Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hudaý bize söýgüsini görkezdi
    Garawul diňi — 2011 | 15 iýun
    • 7, 8. Nädip iki kämil adamyň eden işi dürli netije berdi?

      7 Söýgüden doly Ýehowa adamlaryň miras alan günäsini aýyrmagyň aladasyny etdi. Pawlus resul muny başga bir kämil adam, ýagny «soňky Adam» arkaly etdi diýýär (1 Kor. 15:45). Olaryň ikisi-de kämil bolsa-da, eden işi dürli netije berdi. Nädip? (Rimliliýer 5:15, 16-njy aýatlary okaň).

      8 Pawlus resul: «Merhemet sylagy tagsyr ýaly däldir» diýdi. Adam ata günä edendigi üçin, adalatly ölüm jezasyny aldy. Emma onuň diňe özi ölmedi. Biz şeýle okaýarys: «Biriniň tagsyry arkaly köp adamlar öldi». Biziň ählimiz Adam atanyň günäli nesli bolandygymyz üçin ölýäris. Muňa garamazdan, ikinji kämil adam bolan Isanyň eden işi gowy netije berýändigi göwnüňi göterýär. Nähili netije berdi? Bu soraga Pawlus resul şeýle jogap berdi: «Bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi» (Rim. 5:18).

      9. Rimliler 5:16, 18-nji aýatlarda aýdylyşy ýaly, Hudaý adamlary aklamak üçin näme etdi?

      9 «Aklanma» diýip terjime edilen grek sözi näme aňladýar? Ýokarda agzalan professoryň aýtmagyna görä, aklawçylaryň dilinde «bu söz adamyň häsiýetiniň däl-de, Hudaýyň öňündäki abraýynyň üýtgändigini görkezýär... Bu meňzetmede Hudaý kazy hökmünde suratlandyrylýar we adam Hudaýyň kazyýetine eltilýär. Emma Hudaý aýyplanýan adamyň işine seredip, ony aklaýar».

  • Hudaý bize söýgüsini görkezdi
    Garawul diňi — 2011 | 15 iýun
    • 14, 15. Hudaýyň aklan adamlaryna nähili sylag garaşýar, ýöne şonda-da olar näme etmeli?

      14 Gudratygüýçli Hudaýyň adamyň günäsini we ýalňyşyny bagyşlaýandygy barada oýlanyp gör! Adamlaryň mesihçi bolmanka, eden günäleri näçe köp bolsa-da, Hudaý töleg esasynda olary bagyşlaýar. Pawlus: «Köp tagsyrdan bolan merhemet sylagy aklanma üçin berilýändir» diýdi (Rim. 5:16). Şol sylagy (aklanmagy) alan resullar we beýleki adamlar şonda-da hak Hudaýa hemişe iman edip, sežde etmeli. Olara geljekde nähili sylag berler? «Merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer». Hawa, aklanma sylagy Adam atadan miras galan günäni ýuwup, ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär (Rim. 5:17; Luka 22:28—30-njy aýatlary okaň).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş