-
«Dymma, hemişe wagyz et»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
«Şu şäherde maňa iman etjek adamlar köpdür» (Resullar 18:9—17)
12. Isa Pawlusy nädip ruhlandyrdy?
12 Bir gün Isa görnüşde Pawlusa: «Gorkma, dymma, hemişe wagyz et! Men seniň bilen, hiç kim saňa el galdyryp, zyýan ýetirip bilmez. Şu şäherde maňa iman etjek adamlar köpdür» diýdi (Res. 18:9, 10). Eger Pawlus Korinfde galsammykam ýa-da galmasammykam diýip ýaýdanan bolsa, görnüş ony ruhlandyrandyr. Halypamyzyň özi Pawlusa howp-hatardan gorajakdygyny, şäherde köp adamlaryň hoş habary kabul etjekdigini aýdýar. Pawlus görnüş görensoň, «ol ýerde bir ýarym ýyl bolup, adamlara Hudaýyň sözüni öwretdi» (Res. 18:11).
-
-
«Dymma, hemişe wagyz et»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
16. Isanyň Pawlusa aýdan sözleri bizi näme etmäge höweslendirýär?
16 Ýehudylar Pawlusa garşy çykanda Isa: «Gorkma, dymma, hemişe wagyz et! Men seniň bilen» diýip, ony ruhlandyrypdy (Res. 18:9, 10). Bizem wagyzda adamlar garşy çykanda Isanyň şol sözlerini ýada salmaly. Şeýle-de Ýehowanyň adamlaryň ýüregini görýändigini, akýürekli adamlar bilen dostlaşýandygyny ýatdan çykarmaly däl (1 Şam. 16:7; Ýah. 6:44). Şonda Hudaýy gözleýän adamlary tapmaga höwesimiz gaçmaz, yhlasly wagyz ederis. Her ýyl ýüz müňlerçe adamlar, her gün ýüzlerçe adamlar suwa çümdürilýär. Isa «ähli halklardan şägirt taýýarlaýan» mesihçilere: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip wada berýär (Mat. 28:19, 20).
-