Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Sentýabr sah. 27
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • Direlişiň boljakdygyna ýürekden ynanýarys!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Täzeden dogulmak nämäni aňladýar?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Ölen adamlar nädip direler?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Pawlus resulyň göreldesine eýerip, ruhy taýdan ösüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Sentýabr sah. 27
Sawulyň ýagtylykdan ýaňa gözi gapylyp ýerde ýatyr. Onuň ýanynda ýehudylar seredip durlar.

Okyjylaryň sowallary

Pawlus özüne «wagtyndan öň doglan» diýende nämäni göz öňünde tutdy? (1 Korinfliler 15:8).

1 Korinfliler 15:8-de Pawlus şeýle diýýär: «Iň soňunda wagtyndan öň doglan çaga, ýagny maňa göründi». Pawlus resul aýatdaky sözleri Isa Mesihiň gökdäki şöhratyny görende aýtdy. Öň aýada Pawlus gökdäki ýaşaýyş üçin wagtyndan öň doglar, ýagny direler diýip düşünýärdik. Emma gözlegleriň netijesinde aýadyň manysynyň başgadygyna göz ýetirdik.

Pawlus «wagtyndan öň doglan» diýip nämäni göz öňünde tutdy?

Pawlus garaşylmadyk ýagdaýda mesihçi bolýar we gözi gapylýar. Adatça, ene-atalar çagasynyň wagtyndan öň dünýä inmegini islemeýärler. Sebäbi çaga wagtyndan öň dogulsa sagdyn bolmaýar. Bir güni Sawul (soňra ol Pawlus ady bilen tanalýar) Damaskdaky mesihçileri tussag etmäge gidýär. Ýolda barýarka görnüş arkaly direlen Isany görýär. Şondan soň ol mesihçi bolýar. Muňa ne Pawlusyň özi ynanýar, ne-de Damaskdaky dogan-uýalar ynanýar. Hemme zat duýdansyz bolýar. Pawlus Isany görende gözi gapylýar we «kemis doglan çaga» ýaly bolýar (Res. 9:1—9, 17—19).

Pawlus «biwagt» mesihçi bolýar. «Wagtyndan öň doglan» diýip terjime edilen grek jümlesini «biwagt doglan» diýip hem terjime edip bolýar. 1 Korinfliler 15:4—7-nji aýatlarda agzalýan mesihçiler direlen Isany gözi bilen görüpdi. Emma Pawlus Isa göge galandan soň mesihçi bolandygy üçin, ony görüp bilmedi. Isa bolsa görnüş arkaly oňa göründi (1 Kor. 15:8). Şol sebäpli Pawlus «biwagt doglan çaga ýaly boldum» diýdi.

Pawlus özüni peseltdi. Käbir alymlar «Pawlus biwagt doglan çaga ýaly boldum diýip özüni kiçeltdi» diýýärler. Olaryň aýdýanyndan çen tutsak, Pawlus özüni resul bolmaga-da mynasyp görmändir. Pawlusyň özi hem: «Men resullaryň iň kiçisi we resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin. Sebäbi men Hudaýyň ýygnagyny yzarlapdym. Emma men Hudaýyň ýagşylygy bilen resul boldum» diýdi (1 Kor. 15:9, 10).

Görşümiz ýaly, Isa duýdansyz Pawlusa göründi. Pawlus garaşylmadyk ýagdaýda mesihçi boldy we ol özüni resul bolmaga mynasyp görmedi. Pawlus nähili sözleri ulansa-da, görnüş arkaly Isany gören gününi hiç unutmady. Şondan soň ol Isanyň direlendigine şübhelenmedi. Hatda Pawlus Isanyň direlendigi barada wagyz edende, şol wakany ençeme sapar agzady (Res. 22:6—11; 26:13—18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş