Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?
    Garawul diňi — 2018 | Fewral
    • RUHY TAÝDAN ÝETIŞEN BOLMAK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

      3. Mukaddes Ýazgylarda ten islegine görä ýaşaýan adam bilen ruhy adamyň arasyndaky tapawut barada näme diýilýär?

      3 Pawlus resul ruhy garaýyşdaky adamyň nähili bolýandygyna düşünmäge kömek etmek üçin, «Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam» bilen «ten islegine görä ýaşaýan adamyň» aratapawudyny düşündirýär (1 Korinfliler 2:14—16-njy aýatlary okaň). Eýsem, olaryň arasynda nähili tapawut bar? «Ten islegine görä ýaşaýan adam Hudaýyň ruhy arkaly açan zatlaryny kabul edip bilmeýär. Bu zatlar onuň üçin akmaklykdyr. Ol oňa düşünip hem bilmeýär». «Ýöne Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam ähli zada düşünýändir... Mesihiň pikir edişi ýaly, pikir edýändir». Pawlus resul bizi ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga höweslendirýär. Ten islegine görä ýaşaýan adam bilen Hudaýyň islegine görä ýaşaýan adamyň arasynda ýene nähili tapawut bar?

  • Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?
    Garawul diňi — 2018 | Fewral
    • 6. «Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam» nähili bolýar?

      6 Eýsem, «Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam» nähili bolýar? Ol Hudaýy razy edip ýaşaýar we ten islegine görä ýaşaýan adamdan düýpgöter tapawutlanýar. Ruhy garaýşyny saklaýan adamlar «Hudaýdan görelde almaga» jan edýärler (Efes. 5:1). Başgaça aýdanyňda, olar Ýehowanyň pikir edişi ýaly pikirlenip, ähli zada onuň garaýşy ýaly garamaga çalyşýarlar. Olar Hudaýyň bardygyna berk ynanýarlar. Ten islegine görä ýaşaýanlardan tapawutlylykda, olar hemme ýagdaýda Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermek üçin tagalla edýärler (Zeb. 119:33; 143:10). Olar ten islegini öňe sürmän, gaýtam, «ruhuň miwesini» görkezmäge çalyşýarlar (Gal. 5:22, 23). Ruhy garaýyşda bolmagyň ýene näme aňladýandygyny bilmek üçin, şu barada oýlanyň: Hemişe dogry garaýşyny saklaýan adam pikirini gowy zatlara gönükdirýär. Ruhy zatlary gymmat saýýan adam bolsa pikirini ruhy zatlara gönükdirýär.

      7. Mukaddes Ýazgylarda ruhy garaýyşdaky adamlar hakda näme diýilýär?

      7 Mukaddes Ýazgylarda ruhy garaýyşdaky adamlaryň öwgä mynasypdygy aýdylýar. Meselem, Matta 5:3-de: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr, çünki gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr» diýilýär. Rimliler 8:6-da bolsa ruhy garaýyşdaky adam barada: «Ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär, ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär» diýilýär. Biz ünsümizi ruhy zatlara gönükdirsek, häzirden Hudaý bilen parahatlygy saklap, kalbymyzda rahatlyk duýarys. Gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowşarys.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş