Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Kynçylyklar we erbetlikler näme üçin bolýar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 26-njy sapak. Är-aýal keselhanada betbagtçylyga uçran oglunyň ýanynda otyr.

      26-NJY SAPAK

      Kynçylyklar we erbetlikler näme üçin bolýar?

      Adamlaryň başyna betbagtçylyk inende, köplenç: «Näme üçin şu zatlar meniň başyma indikä?» diýýärler. Mukaddes Kitapda şu soraga doly jogap berilýär.

      1. Şeýtan nädip erbetligiň başyny başlady?

      Şeýtan Hudaýa garşy çykdy, sebäbi hökümdar bolasy gelýärdi. Şonuň üçin Adam ata bilen How enäni aldap, olary Hudaýa garşy çykardy. Ilki bilen, Şeýtan How enäni aldady (1 Musa 3:1—5). Ol hamala Ýehowa bir gowy zady gizleýär diýip töhmet atdy. Şeýle-de Şeýtan adamlar Hudaýa gulak asmasalaram, bagtly ýaşap biler diýjek boldy. How enä ölmersiň diýip, ilkinji ýalan sözi aýtdy. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda Şeýtana «ýalançy we ýalanyň atasy» diýilýär (Ýahýa 8:44).

      2. Adam ata bilen How ene näme etdi?

      Ýehowa Hudaý Adam ata bilen How enä iň gowy zatlary berdi. Hudaý olara Erem bagyndaky ähli agaçlaryň miwelerinden arkaýyn iýiberiň, ýöne diňe birinden iýmäň diýdi (1 Musa 2:15—17). Ýöne olar Hudaýa gulak asman, şol agajyň miwesinden iýdiler. Ilki bilen, How ene «agajyň miwesinden alyp iýdi», soňra «Adam ata hem iýdi» (1 Musa 3:6). Adam ata bilen How ene kämil bolansoň, Hudaýa gulak asmak kyn däldi. Ýöne olar bilgeşleýin günä edip, Hudaýyň diýeni bilen ýaşamak islemediler. Şeýdip, kynçylyklaryň, horluklaryň başy başlandy (1 Musa 3:16—19).

      3. Adam ata bilen How enäniň günäsi nähili zyýan ýetirdi?

      Adam ata bilen How enäniň eden günäsi diňe bir özlerine däl-de, nesillerine-de uly zyýan ýetirdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy. Ölüm hem ähli adamlara geçdi» (Rimliler 5:12).

      Adam ata bilen How enäniň günäsi sebäpli biz köp kösenýäris. Meselem, käte ýalňyş karara gelip, soňra özümiz kösenýäris. Käte bolsa başgalaryň ýalňyşy, nädogry hereketi sebäpli kynçylyk döreýär. Käwagt bolsa isleseň-islemeseň tötänden garaşylmadyk ýagdaýa uçraýarsyň (Nesihat 9:11-i oka).

      SÖHBETDEŞLIK

      Dünýäde bolýan betbagtçylyklara hem-de erbetliklere Hudaýyň günäkär däldigini, kynçylyk çekenimizde Hudaýyň hem gynanýandygyny bileliň.

      4. Betbagtçylyklara kim günäkär?

      Köp adamlar dünýä Hudaýyň elinde diýýärler. Dogrudanam şeýlemikä? WIDEONY görüň.

      WIDEO: «Dünýä kimiň elinde?» (1:24)

      Ýakup 1:13 we 1 Ýahýa 5:19-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Betbagtçylyklara hem-de erbetliklere Hudaý günäkärmi?

      5. Şeýtan höküm sürüp başlaly bäri nämeler bolýar?

      WIDEONY görüň.

      WIDEO: «Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär? (3:07)

      1 Musa 3:1—6-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Şeýtan näme diýip ýalan sözledi? (4, 5-nji aýatlara serediň).

      • Şeýtan Ýehowa näme töhmet atdy?

      • Şeýtanyň haýsy sözlerinden adamlar Ýehowasyzam bagtly ýaşap biler diýendigi görünýär?

      Nesihat 8:9-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowanyň höküm sürmeýändigi üçin ýer ýüzünde nämeler boldy?

      Suratlar: ýer ýüzi ýaradylandan tä geljekki Jennete çenli bolýan wakalar suratlandyrylýar. A. Al-ýaşyl öwsüp oturan Erem bagy. B. Asyrlarboýy ýer ýüzündäki hökümdarlyklar ýalan dinlere goşulyp, uruşlary goldaýarlar, halkyň arasynda bölünişik döredýärler, tebigaty hapalaýarlar. Taryhda bolan güýçli hökümdarlyklar: Müsür, Hytaý, Gresiýa, Rim, Beýik Britaniýa we Birleşen Ştatlar. Ç. Adamlar ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşaýarlar.
      1. A. Adam ata bilen How ene günäsizdi, Jennetde ýaşaýardy. Ýöne olar Şeýtanyň gepine gidip, Ýehowa garşy çykdylar.

      2. B. Adam ata, How ene sebäpli adamlar günäli bolup, kynçylyk çekýär, ölýär.

      3. Ç. Ýehowa tizden günäni, kynçylyklary, ölümi aýrar. Şonda adamlar kämil bolup, ýer ýüzünde Jennetde ýaşarlar.

      6. Ýehowa kynçylyklarymyzy görüp gynanýar

      Hudaý çekýän kynçylyklarymyzy görýär. Dawut pygamber bilen Petrus resulyň näme diýendigini bileliň. Zebur 31:7 we 1 Petrus 5:7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowanyň kynçylyklarymyzy görüp, alada edýändigi ýüregiňe giňlik berýärmi?

      7. Hudaý ähli kynçylyklary aýrar

      Işaýa 65:17 we Ylham 21:3, 4-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Adamlaryň çekýän kynçylyklaryny, görgülerini Ýehowanyň aýyrjakdygy näme üçin göwünlik berýär?

      Bilýäňizmi?

      Şeýtan Hudaý barada ýalan sözläp, onuň adyny garalady. Ol Ýehowany adalatsyz, doňýürek Hökümdar edip görkezdi. Tizden Ýehowa ähli erbetlikleriň hem-de kynçylyklaryň soňuna çykyp, iň gowy Hökümdardygyny subut eder. Ýehowanyň adynyň aklanmagy älem-jahanda iň wajyp mesele (Matta 6:9, 10).

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Kynçylyklar Hudaýdan gelýär, maňlaýyňa ýazylan zady görmeli».

      • Sen näme diýerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Dünýäde bolýan erbetliklere esasanam Şeýtan, Adam ata we How ene günäkär. Ýehowa adamlaryň kösenip ýaşaýandygyna gynanýar. Ol tizden ähli erbetlikleri aýrar.

      Gaýtalamak

      • Şeýtan How enä näme diýip ýalan sözledi?

      • Adam ata bilen How enäniň günäsi nähili zyýan ýetirdi?

      • Ýehowanyň kynçylyklarymyzy görüp gynanýandygyny nireden bilýäris?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Mukaddes Kitapda günä barada näme diýilýär?

      «Günä näme?» (Internet makala)

      Şeýtan Erem bagynda Hudaýyň adyny nädip garalady?

      «Hudaý näme üçin kynçylyklara ýol berýär?» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2014)

      Ikinji jahan urşunda bolan pajygaly wakalaryň sebäbini biliň.

      «Hudaý Holokostyň bolmagyna näme üçin ýol berdi?» (Internet makala)

      Bir adam kynçylyklaryň esasy sebäbine düşünipdir.

      «Ýehowa durmuşymy manyly etdi» (5:09)

  • Isa pygamber bizi nädip halas edýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman günä etdi. Şol günäni bize-de geçirdi, şonuň üçin kynçylyk çekýäris, ölýärisa. Ýöne Ýehowa bizi günäden we ölümden halas etmek üçin ogly Isa Mesihi iberdi. Isa pygamber kämil janyny gurban berip, adamlar üçin töleg berdi. Töleg bir adamy gulçulykdan ýa-da tussaglykdan çykarmak üçin berilýär. Edil şonuň ýaly, Isa pygamber hem adamlary halas etmek üçin töleg töledi (Matta 20:28-i oka). Isa pygamberiň ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga haky bardy, ýöne ol Adam ata bilen How enäniň ýitiren kämil ýaşaýşyny adamlara gaýtaryp bermek üçin şirin janyndan geçdi. Ýehowa bilen Isa adamlary söýýändigi üçin töleg gurbanyny berdi. Şu sapakda Isanyň biziň üçin ölendigine has gowy düşünip, minnetdarlygyň artar.

      1. Töleg gurbanynyň häzir nähili peýdasy bar?

      Adamlar günäli, şonuň üçinem Hudaýyň halamaýan işlerini edýärler. Ýöne biz eden günämize ýürekden ökünip, Ýehowadan Isa Mesih arkaly bagyşlamagyny haýyş etsek, eden etmişimizi gaýtalamajak bolup jan etsek, Hudaýyň dosty bolup bileris (1 Ýahýa 2:1). Mukaddes Kitapda: «Dogruçyl Mesih günäleri bir gezekde hemişelik aýyrmak üçin öldi. Ol günäli adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmak isledi» diýilýär (1 Petrus 3:18).

      2. Töleg gurbanynyň gelejekde nähili peýdasy bolar?

      Isa Mesih ýer ýüzüne gelip, kämil janyny gurban berdi, sebäbi Ýehowa «ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny» isleýär (Ýahýa 3:16). Adam atanyň günäsi sebäpli häzir köp kynçylyk çekýäris, ýöne Ýehowa tizden Isanyň kömegi bilen ähli kynçylyklary aýrar. Diýmek, Isanyň töleg gurbanyna iman etsek, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi, bagtly ýaşap bileris (Işaýa 65:21—23).

      SÖHBETDEŞLIK

      Isa pygamberiň janyny näme üçin gurban berendigine we munuň nähili peýdasynyň bardygyna has gowy düşüneliň.

      3. Töleg gurbany günäden we ölümden halas edýär

      WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Isa pygamber näme üçin öldi?» (1-nji bölüm) (2:01)

      • Adam ata Hudaýa gulak asmandygy üçin näme boldy?

      Rimliler 5:12-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Adam atanyň günäsi saňa nähili täsir edýär?

      Ýahýa 3:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa näme üçin Ogluny ýer ýüzüne iberdi?

      A. Suratlar: 1) Adam ata Hudaýa gulak asmansoň bolýan gynançly ýagdaýlar. 2) Bir adamyň tabydyny göterip barýarlar we ýas tutýarlar. Suratlar: A. Hudaýa gulak asmadyk Adam ata. B. Isa Mesih. B. Suratlar: 1) Isa Mesih. 2) Dürli döwürlerde ýaşan her milletden, tire-taýpadan bolan dürli ýaşdaky adamlar.
      1. A. Adam ata kämil bolsa-da, Hudaýa gulak asman günä etdi, günäni we ölümi nesline geçirdi.

      2. B. Isa pygamber hem kämildi, ýöne Hudaýa gulak asyp, adamlary günäden halas etdi, ebedi ýaşamaga mümkinçilik döretdi.

      4. Isa ähli adamlar üçin janyny gurban berdi

      WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Isa pygamber näme üçin öldi?» (2-nji bölüm) (2:00)

      • Bir adamyň ölmegi bilen nädip hemmeler halas bolup bilýär?

      1 Timoteos 2:5, 6-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Adam ata kämil ýaradylsa-da, adamlara günäni we ölümi geçirdi. Isa pygamber hem kämildi, ýöne ol adamlar üçin näme etdi?

      5. Ýehowa seniň üçinem töleg töledi

      Ýehowa töleg töläp, her bir adama uly ýagşylyk etdi. Galatýalylar 2:20-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Pawlus tölegiň özi üçin hem tölenendigine ynanýardymy? Näme üçin?

      Adam atanyň günäsi sebäpli özi-de, nesli-de ölüme mynasypdy, ýöne Ýehowa Oglunyň ölmegine ýol berip, saňa ebedi ýaşamaga mümkinçilik döretdi.

      Ýahýa 19:1—7, 16—18-nji aýatlary okaň. Göz öňüne getiriň, Ýehowanyň Oglunyň ejir çekişini görüp, ýüregi para-para bolýar. Soňra aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa bilen Isanyň eden ýagşylygy saňa nähili täsir edýär?

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Bir adamyň ölmegi bilen nädip hemmeler halas bolup biler?»

      • Sen nähili düşündirerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Isanyň töleg gurbanyna esaslanyp, Ýehowa günäleri bagyşlaýar, ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär.

      Gaýtalamak

      • Isa pygamber näme üçin öldi?

      • Isa nädip töleg töledi?

      • Töleg gurbanynyň saňa nähili peýdasy bar?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Isanyň kämil janyny gurban bermegine näme üçin töleg gurbany diýilýär?

      «Isa pygamber nädip „köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi“?» (Internet makala)

      Günäden we ölümden halas bolmak üçin näme etmelidigini öwreniň.

      «Isa nädip halas edýär?» (Internet makala)

      Ýehowa agyr günäleri hem bagyşlaýarmy?

      «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby» («Garawul diňi» 1 maý, 2013)

      Bir dogan töleg gurbany hakda bilip, durmuşyny üýtgedýär.

      «Indi men zorluk-sütemiň guly däl» (Internet makala)

      a Günä diňe bir erbetlik etmegi däl-de, Adam ata bilen How enäniň eden günäsi sebäpli Hudaýdan daşlaşmagy aňladýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş