Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 140
  • Isa nädip halas edýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa nädip halas edýär?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Mukaddes Kitapda bir gezek halas bolan adam hemişelik halas bolýar diýen taglymat barmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Halas bolmak nämäni aňladýar?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Siz Isa pygambere ynanýarsyňyzmy?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 140
Isanyň daşynda dürli milletli adamlar bar

Isa nädip halas edýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Isa janyny gurban berip, hudaýhon adamlary halas etdi (Matta 20:28). Mukaddes Kitapda Isa pygambere «dünýäniň halasgäri» diýilýär (1 Ýahýa 4:14). Şeýle-de Mukaddes Kitapda: «Adamlary ondan başga hiç kim halas edip bilmez. Hudaý diňe ol arkaly halas eder» diýilýär (Resullar 4:12).

Isa özüne iman edýän her bir adam üçin «ölümi datdy» (Ýewreýler 2:9; Ýahýa 3:16). Şondan soň «Hudaý... ony direltdi» we ol perişde bolup, göge gaýdyp bardy (Resullar 3:15). Isa «özi arkaly Hudaýa ýakynlaşýanlary halas edip bilýändir. Sebäbi ol hemişe ýaşaýar we olar üçin Hudaýa ýalbarýar» (Ýewreýler 7:25).

Isa näme üçin Hudaýa biziň üçin ýalbarýar?

Biziň ählimiz günäli (Rimliler 3:23). Günä sebäpli biz Hudaýdan daşlaşyp, iň soňy ölýäris (Rimliler 6:23). Emma Isa gurban beren janyna iman edýänler üçin «aklawçy» boldy (1 Ýahýa 2:1, çykgyt). Isa Hudaýdan biziň doga-dileglerimizi eşitmegini we öz döken gany esasynda günälerimizi bagyşlamagyny ýalbarýar (Matta 1:21; Rimliler 8:34). Allatagala hem Isanyň ýalbaryşy ýaly edýär, sebäbi biz Hudaýy razy edip ýaşamaga jan edýäris. Hudaý Isany ýere adamlary «halas etmek üçin iberdi» (Ýahýa 3:17).

Halas bolmak üçin Isa iman etmek ýeterlikmi?

Biz Isa iman edip, halas bolup bilýäris, ýöne başga zadam etmeli (Resullar 16:30, 31). Mukaddes Kitapda: «Bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» diýilýär (Ýakup 2:26). Halas bolmak üçin şulary etmeli.

  • Isa bilen Atasy Ýehowa Hudaýy gowy tanamaly (Ýahýa 17:3).

  • Olara iman etmeli (Ýahýa 12:44; 14:1).

  • Olaryň tabşyryklaryna gulak asyp ýaşamaly (Luka 6:46; 1 Ýahýa 2:17). Isa özüne «Halypam!» diýýänleriň däl-de, «diňe gökdäki Atasynyň islegini berjaý edýän» adamlaryň halas bolup biljekdigini aýtdy (Matta 7:21).

  • Başymyza kyn günler düşende, imanymyzy gowşatmaly däl. Isa pygamber: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýdi (Matta 24:13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş