-
Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
«Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi» (Resullar 28:30, 31)
19. Pawlus öý tussaglygyndaka näme etdi?
19 Luka kitabyny ruhlandyryjy sözler bilen jemläp şeýle diýýär: «Pawlus iki ýyllap kireýne alan jaýynda ýaşady. Ol gelýän adamlary mähirli garşylap, olara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi hem-de Halypamyz Isa hakda batyrgaý öwredýärdi. Pawlusa hiç zat päsgel bermeýärdi» (Res. 28:30, 31). Biz Pawlusdan myhmansöýer bolmagy, berk iman etmegi we yhlasly wagyz etmegi öwrenip bileris.
20, 21. Pawlus öý tussaglygyndaka kimlere kömek etdi?
20 Pawlusyň ýanyna gelen adamlaryň arasynda Onesim atly bir gul bardy, ol Kolosdan gaçyp gelipdi. Pawlus oňa Isanyň şägirdi bolmaga kömek edýär. Ol şeýle bir durmuşyny üýtgedýär welin, Pawlus Onesime «wepaly hem eziz doganym» diýýär. Ol Onesimi gowy görýärdi, şonuň üçinem onuň bilen «ataly-ogul ýaly» bolandygyny aýdýar (Kol. 4:9; Flm. 10—12). Onesim hem Pawlusy ruhlandyrandyra.
21 Pawlusyň göreldesi başga dogan-uýalary hem ruhlandyrdy. Pawlus Filipililere şeýle hat ýazdy: «Meniň başymdan geçenler hoş habaryň ýaýramagyna ýardam etdi. Mesih üçin türmede zynjyra baglanyp oturandygym köşk garawullaryna we hemmelere mälim boldy. Meniň türmä basylmagym Halypamyza gulluk edýän doganlaryň köpüsini berkitdi we Hudaýyň sözüni gorkman, has-da batyrgaý wagyz etmäge höweslendirdi» (Flp. 1:12—14).
-
-
Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
25, 26. Pawlus haýsy pygamberligiň ýerine ýetişini gözi bilen gördi? Şol pygamberlik biziň günlerimizde nädip ýerine ýetýär?
25 Resullar kitabynda hoş habary wagyz etmek üçin elinde baryny eden mesihçileriň wakalary ýazylan. Kitabyň soňundaky sözlerem bizi ruhlandyrýar. Ol ýerde öý tussaglygynda otyrka, ýanyna gelen adamlara wagyz eden Pawlus resul hakda aýdylýar. Resullar kitabynyň birinji babynda Isanyň şägirtlerine beren tabşyrygy barada aýdylypdy. Isa olara şeýle diýipdi: «Siziň üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşulyp, Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» (Res. 1:8). Şondan 30 ýyl geçip-geçmänkä, Hudaýyň Patyşalygy barada «gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi»d (Kol. 1:23). Hawa, Hudaý mukaddes ruhuny bermese, adam muny öz güýji bilen başarmaýar (Zek. 4:6).
-