Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýygnak ýaşululary «biziň şatlygymyza» goşant goşýar
    Garawul diňi — 2013 | 15 ýanwar
    • 6, 7. a) Ýygnak ýaşululary Isanyň, Pawlusyň we Hudaýyň beýleki gullukçylarynyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Doganlaryň adyny ýatda saklamak näme üçin wajyp?

      6 Köp dogan-uýalaryň aýtmagyna görä, ýygnak ýaşulularynyň her bir mesihçiniň aýratynlykda aladasyny edýändigi begendirýär. Bu babatda ýaşulular Dawudyň, Elihuwyň we Isanyň göreldesine eýerip bilerler (2 Şamuwel 9:6; Eýýup 33:1; Luka 19:5-i okaň). Ýehowanyň bu gullukçylary adamyň adyny tutup, onuň bilen ýürekden gyzyklanýandygyny görkezýärdiler. Pawlus imandaşlarynyň adyny ýatda saklamagyň we olara ýüzlenende adyny tutmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Ol bir hatynda 25 sany dogan-uýanyň adyny ýazyp, olara salam ýollaýar. Şonda ol: «Söýgüli Persise salam aýdyň» diýip, uýanyň adyny tutýar (Rim. 16:3—15).

  • Ýygnak ýaşululary «biziň şatlygymyza» goşant goşýar
    Garawul diňi — 2013 | 15 ýanwar
    • 8. Pawlus Ýehowa bilen Isanyň göreldesine nädip eýerdi?

      8 Pawlus imandaşlaryna ýürekden öwgüli sözleri aýdyp hem olaryň aladasyny edýändigini görkezdi. Bu-da olaryň şatlygyna şatlyk goşýardy. Pawlus başga bir hatynda bolsa, doganlarynyň şatlanmagyny ýürekden isleýändigini aýdyň görkezip, şeýle diýdi: «Size biçak guwanýaryn» (2 Kor. 7:4). Şeýle öwgüli sözler Korintosdaky doganlaryň ýüregine melhem bolandyr. Pawlus başga ýygnaklara-da öwgüli sözleri aýtdy (Rim. 1:8; Flp. 1:3—5; 1 Sel. 1:8). Ol rimlilere ýazan hatynda Persis uýanyň adyny agzap, onuň «Rebde köp zähmet çekendigini-de» aýtdy (Rim. 16:12). Bu öwgüli sözler Hudaýa wepaly uýany nähili ruhlandyrandyr! Hawa, Pawlus doganlara öwgüli sözleri aýdanda, Ýehowa bilen Isanyň göreldesine eýerýärdi (Markus 1:9—11; Ýahýa 1:47-i okaň; Ylham 2:2, 13, 19).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş