-
Garşylyklara garamazdan «Ýehowanyň sözi gitdigiçe ýaýraýardy»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
13, 14. a) Ýehowa Pawlusa näme etmäge güýç berdi? b) Skiwanyň ogullary näme etjek boldular? Şu günler millionlarça adamlar Hudaýy nädip razy edip bolýandyr öýdýärler?
13 Hoş habarçy Luka Ýehowanyň kömegi bilen Pawlus resulyň «uly gudratlary görkezendigini», her dürli keselli adamlary sagaldandygyny ýazýar. Pawlusyň ýaglygyny, öňlügini syrkawlara berenlerinde olar sagalýardy, hatda jynlar hem adamlardan çykýardyc (Res. 19:11, 12). Gudratlary gözi bilen gören adamlar nämä haýran galmasa-da, Pawlusyň jynlara güýjüniň ýetýändigine haýran galýardylar. Ýöne Pawlusyň eden ýagşylyklary käbirleriniň göwnüne ýaramady.
-
-
Garşylyklara garamazdan «Ýehowanyň sözi gitdigiçe ýaýraýardy»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
c Bärde başyňa daňylýan ýaglyk göz öňünde tutulýan bolmaly. Pawlus resul işlände maňlaýyndan deri akyp, gözüne girmez ýaly başyna ýaglyk daňan bolmaly. Şeýle-de ol boş wagtlary, belki-de, irdenlerine çadyr tikende öňlük hem geýendir (Res. 20:34, 35).
-