip, ol bütin maşgalasy bilen suwa çümdürilýär we Pawlus bilen doganlary öýüne myhman alýarc (Res. 16:13—15).

9. Dogan-uýalar Pawlusdan nädip görelde alýarlar? Olar nähili bereketleri alýarlar?

9 Lidiýa suwa çümdürilende Pawlus bilen doganlar diýseň begenendir. Şonda Pawlus «Makedoniýa gel» diýen çakylyga gulak asandygyna monça bolandyr. Sebäbi Ýehowa doganlar arkaly hudaýhon aýallaryň dogalaryna jogap beripdi. Şu günlerem ýaş, garry, durmuş guran, gurmadyk dogan-uýalar hoş habary wagyz etmek üçin kömek gerek ýere göçýärler. Elbetde, olaryň her biriniň özüne ýetik kynçylygy bar. Ýöne Lidiýa ýaly akýürekli adamlar Hudaýyň gullukçysy bolanda, olaryň gaýgy-aladasy şatlyga öwrülýär. Sizem kömek gerek ýerde gulluk etmek üçin durmuşyňyzy üýtgetmäge taýýarmy? Eger kömek gerek ýerde gulluk etseňiz, barmak büküp sanardan has köp bereketleriň eýesi bolarsyňyz. Aron atly ýaş dogan Merkezi Amerikanyň bir ýurduna göçýär. Kömek gerek ýerde gulluk edýän dogan-uýalar ýaly, olam şatlygyny şeýle paýlaşýar: «Daşary ýurtda gulluk edip, Ýehowa bilen hasam ýakyndan dostlaşdym. Men häzir sekiz adama okuw geçýärin. Şeýle ýerde gulluk etmek uly bagt».

Iki uýa köçede wagyz edip ýörkä, bir gyzyň ýanyna barýar. Bir ýaş oglan hem olaryň näme barada gürrüň edýändigini biljek bolýar.

«Makedoniýa gel» diýen çakylygy biz nädip kabul edip bilýäris?

«Bütin märeke olara garşy aýaga galdy» (Resullar 16:16—24)

10. Jynlar Pawlus bilen ýoldaşlaryna nädip garşy çykdy?

10 Hoş habaryň wagyz edilmedik ýerlere ýaýraýandygy üçin Şeýtanyň we jynlaryň gahary gelýär. Olar adamlara hoş habary eşitdirmejek bolup, elinde baryny edýärler. Pawlus bilen ýoldaşlary doga edilýän ýere baranda, içine jyn giren hyzmatkär gyza duşýarlar. Ol palçylyk edip, hojaýynlary üçin köp pul gazanýardy. Palçy gyz olaryň yzyndan galman: «Olar Allatagalanyň gullary, size gutulyş habaryny yglan edýärler» diýip gygyrýardy. Şol sözleri hyzmatkär gyza jyn aýtdyran bolmaly. Şeýdip, ol adamlary Pawlusyňam, gyzyňam Hudaýyň habaryny aýdýandygyna ynandyrjak bolýardy. Onuň niýeti adamlaryň ünsüni Isanyň şägirtleriniň aýdýan zatlaryndan sowmakdy. Ahyry, Pawlus palçy gyzyň içinden jyny çykarýar. Şondan soň ol gygyrmasyny goýýar (Res. 16:16—18).

11. Palçy gyzyň içinden jyn çykansoň Pawlus bilen Silasa näme boldy?

11 Palçy gyzyň hojaýynlary indi pul gelmejekdigine düşünýär. Olaryň gany depesine urýar. Olar Pawlus bilen Silasy tutup, bazara baştutanlaryň ýanyna süýräp äkidýärler. Gyzyň hojaýynlary kazylaryň ýehudylary ýigrenýändigini we özleriniň rimlidigine buýsanýandyny bilýärdiler. Şonuň üçinem olar: «Şu adamlar parahat oturan halkymyzy bimaza edýärler. Olar ýehudylar, biziň, rimlileriň kanunyny bozýan däp-dessurlary halkymyza öwredýärler» diýip töhmet atýarlar. «Şonda (bazardaky) bütin märeke olara (Pawlus bilen Silasa) garşy aýaga galýar. Şäher häkimleri Pawlus bilen Silasy... taýak bilen ýençmegi buýurýar». Pawlus bilen Silasy öldir ýaly urup, türmä basýarlar. Türmäniň gözegçisi olaryň aýagyny gandallap, türmäniň iň içki gözenegine salýar (Res. 16:19—24). Garaňky gözenegiň içinde Pawlus bilen Silas biri-birini hem gören däldir. Ýöne Ýehowa olary hatda garaňky gözenegiň içinde-de görýärdi (Zeb. 139:12).

12. a) Pawlus dagy nämä düşünýärdi we näme üçin? b) Şeýtan we adamlar şu günler bize nädip garşy çykýarlar?

12 Şondan birnäçe ýyl öň, Isa şägirtlerine: «Sizi-de yzarlar» diýip duýdurypdy (Ýah. 15:20). Pawlus bilen ýoldaşlary Makedoniýa baranda garşy çykjak adamlaryň boljakdygyny bilýärdiler. Adamlar garşy çykanda olar nädogry bir zat edip Ýehowany gynandyrandyryn öýtmediler. Olar adamlaryň arkasynda Şeýtanyň durandygyna, gahardan ýaňa topulýandygyna düşünýärdiler. Şu günlerem bize garşy çykýanlary Filipidäki adamlara meňzetse bolýar. Olar işdeşlerimizi, klasdaşlarymyzy bize garşy goýmak üçin töhmet atyp, her hili ýalan gürrüňleri ýaýradýarlar. Käbir ýurtlarda dini ýolbaşçylar bize garşy çykyp kazyýetde: «Bular adamlaryň kellesini bulaşdyrýarlar. Olar biziň dinimize gabat gelmeýän zatlary öwredýärler» diýýärler. Käbir ýurtlarda bolsa dogan-uýalary urup-ýenjip, garaňky türmä dykýarlar. Ýöne Ýehowa ähli zady görýär (1 Pet. 3:12).

«Suwa çümdürildi» (Resullar 16:25—34)

13. Türmäniň gözegçisi Pawlusdan näme sorady we näme üçin?

13 Pawlus bilen Silasyň endam-janyndaky ýaralar bitýänçä wagt gerekdi. Ýarygijä golaý agyrylary köşeşensoň, olar doga edip, Hudaýyň şanyna aýdym aýtdylar. Birdenem güýçli ýer titräp, türmäniň içi sarsyp gitdi. Türmäniň gözegçisi ukudan oýananda gapylaryň açykdygyny görýär. Tussaglar gaçandyr öýdüp, öler ýaly gorkýar. Ol äm-säm bolup, «gylyjy bilen özüni öldürjek bolýar», sebäbi tussaglara kellesi bilen jogap bermelidi. Ýöne Pawlus: «Öz janyňa kast etme! Hemmämiz otyrys» diýip gygyrýar. Şonda gorkudan ýaňa titräp duran gözegçi: «Agam, halas bolmak üçin näme etmeli?» diýýär. Elbetde, ony Pawlus bilen Silas däl-de, Isa halas edip bilýärdi. Şonuň üçinem olar: «Halypamyz Isa iman et, şonda halas bolarsyň» diýdiler (Res. 16:25—31).

14. a) Pawlus bilen Silas gözegçä nähili ýagşylyk etdi? b) Olar nähili bereket aldy?

14 Türmäniň gözegçisi janhowluna: «Halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip soradymy? Ýok. Pawlus onuň akýürekden halas bolmak isleýändigini gördi. Türmäniň gözegçisi ýehudy däldi, mukaddes kitaplaram okap görmändi. Ol Isanyň şägirdi boljak bolsa, ilki bilen, mukaddes kitaplary öwrenip, durmuşyny üýtgetmelidi. Şonuň üçinem Pawlus bilen Silas oňa Ýehowanyň sözüni wagyz edýär. Olar Mukaddes Kitapdaky wakalary şeýle bir gyzykly edip gürrüň berýärler welin, endam-janyndaky agyrylar ýadyndan çykan bolmaly. Gözegçi olaryň arkasynyň dilim-dilim bolandygyny görüp, ýaralaryny sarap berýär. Şondan soň gözegçi «bütin maşgalasy bilen suwa çümdürilýär». Doganlaryň azaby ýerine düşdi. Olar yzarlamalarda şatlygyny ýitirmändigi üçin bir maşgalany halas etdiler (Res. 16:32—34).

15. a) Pawlus bilen Silas ýaly köp dogan-uýalar näme edýär? b) Biz näme üçin meýdançalarda gaýta-gaýta wagyz etmeli?

15 Pawlus bilen Silas ýaly köp dogan-uýalary türmä basýarlar. Olar türmedäkilere hak Hudaýy tanamaga kömek edýärler. Meselem, wagyz işi gadagan edilen ýurtlaryň birinde Ýehowanyň Şaýatlarynyň 40 göterimi hoş habary türmede eşidýärler (Işa. 54:17). Üns beren bolsaňyz, türmäniň gözegçisi ýertitremeden soň, doganlardan kömek soraýar. Edil şonuň ýaly, öň hoş habary diňlemedik adamlaryňam ýagdaýy birden üýtgäp bilýär. Durmuşynda her dürli sarsgynlar bolanda olaryň hoş habary diňläsi gelýär. Bizem adamlara gaýta-gaýta wagyz etmäge çekinmesek, kömek etmek isleýändigimizi görkezeris.

«Indi hiç kime bildirtmän boşatjak bolýarlarmy?» (Resullar 16:35—40)

16. Pawlus bilen Silasyň urlan gününiň ertesi näme boldy?

16 Pawlus bilen Silasy taýaklanlaryndan bir gün geçensoň, şäher häkimleri olary boşatmagy buýurýar. Ýöne Pawlus: «Bize, Rimiň raýatlaryna höküm çykarylmanka, halkyň öňünde ýenjip, türmä basdylar. Indi hiç kime bildirtmän boşatjak bolýarlarmy? Ýok, ol diýenleri bolmaz! Goý, özleri gelip boşatsynlar» diýdi. Baştutanlar Pawlus bilen Silasyň Rimiň raýatydygyny bilip gaty gorkdular, sebäbi olaryň hak-hukuklaryny bozupdylard. Baştutanlar resullary hiç kime bildirtmän boşatjakdylar, ýöne olaryň isleýşi ýaly bolmady. Olar Pawlus bilen Silasy köpçüligiň öňünde masgara edip ýenjipdiler. Indi hemmeleriň öňünde ötünç hem soramalydylar. Olar Pawlus bilen Silasa ýalbar-ýakar edip, şäherden gitmegi haýyş etdiler. Doganlar şäher häkimleri bilen razylaşýarlar, ýöne ilki, şäherdäki şägirtleri ruhlandyrmak üçin olar bilen görüşýärler.

17. Filipidäki şägirtler Pawlus bilen Silasdan näme öwrendiler?

17 Eger Pawlus bilen Silas Rimiň raýatydygyny öňräk aýdan bolsa, belki-de, şäher häkimleri olary urup-ýençmezdiler (Res. 22:25, 26). Ýöne Filipidäki şägirtler Pawlus bilen Silas urulmajak bolup, hak-hukugyndan peýdalandy diýip pikir ederdiler. Doganlar şeýle eden bolsa, onda Rimiň raýaty bolmadyk mesihçilere Hudaýa wepaly galmaga kömek edip bilmezdiler. Onsoňam, Rimiň kanuny ýurduň raýaty bolmadyklary jezadan goramaýardy. Şonuň üçin Pawlus bilen ýoldaşlary yzarlamalarda berk durup, Hudaýa wepaly galyp bolýandygyny görkezdiler. Pawlus bilen Silas Rimiň raýatydygyny aýdansoň, baştutanlar kanuny bozandygy üçin köpçüligiň öňünde olardan ötünç soramaly boldular. Pawlus bilen Silasyň eden hereketi şäher häkimleriniň gözüni gorkuzan bolmaly. Şondan soň olar gaýdyp Filipidäki şägirtlere adalatsyzlyk eden däldir.

18. a) Ýaşulular Pawlusdan nädip görelde alýar? b) Biz nädip kanun taýdan wagyz etmek hukugyny gazanýarys?

18 Şu günlerem ýaşulular dogan-uýalara görelde bolýarlar. Olar öwredýän zatlaryna höwes bilen eýerýärler. Pawlus ýaly bizem hak-hukuklarymyzy nirede we nädip ulanmalydygyny bilmeli. Biz Ýehowa arkaýyn sežde etmek we hak-hukuklarymyzy goramak üçin ýaşaýan ýerimizdäki kazyýetlere, hatda Halkara kazyýetlerine ýüz tutýarys. Biziň maksadymyz döwletiň işine goşulmak däl-de, «hoş habary gorap, kanun esasynda wagyz etmek hukugyny gazanmak». Pawlus şu sözleri tussag edilenine on ýyl geçensoň filipililere ýazan hatynda aýdypdy (Flp. 1:7). Kazyýet nähili karar çykarsa-da, biz Ýehowanyň çykaran kararyna boýun bolýarys. Mukaddes ruh nirä iberse, şol ýerde-de hoş habary wagyz edýäris (Res. 16:10).

RESULLAR KITABYNYŇ ÝAZYJYSY — LUKA

Resullar kitabyny ýazan adam 16-njy babyň 9-njy aýadyna çenli şägirtleriň aýdan sözleri, eden işleri hakda ýazýar. Ýöne Resullar 16-njy babyň 10, 11-nji aýatlarynda onuň ýazyş usuly üýtgeýär. Meselem, 11-nji aýatda: «Biz Trowasdan deňziň üsti bilen göni Samotrakiýa adasyna gitdik» diýilýär. Diýmek, şu wakada ýazyjynyň özi, ýagny Luka-da bolupdyr. Resullar kitabynda Lukanyň ady agzalmaýan bolsa, kitaby onuň ýazandygyny nireden bilse bolýar?

Luka stoluň başynda oturyp, hat ýazýar.

Soragyň jogabyny Resullar hem-de Luka kitaplarynyň birinji aýatlaryndan bilse bolýar. Iki kitabyň hem başynda «Teofil» diýen bir adama ýüzlenilýär (Luka 1:1, 3; Res. 1:1). Resullar kitabynyň başynda: «Eý Teofil, men birinji kitabymda Isanyň ähli eden işleri we öwreden zatlary barada ýazypdym» diýilýär. Alymlaryň köpüsi Luka kitabyny Lukanyň ýazandygy bilen ylalaşýarlar. Diýmek, Resullar kitabyny hem Luka ýazypdyr.

Mukaddes Kitapda Lukanyň ady bary-ýogy üç gezek agzalýar. Şonuň üçin biz ol barada köp zatlary bilmeýäris. Pawlus resul hatynda oňa «eziz doganym Luka lukman» hem-de «işdeşim» diýip ýüzlenýär (Kol. 4:14; Flm. 24). B. e. takmynan 50-nji ýylynda Luka ilkinji gezek Pawlus resul bilen Trowasdan Filipä gidýär. Resullar kitabynda Luka şol wakany gürrüň berende «biz» diýen at çalyşmany ulanýar. Ýöne Pawlus Filipiden gaýdanda Luka onuň ýanynda däldi. B. e. takmynan 56-njy ýylynda bolsa doganlar ýene-de Filipide görüşýärler. Olar ýedi sany dogan bilen Filipiden Iýerusalime gelýärler. Şol ýerde Pawlus resul tussag edilýär. Iki ýyl geçensoň, Pawlusy Kaýsariýadan Rime geçirenlerinde Luka onuň ýanynda gitdi (Res. 16:10—17, 40; 20:5—21:17; 24:27; 27:1—28:16). Pawlus resuly ikinji gezek Rimde tussag edenlerinde, ölüm jezasyny berdiler. Şonda ýanynda «diňe Luka» bardy (2 Tim. 4:6, 11). Şu wakalardan görnüşi ýaly, Luka adamlara hoş habary ýetirmek üçin uzak ýerlere gitmäge, islendik kynçylykdan geçmäge taýyn bolupdyr.

Luka Isa pygamber bilen bolan wakalaryň köpüsini gözi bilen görmändir. Ýöne şol wakalary gözi bilen gören adamlardan sorapdyr. Ol hatynda: «Bolan wakalaryň ählisini başdan-aýak derňäp, olary jikme-jik ýazmagy makul bildim» diýýär (Luka 1:1—3). Onuň eden işlerinden gowy gözleg geçirendigini bilse bolýar. Belki-de, ol käbir zatlary Elizabetden, Isanyň ejesi Merýemden we başga adamlardan bilendir. Onuň ýazan zatlarynyň köpüsi beýleki hoş habarlarda duş gelmeýär (Luka 1:5—80).

Luka lukman bolandygy üçin adamlaryň saglygy barada jikme-jik ýazypdyr. Mysal üçin, ol Isanyň bir adamyň içinden jyny çykaranda jynyň oňa «hiç hili zyýan ýetirmändigini», Petrusyň gaýyn enesiniň «gyzgynynyň galandygyny», bir jynly aýalyň «iki eplenip, hatda dikelip bilmeýändigini, 18 ýyl bäri kösenýändigini» aýdýar (Luka 4:35, 38; 13:11).

Hawa, Luka «Halypamyzyň işinde» köp zähmet çekdi (1 Kor. 15:58). Ol işinde ökdeleşip atly-abraýly lukman bolmagyň deregine, adamlara Ýehowany tanamaga we Oňa gulluk etmäge kömek etdi.

SÖWDAGÄR — LIDIÝA

Lidiýa Makedoniýanyň ady belli Filipi şäherinde ýaşapdyr. Onuň asly tiýatiralydy. Tiýatira Kiçi Aziýanyň günbataryndaky Lidiýa welaýatynda ýerleşýärdi. Gyrmyzy reňke boýalan harytlary satýandygy üçin Lidiýa Egeý deňziniň boýunda ýaşapdyr. Belki-de, ol gyrmyzy reňke boýalan her dürli halylary, ýapynjalary, matalary, hatda boýaglary hem satandyr. Filipiden tapylan bir golýazmadan şol şäherde gyrmyzy reňke boýalan harytlary satýan adamlaryň köp bolandygyny bilse bolýar.

Lidiýanyň elinde mata bar.

Luka Lidiýanyň «hudaýhon» aýaldygyny aýdýar. Belki-de, Lidiýa ýehudy dinine geçendir (Res. 16:14). Filipide sinagoga bolmansoň, ol Ýehowa barada dogduk mekanynda öwrenen bolmaly, sebäbi şol ýerde sinagoga bardy. Käbirleriniň aýtmagyna görä, Lidiýa onuň hakyky ady bolmandyr, oňa filipililer Lidiýa diýipdir. Onuň ady «Lidiýaly aýal» diýmegi aňladýar. Taryhy maglumatlara görä, Lidiýa ady şol döwürler ýörgünli hasaplanypdyr.

B. e. öň VIII, IX asyrlardan bäri lidiýalylar we daş-töwereginde ýaşaýan adamlar her dürli zatlary gyrmyzy reňke boýamaga ökde bolupdyr. Şeýle-de Tiýatiranyň suwuna garylyp taýýarlanan reňkler açyk bolýardy hem-de solmaýardy.

Gyrmyzy reňkli matalar gymmatbaha hasaplanypdyr. Olary diňe baýlar satyn alypdyr. Şol döwür gyrmyzy reňkli boýaglary köp ýerlerden alyp bolýardy. Ýöne ýukajyk zygyr matany boýamak üçin iň gowy hem gymmatbaha gyrmyzy reňki diňe Ortaýer deňziniň molýuskalaryndan alypdyrlar. Bir molýuskadan azajyk reňk alyp bolýardy. Takmynan 8 000 sanysyndan bolsa bary-ýogy bir gram boýag çykýardy. Şol sebäpli gyrmyzy reňke boýalan matalar gymmat bolupdyr.

Lidiýa söwdagär bolansoň, gurplyja ýaşapdyr, uly öýi bolupdyr. Pawlusy, Silasy, Timoteosy hem Lukany myhman almaga ýagdaýy ýetipdir. Doganlaryň dördüsi hem Filipä gelende Lidiýanyňkyda galypdyr. Luka Lidiýanyň «bütin maşgalasy bilen suwa çümdürilendigini» aýdýar. Ol «bütin maşgalasy» diýende Lidiýanyň dogan-garyndaşlaryny ýa-da hyzmatkärlerini göz öňünde tutan bolmaly. Sebäbi grek dilinde şol söz hyzmatkärleri hem öz içine alyp bilýärdi (Res. 16:15). Pawlus bilen Silas Filipi şäherinden gaýtmanka, doganlar bilen görşende şol myhmansöýer uýanyň öýüne barýar. Diýmek, Lidiýanyň öýünde ýygnak duşuşyklary hem geçirilen bolmaly (Res. 16:40).

On ýyla golaý wagt geçensoň, Pawlus Filipidäki ýygnaga hat ýazanda Lidiýanyň adyny agzamaýar. Biz Lidiýa barada diňe Resullar kitabynyň 16-njy babynda aýdylan zatlary bilýäris.

a «Resullar kitabynyň ýazyjysy — Luka» diýen çarçuwa serediň.

b Ýehudylara Filipide sinagoga gurmaga rugsat berilmedik bolmaly. Sebäbi şol ýerde harby gullugyny tamamlan rim esgerleri ýaşaýardy. Ýa-da Filipidäki ýehudy erkekleriniň sany ona hem ýetmedik bolmaly. Şonuň üçin olara sinagoga gurmaga rugsat berlen däldir.

c «Söwdagär — Lidiýa» diýen çarçuwa serediň.

d Rimiň kanunyna görä, bir zatda aýyplanýan raýat işini kanun taýdan derňemegi talap edip bilýärdi. Oňa diňe günäkärdigi anyklanansoň, köpçüligiň öňünde jeza berilmelidi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş