-
Umytda şatlanyňGarawul diňi — 2012 | 15 mart
-
-
10, 11. a) Başga goýunlaryň näme umydy bar? b) Başga goýunlaryň umydynyň Mesih we «Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagy» bilen näme baglanyşygy bar?
10 Pawlus resul Hudaýyň mesh edilen ogullarynyň şöhratly umydy, ýagny Mesihiň mirasdaşlary boljakdygy barada ýazýar. Soňra ol Ýehowanyň ençeme başga goýunlara-da berjek umydy hakynda şeýle diýýär: «Ýaradylyş Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyna küýseg bilen garaşýar. Sebäbi ýaradylyş öz islegi bilen däl-de, ony tabyn Etdireniň islegi bilen puçluga tabyn boldy. Munda ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar diýen umyt bar» (Rim. 8:14—21).
-
-
Umytda şatlanyňGarawul diňi — 2012 | 15 mart
-
-
12. Mesh edilen mesihçileriň aýan bolmagy adamlara nähili bereketler getirer?
12 Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynda «ýaradylyş», ýagny adamzat azatlyga çykar! Şol döwür «Hudaýyň ogullary» has-da aýan bolup, Mesih bilen ruhanylar hökmünde adamzada töleg gurbanyndan peýdalanmaga kömek eder. Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde höküm sürmegi bilen Ýehowa gulak asýan adamlar kem-kemden «çüýreme gullugyndan azat ediler». Diýmek, indi olar günäniň we ölümiň gulçulygynda bolmazlar. Eger olar müň ýylyň dowamynda we soňky synagda Ýehowa wepaly galsalar, onda olaryň atlary «ýaşaýyş kitabyna» hemişelik ýazylar. Şeýdip, olar «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Ylh. 20:7, 8, 11, 12). Dogrudan-da, ajaýyp umyt!
-