-
Isa pygamberiň inisi Ýakubyň göreldesine eýeriňGarawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Ýanwar
-
-
ÝAKUP ÝALY PESGÖWÜNLI BOLUŇ
Ýakup Isanyň ölümden direlendigini görüp, ýalňyşyna düşünýär, özüni kiçeldýär we onuň şägirdi bolýar (5—7-nji abzaslara serediň).
5. Isanyň ölümden direlmegi Ýakuba nähili täsir edýär?
5 Ýakup Isanyň pygamberdigine haçan iman edýär? Isa ölümden direlenden «soňra Ýakuba, ondan soňra ähli resullara görünýär» (1 Kor. 15:7). Ýakup agasy Isanyň ölümden direlendigini görüp haýran galandyr we onuň şägirdi bolandyr. Bir gün resullar Iýerusalimde bolýan jaýynyň ýokarky otagyna çykýarlar. Olar Hudaýdan mukaddes ruh sorap, doga edýärler. Olaryň arasynda Isanyň inisi Ýakup hem bardy (Res. 1:13, 14). Soňra Ýakup ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk edýär (Res. 15:6, 13—22; Gal. 2:9). Ýakup b. e. 62-nji ýylyndan öň Hudaýyň ylhamy bilen saýlanan mesihçilere hat ýazýar. Ýakubyň hatyndan saýlanan mesihçiler hem, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar hem köp zatlary öwrenip bilerler (Ýak. 1:1). I asyrda ýaşap geçen taryhçy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, baş ruhany Ananýas Ýakuba ölüm jezasyny berýär (Ananýas Hannanyň ogludy). Ýakup soňky demine çenli Ýehowa wepaly bolýar.
-