-
«Men Hudaýa umyt baglaýaryn»Garawul diňi — 2017 | Dekabr
-
-
15. Isa Mesihe näme üçin «ilkinji miwe» diýilýär?
15 Isanyň ölümden ilkinji bolup direlmegi örän wajyp (Res. iş. 26:23). Emma gökde ýaşamak üçin ruhy şahsyýet bolup direljek başga-da adamlar bar. Isa wepaly resullaryna özi bilen bile gökde höküm sürjekdigini wada berdi (Luka 22:28—30). Bu sylagy almak üçin olar ilki ölümi dadyp, soňra Mesih ýaly ruhy şahsyýet bolup direlmeli. Pawlus resul: «Mesih ölüm ukusyna gidenleriň ilkinji miwesi hökmünde ölümden direldi» diýip ýazdy. Ol gökdäki ýaşaýyş üçin başga-da adamlaryň direlmelidigini görkezip: «Her kes öz nobatynda direler: ilkinji miwe hökmünde Mesih, soňra Mesih gelende, oňa degişli bolanlar direler» diýdi (1 Kor. 15:20, 23).
16. Gökdäki direlişiň başlandygyny näme görkezýär?
16 Aýatlardaky sözler gökdäki direlişiň haçan boljakdygy barada umumy maglumat berýär. Bu direliş «Mesih gelende» bolmaly. Ýehowanyň Şaýatlary Ýazgylar esasynda biziň 1914-nji ýyldan bäri Isanyň «gelmeli» döwründe ýaşaýandygymyzy öňünden aýtdylar. Şol döwür häzir dowam edýär we tizden bu zalym dünýäniň soňy geler.
17, 18. Mesihiň gelen döwründe käbir mesh edilen mesihçilere näme bolar?
17 Injilde gökdäki direliş barada şeýle jikme-jiklikler bar: «Biz siziň ölüm ukusynda ýatan adamlar babatda habarsyz bolmagyňyzy islemeýäris... Eger biz Isanyň ölüp, soňra direlendigine iman edýän bolsak, onda Isanyň şägirtleri hökmünde ölenleri hem Hudaýyň direltjekdigine iman edýändiris... Halypamyz gelende, biz, ýagny ýaşap ýörenler göge galarys. Emma başda ölüm ukusyna gidenler direler, biz bolsa olardan soň direleris. Sebäbi Halypamyzyň hut özi gökden aşak iner-de... buýruk berer. Şonda Mesihiň şägirdi hökmünde ölenler ilkinji bolup direlerler. Soňra biz, ýagny ölmän galanlar olar bilen bilelikde Halypamyz bilen asmanda görüşmek üçin bulutlara alnarys; şeýlelikde, biz hemişe Halypamyzyň ýanynda bolarys» (1 Sel. 4:13—17).
18 Ilkinji direliş Mesih «gelenden» biraz wagt soň başlamalydy. Agyr muşakgatda ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçiler «bulutlara alnar» (Mat. 24:31). Göge «alynjak» mesihçiler «ölüm ukusyna gitmezler». Olaryň «hemmesiniň bedeni özgerer. Bu soňky surnaý çalynýan wagty göz açyp-ýumasy salymda bolar» (1 Kor. 15:51, 52).
-
-
«Men Hudaýa umyt baglaýaryn»Garawul diňi — 2017 | Dekabr
-
-
20. «Her kesiň öz nobatynda direljekdigine» näme üçin ynamly bolup bileris?
20 Gökdäki direliş barada Injilde: «Her kes öz nobatynda direler» diýilýär (1 Kor. 15:23). Ýer ýüzündäki direliş hem edil şonuň ýaly tertipde we örän täsirli bolar. Dogan-garyndaşlary garşy alar ýaly, ýaňy-ýakynda aradan çykan adamlar Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygynyň başynda direlermi? Ýehowanyň gartaşan, wepaly we ýolbaşçylyk ukyby bolan gullukçylary täze dünýäde Hudaýyň halkyna guramaçylykly bolmaga kömek etmek üçin ilki direlermi? Eýsem, Ýehowa hiç haçan gulluk etmedik adamlar barada näme diýse bolar? Olar haçan we nirede direler? Elbetde, soraglarymyz gaty köpdür. Emma olaryň ählisine häzir jogap tapmak mümkin däl. Geliň, gowusy biraz sabyr edeliň-de, olary öz gözümiz bilen görýänçäk garaşalyň. Ýehowanyň niýetini amala aşyryşyny görmek diýseň tolgundyryjy bolar.
-