-
«Mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
10. Doganlaryň Pergadan Pisidiýanyň Antakyýa şäherine barşyny gürrüň beriň.
10 Olar Perga gelensoň, Markus Pawlus bilen Barnabasy taşlap, Iýerusalime dolanýar. Mukaddes Kitapda onuň näme üçin şeýle edendigi aýdylmaýar. Ýöne Pawlus bilen Barnabas Galatýa tarap ýoluny dowam edýär. Olar Pergadan Pisidiýanyň Antakyýa şäherine gelýärler. Şol şähere barmak aňsat däldi. Birinjiden, şäher deňiz derejesinden 1100 metr ýokarda ýerleşýärdi. Ikinjiden, olar daglyk ýerlerden ýöremelidiler. Şol ýoldan geçýän adamlara talaňçylar çozýardy. Üstesine, Pawlusyň saglygy hem öwerlik däldih.
-