-
«Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
«Olar aglaşdylar» (Resullar 20:37)
22. Efesdäki ýaşulular Pawlusy näme üçin gowy görýärdi?
22 Pawlus dogan-uýalary janyndan hem eziz görýärdi. Şonuň üçin dogan-uýalaram ony gowy görýärdi. Pawlus Iýerusalime gaýdanda olar aglaşdylar we ony «gujaklap, mähirli ogşadylar» (Res. 20:37, 38). Dogan-uýalar Pawlus ýaly wagtyny, güýjüni, bar zadyny gaýgyrmaýan imandaşlaryny gowy görýär, olaryň gadyryny bilýär. Pawlusyň başyna düşen zatlar hakda oýlansak, onuň «hiç bir adamyň ganyna galmandygyny» bilse bolýar (Res. 20:26).
-