-
Patyşalyk işiniň çykdajylary nädip ödelýär?Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
-
-
10 Birinjiden, biz Ýehowany söýýändigimiz we onuň «göwnüne ýaraýan zatlary etmek» isleýändigimiz üçin sadaka berýäris (1 Ýahýa 3:22). Ýehowa ak ýürekden berýän gullukçylaryny gowy görýär. Geliň, mesihçileriň sadaka bermegi babatda Pawlus resulyň aýdan sözlerine üns bereliň (2 Korinfliler 9:7-ni okaň). Hakyky mesihçi göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen bermeýär. Ol muny «ýüreginde niýetländigi» üçin berýärc. Diýmek, ol zerurlyklary göz öňünde tutýar we bu ýagdaýda özüniň nädip kömek edip biljekdigi barada oýlanyp, sadaka berýär. Ýehowa şeýle gullukçylarynyň gadyryny bilýär, sebäbi «Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir». Başga bir terjimede: «Hudaý bermegi gowy görýän adamlary söýýändir» diýilýär.
-
-
Patyşalyk işiniň çykdajylary nädip ödelýär?Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
-
-
d Bir alym «niýetlän» diýip terjime edilen grek sözüniň «öňünden karara gelmek diýen manysynyň bardygyny» belläp geçýär. Ol sözüni dowam edip: «Aslynda, bermek hemişe-de adama şatlyk getirýär. Emma şonda-da muny öňünden niýetläp, yzygiderli etmeli» diýýär (1 Kor. 16:2).
-