-
Hudaýyň Patyşalygy näme?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
7. Patyşalygyň kanunlary adamlaryňkydan has gowy
Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary üçin hem kanunlar berilýär. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Her bir adam Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşasa, dünýä nähili bolar?a
Ýehowa raýatlaryndan kanunlaryna gulak asmagy talap edip bilýärmi? Näme üçin?
Adamlar Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşap bilermi? (11-nji aýada serediň).
Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaý hem Patyşalygy arkaly raýatlary üçin iň gowy kanunlary berýär.
-
-
Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
41-NJI SAPAK
Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?
Köp adamlar jynsy gatnaşyk barada gürrüň etmäge utanýar. Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada açyk aýdylsa-da, okan adam özüni oňaýsyz duýmaýar, gaýtam köp zatlary öwrenýär, sebäbi olary Ýaradyjymyz Ýehowa ýazdyrdy. Eger şol maslahatlara eýersek, Hudaýy begendireris, häzirden bagtly ýaşarys.
1. Ýehowa jynsy gatnaşygy ýazgarýarmy?
Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi. Hudaý olaryň diňe bir çaga dünýä indermän, biri-birine ysnyşyp, mähir bildirip ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda-da: «Ýaşlygyňda öýlenen aýalyň bilen şatlan» diýilýär (Nakyllar 5:18, 19). Ýehowa är-aýalyň biri-birine wepaly bolmagyny talap edýär. Ýanýoldaşyna ikilik edýän adamlary ýigrenýär (Ýewreýler 13:4-i oka).
2. Ahlaksyzlyk näme?
Mukaddes Kitapda: «Ahlaksyzlar... Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» diýilýär (1 Korinfliler 6:9, 10). Mukaddes Kitapda grekçe «porneýa» sözi ahlaksyzlyk diýip terjime edilýär. «Porneýa» sözi 1) maşgala gurmadyk adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygya, 2) bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy hem-de 3) haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmegi aňladýar. Eger «ahlaksyzlykdan uzakda dursak», Ýehowany begendireris, kynçylyga uçramarys (1 Selanikliler 4:3).
SÖHBETDEŞLIK
Ahlaksyzlykdan gaça durmagy öwreniň. Şeýle-de ahlak taýdan arassa bolmagyň peýdalydygyny biliň.
3. Ahlaksyzlygy ýigreniň
Hudaýy söýýän Ýusup atly ýaş ýigide bir aýal ahlaksyzlyk etmegi teklip edýär, ol çürt-kesik ýok diýýär. 1 Musa 39:1—12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýusup näme üçin gaçyp gitdi? (9-njy aýada serediň).
Ýusubyň gaçyp gitmegi dogrumy? Näme üçin?
Ýaşlar nädip Ýusupdan ahlaksyzlygy ýigrenmegi öwrenip biler? WIDEONY görüň.
Ýehowa biziňem ahlaksyzlygy ýigrenmegimizi isleýär. 1 Korinfliler 6:18-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Haýsy ýagdaýlarda ahlaksyzlygyň duzagyna düşüp bileris?
Şeýle ýagdaýlarda nädip berk durup bilersiň?
4. Synaga garşy durup bilersiňiz
Ahlak taýdan arassa bolmak haýsy ýagdaýlarda kyn bolup biler? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Dogan käbir pikirleriň we hereketleriň biwepalyga eltip biljekdigine düşünende näme etdi?
Käte Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän adamlara-da erbet zatlaryň pikirini etmezlik aňsat däl. Ahlaksyz zatlar hakda pikirlenip ýörmez ýaly näme etmeli? Filipililer 4:8-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Biz näme hakda pikirlenmeli?
Her gün Mukaddes Kitaby okamak, Ýehowanyň tabşyran işlerini etmek günä etmezlige nädip kömek edýär?
5. Ýehowanyň kada-kanunlary bagtly edýär
Ýehowa nämäniň bagtly edýändigini gowy bilýär. Ýehowa bize ahlak taýdan arassa bolmagy öwredýär we peýdasyny düşündirýär. Nakyllar 7:7—27-nji aýatlary okap ýa-da WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Haýsy ädimler ýaş ýigidi ahlaksyzlyga eltdi? (Nakyllar 7:8, 9-njy aýatlara serediň).
Nakyllar 7:23, 26-njy aýatlara görä, ahlaksyzlyk eden adam eden işiniň ajy miwesini dadýar. Ahlaksyzlyk etmesek nähili ýagdaýa düşmeris?
Ahlak taýdan arassa bolsak, biz nädip häzirden bagtly bolup bileris?
Mukaddes Kitapda bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk ýazgarylýar. Käbir adamlar munuň bilen ylalaşman Hudaýy rehimsiz hasaplaýar. Ýöne Ýehowa adamlary söýýär, ebedi bagtly ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin biz Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermeli. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaý diňe bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy ýazgarýarmy? Başga nämeleri ýazgarýar?
Hudaýy begendirmek üçin ählimiz häsiýetlerimizi, garaýyşlarymyzy üýtgetmeli. Munuň nähili peýdasy bar? Zebur 19:8, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowanyň ahlak kada-kanunlaryny dogry hasaplaýarsyňmy? Näme üçin?
Ýehowa köp adamlara ahlak taýdan arassa ýaşamagy öwretdi. Ol saňa-da kömek eder.
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Özi isleýän bolsa, jynsy gatnaşyk etmegiň nämesi erbet?!»
Sen näme diýerdiň?
ESASY PIKIRLER
Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi.
Gaýtalamak
Näme zatlar ahlaksyzlyk hasaplanýar?
Ahlaksyzlygyň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?
Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamagyň nähili peýdasy bar?
KÖPRÄK BILIŇ
Hudaý är-aýalyň näme üçin nikadan geçmegini isleýär?
«Mukaddes Kitapda nikadan geçmän ýaşaşmak barada näme diýilýär?» (Internet makala)
Mukaddes Kitapda bir jynsdaky adamlaryň jynsy gatnaşygy ýazgarylsa-da, şeýle adamlary näme üçin ýigrenmeli däldigini bileliň.
Hudaýyň ahlak kadalary bizi goraýar.
«Oral (agyz arkaly) jynsy gatnaşyk etmek dogrumy?» (Internet makala)
«Olar meni ýigrenmeýärdi» diýen makaladan bir adamyň durmuşynyň nädip üýtgändigini biliň.
«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 aprel, 2011)
a Şeýle-de oral (agyz), anal (täret deşigi) jynsy gatnaşygyny, ýanýoldaşy bolmadyk adamyň uýat ýerini sypalamagy öz içine alýar.
-
-
Spirtli içgileri içse bolýarmy?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
43-NJI SAPAK
Spirtli içgileri içse bolýarmy?
Spirtli içgiler babatda adamlaryň garaýşy deň bolmaýar. Käbirleri dost-ýarlary bilen oturanda içmegi gowy görýär. Käbirleri asla içmeýär. Beýlekiler bolsa şeýle bir köp içýär welin, aýak üstünde durup bilmeýär. Mukaddes Kitapda spirtli içgiler barada näme diýilýär?
1. Spirtli içgileri içmek günämi?
Mukaddes Kitabyň hiç bir aýadynda spirtli içgileri içmegiň nädogrudygy aýdylmaýar. Gaýtam Hudaýyň adamlara beren gowy zatlarynyň içinde şerap hem agzalýar. Mukaddes Kitapda: «Şerap adamyň göwnüni göterýär» diýilýär (Zebur 104:14, 15). Mukaddes Kitapda Hudaýa wepaly erkek-aýallaryň şerap içendigi aýdylýar (1 Timoteos 5:23).
2. Spirtli içgileri içmek babatda nähili maslahat berilýär?
Ýehowa serhoşlygy we çeniňi bilmän içmegi halamaýar (Galatýalylar 5:21). Mukaddes Kitapda: «Şerap içegenleriň arasynda bolma» diýilýär (Nakyllar 23:20). Diýmek, biz başgalar bilen içsegem, ýeke özümiz içsegem, çenimizi bilmeli, sebäbi köp içýän adam dury pikirlenip bilmeýär. Näme edip, näme goýanyny, näme diýenini bilmeýär. Şeýle-de saglygyna zyýan ýetirýär. Eger çeniňi bilmeýän bolsaň, onda içmeseň has gowy.
3. Başgalaryň garaýşyna nädip hormat goýmaly?
Spirtli içgileri içmelimi ýa-da içmeli däldigini her kimiň özi çözýär. Ýöne biz çenini bilip içýän adamlary ýazgarmaly däl. Içmeýän adamlara bolsa içirjek bolup durmaly däl (Rimliler 14:10). Eger başgalary büdredýän bolsak, onda içmesek gowy bolar (Rimliler 14:21-i oka). Biz: «Öz peýdamyzy däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlemeli» (1 Korinfliler 10:23, 24-nji aýatlary oka).
SÖHBETDEŞLIK
Spirtli içgileri içmek we näçeräk içmek hakdaky kada-kanunlary öwreneliň. Aşa köp içmezlige nämäniň kömek edýändigini bileliň.
4. Içmelimi ýa içmeli däl?
Isa spirtli içgileri içmek babatda nähili pikir edýärdi? Onuň ilkinji görkezen gudratyndan şu soragyň jogabyny bilip bolýar. Ýahýa 2:1—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa spirtli içgileri içmegi we ony içýän adamlary ýazgardymy?
Onda Hudaýyň gullukçylary spirtli içgileri içýän adamlary ýazgarmalymy?
Spirtli içgileri içmek gadagan edilmese-de, Hudaýyň gullukçysy paýhasly bolmaly. Nakyllar 22:3-i okap, aşakdaky ýagdaýlarda içmeli ýa-da içmeli däldigi hakda gürrüňdeş boluň.
Ulag sürjek ýa-da tehniki enjamlary işletjek bolsaň.
Göwreli bolsaň.
Lukman içmezligi maslahat beren bolsa.
Çendenaşa köp içýän bolsaň.
Hökümetiň kanunyna garşy gelýän bolsa.
Içgini taşlan, ýöne häzirem şol ejizligi bilen göreşýän adam bilen bir saçakda otursaň.
Toý edeniňde ýa-da myhman çagyranyňda spirtli içgileri goýsa bolýarmy? WIDEONY görüp, näme etmelidigini biliň.
Rimliler 13:13 we 1 Korinfliler 10:31, 32-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Şu aýada görä Ýehowa ýaraýan karara nädip gelip bilersiň?
Spirtli içgileri içmeli ýa-da däldigini her kimiň özi çözýär. Hudaýyň gullukçysy spirtli içgileri içýänem bolsa, hemme ýerde içip ýörmez.
5. Näçeräk içmeli?
Ýehowa spirtli içgileri içmegi gadagan etmese-de, aşa köp içmegiň nädogrudygyny öwredýär. Näme üçin? Hoşeýa 4:11, 18-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Köp içýän adam nämäniň üstünden barýar?
Aşa köp içmez ýaly näme edip bileris? Pespäl adam çägini bilýär, aşa köp içmeýär. Nakyllar 11:2-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Näme üçin näçeräk içjekdigiňi öňünden çözmeli?
6. Içgini taşlap bilersiňiz!
Käbir adamlar içgini taşlap bildiler. Geliň, olaryň birine nämäniň kömek edendigini bileliň. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Dmitriý içensoň nähili bolýardy?
Içgisini goýmak aňsat düşdümi?
Ol içgini nädip taşlady?
1 Korinfliler 6:10, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa arakhorlara nähili garaýar?
Içgini taşlap bolýandygyny näme görkezýär?
Matta 5:30-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowany razy etmek üçin, edil eliňi kesip taşlan ýaly käbir zatlardan geçmeli. Içgini taşlamak üçin sen nämeleri edip bilersiň?a
1 Korinfliler 15:33-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Gatnaşýan adamlaryň köp içmegiňe sebäp bolup bilermi?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Arak içse bolýarmy? Siziň kitabyňyzda näme diýilýär?»
Sen näme diýerdiň?
ESASY PIKIRLER
Mukaddes Kitapda şerap adamyň göwnüni göterýär diýilýär. Ýöne Ýehowa serhoşlygy we çeniňi bilmän içmegi halamaýar.
Gaýtalamak
Mukaddes Kitapda spirtli içgileri içmek barada näme diýilýär?
Aşa köp içmek nämäniň üstünden eltip biler?
Spirtli içgileri içýän ýa-da içmeýän adamlaryň garaýşyna nädip hormat goýup bileris?
KÖPRÄK BILIŇ
Ýaşlar spirtli içgileri içmezden öň nämeler hakda oýlanmaly?
Içgini taşlamak üçin nämeler etmeli?
«Köp içmek endigini goýmak hakda maslahatlar» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2010)
Mesihçiler tost aýtsa bolýarmy?
«Düýbi deşik çelekdim» diýen makaladan bir adamyň içgini nädip goýandygyny biliň.
«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 maý, 2012)
a Arakhor adamlara käte lukmanyň kömegi gerek bolýar. Lukmanlaryň köpüsi arakhor adamlara asla içmezligi maslahat berýär.
-
-
Agyr günä eden adam näme etmeli?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
Sen Ýehowany ýürekden söýseň-de, ony gynandyrmajak bolup näçe jan etseň-de, ýalňyşmagyň mümkin. Käte ýöne bir ýalňyşman, agyr günä etmegiň hem mümkin (1 Korinfliler 6:9, 10). Ýöne şeýle ýagdaýda-da Ýehowa seni söýýär. Ol seni bagyşlap, kömek edesi gelýär.
1. Ýehowa günäňi geçer ýaly näme etmeli?
Ýehowany söýýän adamlar agyr günä edendigine düşünende, eden günäsine ýürekden ökünýär. Ýöne olara Ýehowanyň: «Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da, men olary gar ýaly ak ederin» diýen wadasy göwünlik berýär (Işaýa 1:18). Eger ýürekden toba etsek, Ýehowa hökman bagyşlar. Ýöne nädip ýürekden toba etmeli? Munuň üçin eden işiňe ýürekden ökünmeli, günäli işleri goýmaly, Ýehowa ýalbaryp ötünç soramaly. Günä etmegiňe sebäp bolan erbet pikirleri we endikleri taşlap, Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaly (Işaýa 55:6, 7-nji aýatlary oka).
2. Ýehowa ýaşulular arkaly nädip kömek edýär?
Ýehowa agyr günä eden adamy «ýygnak ýaşulularyna» ýüz tutmaga höweslendirýär (Ýakup 5:14, 15-nji aýatlary oka). Ýaşulular Ýehowany söýýär, halkynyň ýürekden aladasyny edýär. Ýaşulular günä eden adama Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge kömek edip bilýärler (Galatýalylar 6:1).
Olar günä eden adama nädip kömek edýärler? Olar adama eden günäsiniň näme üçin agyrdygyny Mukaddes Kitapdan düşündirýärler. Günäkäre eden günäsini gaýtalamaz ýaly näme etmelidigini düşündirýärler, ruhlandyrýarlar, imanyny berkidýärler. Agyr günä edip, toba etmeýän adam dogan-uýalara erbet täsir edip biler, şonuň üçin ýaşulular şeýle adamlary ýygnakdan çykarýarlar.
SÖHBETDEŞLIK
Ýehowanyň agyr günä eden adama kömek edişi hakda köpräk bileliň.
3. Günäňi boýun almak ruhy taýdan dikelmäge kömek edýär
Biz nähili günä etsegem, Ýehowa garşy günä edýäris. Şonuň üçin, ilki, Hudaýyň öňünde günäňi boýun almaly. Zebur 32:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa näme üçin günäňi gizlemän aýtmaly?
Eden günäňi diňe Ýehowa däl-de, ýaşululara-da aýtsaň, egniňden agyr ýük aýrylan ýaly bolar. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýaşulular dogana Ýehowa dolanmaga nädip kömek etdi?
Ýaşululardan hiç zady gizlemän bar zady bolşy ýaly aýtmaly. Şonda olar has gowy kömek edip biler. Ýakup 5:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýaşululara näme üçin ähli zady aýtmaly?
Günäňizi boýun alyň, ýaşululara ähli zady aýdyň, Ýehowanyň kömegini kabul ediň.
4. Ýehowa günä eden adama rehim edýär
Agyr günä edip Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islemeýän adam ýygnagyň agzasy bolup bilmeýär. Ol ýygnakkdan çykarylýar. Hiç kim onuň bilen gatnaşmaýar. 1 Korinfliler 5:6, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Azajyk hamyrmaýa tutuş hamyry turşadýan bolsa, toba etmeýän günäkär ýygnaga nähili täsir eder?
Ýaşulular rehimdar Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerip, ýygnakdan çykarylan adamdan habar alyp durýar we gerekli kömegi berýär. Şeýlelikde, ýygnakdan çykarylan adamlaryň köpüsi Ýehowa bilen dostlugyny dikeltdi. Elbetde, ýygnakdan çykarylan adam özüni erbet duýýar. Ýöne şeýle çäre günäkäre ýalňyşyna düşünmäge we düzelmäge kömek edýär (Zebur 141:5).
Ýehowanyň günä eden adama bolan garaýşy onuň adalatly, rehimdar we söýgüden doly Hudaýdygyny nädip görkezýär?
5. Toba eden adamy Ýehowa bagyşlaýar
Isa pygamber bir mysal getirip, günä eden adam toba etse, Ýehowanyň begenýändigini düşündirdi. Luka 15:1—7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Mysaldan Ýehowa barada näme öwrendiň?
Hyzkyl 33:11-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýürekden toba eden adam näme edýär?
Ýehowa— mähirli çopan. Ol guzujyklarynyň aladasyny edýär.
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Günä edenimi aýtsam, ýaşulular ýygnakdan çykarar öýdüp gorkýan».
Şeýle pikir edýän adama nädip kömek ederdiň?
ESASY PIKIRLER
Eger agyr günä eden bolsak, ýürekden toba etsek we gaýtalamazlyk üçin elimizde baryny etsek, Ýehowa bagyşlar.
Gaýtalamak
Eden günäňi Ýehowanyň öňünde näme üçin boýun almaly?
Günämiz bagyşlanar ýaly näme etmeli?
Agyr günä edendigiňi näme üçin ýaşululara aýtmaly?
KÖPRÄK BILIŇ
Bir adam Işaýa 1:18-de aýdylyşy ýaly, Ýehowanyň rehimdar atadygyna nädip göz ýetirdi?
Ýaşulular agyr günä eden adama nädip kömek edýä?
«Ýaşulular ýygnakdan çykarylanlara nädip kömek edýär?» («Garawul diňi» awgust, 2024)
Toba etmedik adama söýgimizi bildirmek we rehimdar bolmak üçin näme etmeli?
«Ýygnakdan çykarylanlara kömek edeliň» («Garawul diňi» awgust, 2024)
«Ýalňyşyma düşündim» diýen terjimehaldan bir adamyň Ýehowa dolanandygy hakda okap görüň.
«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 aprel, 2012)
-