Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Dymma, hemişe wagyz et»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
    • 8, 9. Ýehudylar garşy çykanda Pawlus näme etdi? Soňra Pawlus nirede wagyz etdi?

      8 Makedoniýadaky dogan-uýalar Pawlusa Silas bilen Timoteosdan gerek-ýarak zatlaryny iberýärler (2 Kor. 11:9). Şonda Pawlusyň wagyz etmegi esasy orunda goýýandygy hasam belli bolýar. Sebäbi şondan soň ol «Hudaýyň sözüni yhlasly öwredip başlaýar» (Res. 18:5). Pawlus näçe yhlasly wagyz etse-de, ýehudylar oňa garşy çykmagyny bes etmeýär. Şonuň üçin Pawlus donuny silkip: «Ganyňyz öz boýnuňyza, men günäkär däl. Indi men başga milletlilere wagyz etmäge giderin» diýýär. Pawlus şeýle diýmek bilen, halas ediji habardan ýüz öwren adamlaryň ganyndan azatdygyny görkezdi (Res. 18:6; Hyz. 3:18, 19).

  • «Dymma, hemişe wagyz et»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
    • 10. Pawlusyň donuny silkip gaýdansoňam ýehudylara we ýehudy dinine geçenlere wagyz edendigini nämeden bilse bolýar?

      10 Pawlus: «Men başga milletlere wagyz etmäge giderin» diýipdi. Şondan soň ol hoş habary diňlemek isleýän ýehudylara we ýehudy dinine geçenlere wagyz etmedimi? Elbetde, wagyz edýär. Meselem, «sinagoga ýolbaşçysy Krispus bütin öý-içerisi bilen Halypamyza iman edýär». Onsoňam, sinagoga gelýän ýehudylaryň köpüsi Isanyň şägirdi bolandyr. Mukaddes Kitapda: «Korinflileriň köpüsi hem hoş habary eşidip, iman etdiler we suwa çümdürildiler» diýilýär (Res. 18:8). Korinfdäki täze şägirtler Titiwus Ýustusyň öýünde ýygnanyşýardylar. Eger Luka Resullar kitabyndaky wakalary hem yzygiderlikde ýazan bolsa, onda ýehudylar we ýehudy dinine geçenler Pawlus donuny silkip gaýdansoň hakykata gelendir. Diýmek, Palwus ýehudy bolsun, başga milletli bolsun hoş habary diňlemek isleýänleriň ählisine wagyz edipdir.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş