Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Dogruçyl bol
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 2. Haýsy ýagdaýlarda we nädip dogruçyl bolmaly?

      Ýehowa biziň «biri-birimize hakykaty aýtmagymyzy» isleýär (Zekerýa 8:16, 17). Diýmek, maşgala agzalarymyza, işdeşlerimize, dogan-uýalara, hökümet işgärlerine ýalan sözlemeli däl ýa-da nädogry maglumat bermeli däl. Dogruçyl adam hiç kimi aldamaýar, hakyny iýmeýär (Nakyllar 24:28 we Efesliler 4:28-nji aýatlary oka). Döwletiň talap edýän salgytlaryny doly töleýär (Rimliler 13:5—7). Biz «ähli zatda dogruçyl bolmak isleýäris» (Ýewreýler 13:18).

  • Sen nädip bitaraplygy saklap bilersiň?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 45-nji sapak. Mekdepde gimn aýdylanda ýaş uýa ýerinden turýar, ýöne beýleki okuwçylar ýaly, elini ýüreginiň üstünde goýmaýar we gimn aýtmaýar.

      45-NJI SAPAK

      Sen nädip bitaraplygy saklap bilersiň?

      Isa pygamber şägirtlerine «dünýäden bolmaň» diýdi (Ýahýa 15:19). Munuň üçin olar syýasata, urşa goşulmaly däl, olary goldamaly hem däl. Elbetde, hiç zada goşulmazlyk, hiç kimiň tarapyny tutmazlyk aňsat däl. Belki, seniň üstüňden gülmekleri ýa-da gaharlanmaklary mümkin. Şeýle ýagdaýda nädip bitaraplygy saklap we Ýehowa wepaly bolup bilersiň?

      1. Isanyň şägirtleri ýaşaýan döwletine nähili garaýarlar?

      Ýehowanyň Şaýatlary ýaşaýan döwletine hormat goýýar. Olar Isanyň aýdyşy ýaly, «patyşanyňkyny patyşa berýär» (Markus 12:17). Olar ýurduň kanunyna gulak asýar, salgytlary töleýär. Mukaddes Kitaba laýyklykda, ynsan hökümetlerine höküm sürmäge Hudaý rugsat berdi (Rimliler 13:1). Diýmek, olaryň erk-ygtyýary çäkli, Hudaýyňkydan ýokary däl. Diňe Hudaýyň Patyşalygy ähli kynçylyklary çözüp biler.

      2. Bitaraplygy saklamak üçin näme etmeli?

      Bir gezek Isa gudrat görkezensoň, adamlar ony patyşa etjek bolýar. Ýöne ol patyşa bolmaýar (Ýahýa 6:15). Isa şägirtlerine: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýip öwredýärdi (Ýahýa 18:36). Şonuň üçin biz hem Isadan görelde alyp, bitaraplygy saklaýarys. Meselem, biz urşa gatnaşmaýarys (Mikaý 4:3-i oka). Döwlet nyşanlaryna hormat goýýarys, ýöne olara tagzym etmeýäris (1 Ýahýa 5:21). Şeýle-de saýlawlara gatnaşmaýarys, hiç kimiň tarapyny tutmaýarys. Şeýdip, diňe Hudaýyň Patyşalygyny goldaýarys.

      SÖHBETDEŞLIK

      Haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamagyň kyn bolýandygyny we Hudaýy begendirmegi öwreneliň.

      Bir adam syýasata goşulmaýar. Ol dalaşgärleriň hiç biriniň tarapyny tutmaýar.

      3. Isanyň şägirtleri hiç kimiň tarapyny tutmaýar

      Isa bilen şägirtleri gowy görelde görkezdi. Rimliler 13:1, 5—7 we 1 Petrus 2:13, 14-nji aýatlary okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Mesihçiler bitaraplygy saklaýarlar» (1-nji bölüm) (4:28)

      • Biz näme üçin häkimiýetlere hormat goýmaly?

      • Olara haýsy ýagdaýlarda tabyn bolmaly?

      Uruş turanda käbir ýurtlar hiç kimiň tarapyny tutmaýandygyny aýtsalar-da, iki tarapa-da kömek edip durýarlar. Olar hiç kimiň tarapyny tutmaýar diýip bolarmy? Ýahýa 17:16-ny okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Mesihçiler bitaraplygy saklaýarlar» (2-nji bölüm) (3:11)

      • Bitarap bolmak näme aňladýar?

      Häkimiýetler Hudaýyň kanunyna garşy gelýän zady talap etse näme etmeli? Resullar 5:28, 29-njy aýatlary okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Mesihçiler bitaraplygy saklaýarlar» (3-nji bölüm) (1:18)

      • Eger döwletiň kanuny Hudaýyň kanunyna garşy gelse, kime gulak asmaly?

      • Isanyň şägirtleri haýsy ýagdaýlarda döwlete tabyn bolmaýar?

      4. Pikiriňde-de bitaraplygy sakla

      1 Ýahýa 5:21-i okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «„Biz näme üçin batyrgaý bolmaly?“ — Bitaraplygy saklamak üçin» (2:49)

      • Aýen näme üçin syýasy çärä gatnaşmaýar we baýdaga tagzym etmeýär?

      • Ol dogry etdimi?

      Ýene haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamaly? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Garawul diňinden sapaklar — Agzala dünýäde bitaraplygy saklamak» (5:16)

      • Sport oýunlarynda nädip hiç kimiň tarapyny tutmaly däl?

      • Syýasy ýolbaşçylaryň edýän işleri peýdaly ýa zyýanly bolsa-da, nädip bitaraplygy saklamaly?

      • Täzeliklere seredenimizde ýa-da adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda nädip bitaraplygy saklamaly?

      Suratlar: 1) Gaharly adamlar häkimiýete garşy gozgalaň turuzýar. 2) Bir adam sport ýaryşynda ýurdunyň baýdagyny buýsanç bilen göterýär. 3) Oglanjyk mekdepde gimn aýdýar. 4) Eli ýaragly esger. 5) Iki dalaşgär çykyş edýär. 6) Bir aýal saýlawda ses berýär.

      Isanyň şägirtleri haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklaýar?

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Sen näme üçin gimn aýdaňok ýa-da baýdaga tagzym edeňok?»

      • Sen näme diýerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Isanyň şägirtleri pikirinde-de, aýdýan sözlerinde-de, edýän işlerinde-de bitaraplygy saklaýarlar.

      Gaýtalamak

      • Biz haýsy ýagdaýlarda häkimiýete tabyn bolmaly?

      • Biz näme üçin syýasata goşulmaýarys?

      • Biz haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamaly?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Bitaraplygy saklamak üçin nämelerden geçmeli bolarys?

      «Ýehowa hiç wagt taşlamady» (3:14)

      Ene-atalar çagalaryna bitaraplygy saklamagy nädip öwredip biler?

      «Çärelerde bitaraplygy saklamak» (4:25)

      Bir adam nädip watanyndanam has mukaddes zadyň bardygyna düşündi?

      «Hudaý bilen ähli zady başaryp bolýar» (5:19)

      Iş saýlanymyzda «dünýäden bolmaň» diýen prinsipe nädip eýerip bileris?

      «Her kim öz ýüküni özi götermeli» («Garawul diňi» 15 mart, 2006)

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş