Hudaýyň şöhratyny gazanmaga hiç zat päsgel bermesin
«Kiçigöwünli adam... hormat gazanýandyr». SÜL. TYM. 29:23
1, 2. a) Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda «şöhrat» sözi nämäni aňladýar? b) Bu makalada haýsy soraglara serederis?
SIZ «şöhrat» sözüni eşideniňizde näme barada oýlanýarsyňyz? Siz Hudaýyň ýaradan ajaýyp zatlary barada oýlanýarmysyňyz? (Zeb. 19:1). Ýa-da baý, akyldar, üstünlik gazanan adam göz öňüňize gelýär? Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda «şöhrat» sözi agramly bir zady aňladýar. Gadym döwürlerde teňňäni altyndan ýa-da kümüşden ýasapdyrlar. Agyr teňňe has gymmatly hasaplanýardy. Şol sebäpli-de, «şöhrat» sözi nämedir bir zadyň has gymmatly, wajyp ýa-da örän täsirlidigini görkezýär.
2 Biz köplenç güýçli we at-abraýly adamlary şöhratlandyrýarys, emma Hudaýyň şöhratyny gazanmak üçin näme etmeli? Süleýmanyň tymsallary 22:4-de: «Pes göwünliligiň we Rebden gorkmagyň sylagy baýlyk, hormat we ýaşaýyşdyr» diýilýär. Ýakup şägirt: «Rebbiň huzurynda peseliň, Ol sizi beýgelder» diýip ýazdy (Ýakup 4:10). Ýehowa bize nähili şöhrat berýär? Onuň şöhratyny gazanmaga näme päsgel berip biler? Biz bu şöhraty başga adamlaryň gazanmagyna nädip kömek edip bileris?
3—5. Ýehowanyň berýän şöhraty bizi nämä ýetirip biler?
3 Mezmurçy Ýehowanyň ony sag elinden tutup, hakyky şöhrata ýetirjekdigine ynanýardy (Zebur 73:23, 24-nji aýatlary okaň). Ýehowa muny nädip edýär? Ol kiçigöwünli gullukçylaryna dürli ýollar bilen hormat bildirip, olary şöhrata ýetirýär. Meselem, Ýehowa Sözüne gulak asýan adamlara Öz islegine düşünmäge we dostlaşmaga ýardam edýär (1 Kor. 2:7; Ýakup 4:8).
4 Şeýle-de Ýehowa gullukçylaryna gymmatly hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik berdi (2 Kor. 4:1, 7). Bu gulluk bizi şöhrata ýetirýär. Bu hormatly işe gatnaşyp, Ýehowany şöhratlandyrýan we başgalara kömek edýän adamlara Ol: «Men Özümi sylany sylaryn» diýip wada berýär (1 Şam. 2:30). Şeýle adamlar Ýehowanyň öňünde-de, başga mesihçileriň öňünde-de ýagşy at gazanýarlar (Sül. tym. 11:16; 22:1).
5 «Rebbe umyt baglap, Onuň ýoluny saklaýan» adamlara nähili gelejek garaşýar? Mukaddes Ýazgylar şeýle wada berýär: «Ýeri miras almagyň üçin Ol (Ýehowa) seni beýgelder; sen erbetler kesilip taşlananda görersiň» (Zeb. 37:34). Şeýle adamlara ajaýyp gelejek, ýagny ebedi ýaşaýyş garaşýar (Zeb. 37:29).
«MEN YNSANLARDAN ÖWGI KABUL ETMEÝÄRIN»
6, 7. Näme üçin köp adamlar Isany Mesih hökmünde kabul etmediler?
6 Ýehowanyň şöhratyny gazanmaga näme päsgel berip biler? Eger biz Ýehowanyň tarapyny tutmaýan adamlaryň pikirini has wajyp saýsak, Onuň şöhratyny gazanyp bilmeris. Geliň, Ýahýa resulyň Isanyň döwründäki abraýly adamlar barada ýazan sözlerine seredeliň. Ol şeýle ýazdy: «Başlyklaryň köpüsi Oňa iman etdiler, ýöne welin sinagogadan kowulmazlyk üçin, fariseýler zerarly, Ony ykrar etmediler. Çünki olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler» (Ýahýa 12:42, 43). Olar fariseýleriň pikirine köp üns bermeseler gowy bolardy.
7 Isa köp adamlaryň näme üçin onuň Mesihdigine ynanmandyklaryny aýdyň düşündirdi (Ýahýa 5:39—44-nji aýatlary okaň). Ysraýyl halky Mesihiň gelmegine ýüzlerçe ýyllap garaşdylar. Isa wagyz işine başlanda, käbir adamlar Danyýeliň pygamberligi arkaly Mesihiň gelendigine göz ýetirip bilerdiler. Hatda birnäçe aý mundan öň, olaryň köpüsi Ýahýa çokundyryjy wagyz edende: «Bu Mesihmikä?» diýşipdiler (Luka 3:15). Emma Mesih gelende, kanunçylar Isany kabul etmediler. Näme üçin? Isa munuň sebäbini olara açyk düşündirdi: «Ýeke-täk Hudaýdan öwgi gözlemän, biri-biriňizden öwgi kabul edýärkäňiz, siz nähili iman edip bilersiňiz?»
8, 9. Ynsanyň şöhratynyň Ýehowanyň şöhratyny gizläp bilýändigini mysal arkaly düşündiriň.
8 Ynsanyň şöhratynyň Ýehowanyň şöhratyny gizläp bilýändigini bilmek üçin, geliň, muny ýagtylygyň berýän nury bilen deňeşdirip göreliň. Älem dürli ýollar bilen bize ýagtylyk berýär. Belki-de, siz gije aýdyň asmana seredip, müňlerçe ýyldyzlara syn edip görensiňiz. «Ýyldyzlaryň şöhraty» sizi haýran galdyran bolsa gerek (1 Kor. 15:40, 41). Emma käbir şäherlerde çyralaryň köplügi sebäpli, ýyldyzlary görüp bolmaýar. Näme üçin? Köçeleriň, stadionlaryň we beýik jaýlaryň çyralary ýyldyzlardan has ýagty hem-de owadanlygy üçinmi? Ýok. Şäheriň çyralary asmanyň ýagtylygyny ýapyp, ýyldyzlary görmäge päsgel berýär. Şol sebäpli biz emeli ýagtylygyň päsgel bermeýän ýerinde durmaly, şonda ýyldyzlaryň owadanlygyny görüp bileris.
9 Şonuň ýaly-da, ynsanyň şöhraty Ýehowanyň berýän şöhratyny has peseldip biler. Köp adamlar Patyşalyk habaryny kabul etmeýärler, sebäbi olar dost-ýarlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň pikirinden gorkýarlar. Emma ynsanyň şöhraty özüni Hudaýa bagyş eden adamlara-da täsir edip bilermi? Aýdaly, bir ýaş mesihçä tanyş-bilişleriniň ýaşaýan ýerinde wagyz etmeklik tabşyrylýar. Emma olaryň köpüsi onuň Ýehowanyň Güwäçisidigini bilmeýärler. Ol tanyş adamlaryndan gorkup, wagyz etmekden ýüz öwrermi? Ýa-da diýeliň, bir mesihçiniň ruhy maksatlary goýýandygy üçin üstünden gülýärler. Ol ruhy garaýşy bolmadyk adamlara durmuş ýoluny saýlamaga ýol berermi? Ýa-da aýdalyň, mesihçi agyr günä edýär. Ol ýygnakdaky borjumy ýitirerin ýa-da dogan-garyndaşlarymyň we dostlarymyň göwnüne degerin öýdüp, etmişini gizlärmi? Eger ol Ýehowa bilen gatnaşygyny gymmat saýsa, onda ol «ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp» olardan kömek sorar (Ýakup 5:14—16-njy aýatlary okaň).
10. a) Biz özümiz barada çendenaşa aladalansak näme bolar? b) Biz kiçigöwünli bolsak näme ynamly bolarys?
10 Biz ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolsak-da, imandaşymyz bize maslahat berip biler. Onuň maslahatyny kabul etsek peýdaly bolar. Emma tekepbirlik etsek, abraýdan düşeris öýtsek ýa-da özümizi aklasak, onuň beren maslahatyny inkär ederis. Ýa-da aýdaly, siz bir dogan bilen Patyşalyk zalynyň gurluşyk işlerine gatnaşýarsyňyz, ýa-da ýygnak duşuşygy üçin ýumuş taýýarlaýarsyňyz. Siz gowy pikir aýdandygyňyz we agyr zähmet çekendigiňiz üçin kimiň şöhrat gazanjakdygy barada aladalanýarmysyňyz? Eger aladalanýan bolsaňyz, onda «kiçigöwünli adamyň... hormat gazanjakdygyna» ynamly boluň (Sül. tym. 29:23).
11. Bizi şöhratlandyranlarynda nähili garamaly we näme üçin?
11 Gözegçi we gözegçi bolmaga «jan çekýän» doganlar adamlaryň şöhratyny gazanmagyndan ägä bolmaly (1 Tim. 3:1; 1 Sel. 2:6). Eger dogany eden gowy işleri üçin şöhratlandyrsalar, ol muňa nähili garamaly? Elbetde, ol Şawul (Saul) patyşa ýaly özüne «ýadygärlik oturtmaly» däl (1 Şam. 15:12). Emma ol üstünligi diňe Ýehowanyň merhemeti arkaly gazanandygyny we gelejekde-de gazanjak üstünliginiň diňe Hudaýyň ak patasyna hem-de kömegine baglydygyny boýun alarmy? (1 Pet. 4:11). Eger biz bu soraga ak ýürekden jogap bersek, kimiň şöhratyny agtarýandygymyz aýdyň bolar (Sül. tym. 27:21).
«SIZ ATAŇYZYŇ DILEGINI BERJAÝ ETMEK ISLEÝÄRSIŇIZ»
12. Näme üçin käbir ýehudylar Isany diňlemändirler?
12 Hudaýyň şöhratyny gazanmaga biziň nädogry höwesimiz-de päsgel berip biler. Sebäbi olar bize hakykaty doly eşitmäge böwet bolýar (Ýahýa 8:43—47-nji aýatlary okaň). Meselem, käbir ýehudylar Isanyň aýdanlaryny diňlemediler. Ol munuň sebäbini şeýle düşündirdi: «Siz ataňyz iblisiň... dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz».
13, 14. a) Alymlar ynsan beýnisi we onuň ukyby barada näme diýýärler? b) Biziň kimi diňlejekdigimiz nämä bagly?
13 Biz käte gulagymyza ýaraýan zatlary eşitmek isleýäris (2 Pet. 3:5). Ýehowa ynsany käbir sesleri eşitmez ýaly edip ýaratdy. Geliň, häzir gulagymyza eşidilýän seslere diň salalyň. Belki-de, siz olaryň köpüsini eşiden dälsiňiz. Näme üçin? Adamyň beýnisi ähli sesleri kabul etmäge ukyply bolsa-da, ol size diňe bir sesi eşitmäge kömek edýär. Emma adamlar geplände beýnide şeýle ukyp bolmaýar. Alymlaryň geçiren barlagynyň netijesine görä, biz bir wagtyň özünde gepleýän adamlaryň diňe birine üns berip bilýäris. Diýmek, bir wagtda iki adam geplese, biz olaryň diňe birini diňläp bilýäris. Siz olaryň haýsysyny diňlemek isleseňiz, şony-da saýlarsyňyz. Şol sebäpli-de, atasy Iblisiň islegini berjaý etmek isleýän ýehudylar Isany diňlemändirler.
14 Mukaddes Ýazgylarda «akyldaryň» hem, «akylsyzyň» hem öýüniň bardygy barada aýdylýar (Sül. tym. 9:1—5, 13—17). Olaryň ikisi-de bizi öýüne çagyrýar, ýöne biziň saýlamaga mümkinçiligimiz bar. Biz olaryň haýsysynyň çakylygyny kabul ederis? Kimiň göwnünden turmak islesek, şonuňkyny-da kabul ederis. Isanyň goýunlary onuň sesine gulak asyp, onuň yzyna düşerler (Ýahýa 10:16, 27). Olar «hakykatyň tarapdarydyr» (Ýahýa 18:37). «Olar kesekiniň yzyna düşýän däldir» (Ýahýa 10:5). Şeýle kiçigöwünli adamlar Hudaýyň şöhratyny gazanarlar (Sül. tym. 3:13, 16; 8:1, 18).
OLAR «SIZE ŞÖHRAT GAZANDYRAR»
15. Pawlusyň çeken muşakgaty mesihçilere nädip «şöhrat gazandyrdy»?
15 Biz Ýehowanyň islegini tutanýerlilik bilen berjaý etsek, başgalara şöhrat gazanmaga kömek ederis. Pawlus Efesdäki ýygnaga şeýle ýazdy: «Siziň ugruňyzda görýän muşakgatlarym zerarly ruhdan düşmäň diýip, sizden haýyş edýärin. Meniň muşakgatlarym size şöhrat gazandyrar» (Efes. 3:13). Pawlusyň çeken muşakgaty haýsy manyda Efesdäki mesihçilere şöhrat gazandyrar? Pawlus kynçylyklara garamazdan, doganlara hyzmat edip, Hudaýa gulluk etmegiň mesihçä örän wajypdygyny görkezdi. Eger Pawlus synaga düşende doganlara kömek etmedik bolsa, olar Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny, wagyz gullugyny we umydyny wajyp görmezdiler. Pawlusyň çydamlylygy mesihçidinini beýgeltdi we özüniň ejir çekmegine mynasypdygyny görkezdi.
16. Pawlus Listrada nähili kynçylyga uçrady?
16 Geliň, Pawlusyň yhlasly we çydamlylyk bilen doganlaryna nädip kömek edendigi barada oýlanalyň. Resullaryň işleri 14:19, 20-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Antakiýadan, Konýadan ýehudylar geldi; olar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar, ony ölendir öýdüp, şäherden daşary süýrediler. Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ör turup, şähere gaýtdy. Şol günüň ertesi hem Barnabas bilen Derbä tarap ýola düşdi». Öler ýaly daşlanyp, ertesi 100 km ýoly pyýada ýöremegiň nähili kyndygyny göz öňüne getirip görüň!
17, 18. a) Timoteos Pawlusyň Listrada gören azarlaryny nireden bilýärdi? b) Pawlusyň çydamlylygy Timoteosa nähili täsir etdi?
17 Pawlusa kömek eden «şägirtleriň» arasynda Timoteos barmydy? Belki-de, bardyr. Emma Resullaryň işleri kitabynda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Ýöne Timoteos bu zatlardan habarly bolmaly. Pawlus Timoteosa ýazan ikinji hatynda şeýle diýdi: «Sen bolsa meniň taglymatymy, özümi alyp barşymy... gören azardyr görgülerimi, meselem, Antakiýa (şäherinden kowlanymy), Konýada (daşlajak bolanlaryny) we Listrada başymdan geçenleri (daşlananymy) berk yzarladyň. Men nähili azarlara döz geldim! Reb meni hemmesinden gutardy» (2 Tim. 3:10, 11; Res. iş. 13:50; 14:5, 19).
18 Timoteos Pawlusyň çeken azarlarynyň hemmesini bilýärdi. Bu wakalar onuň ýadyndan çykmajak yz galdyrdy. Pawlus Listra dolananda, Timoteosyň göreldeli mesihçidigini görýär, «onuň Listradaky we Konýadaky doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy» (Res. iş. 16:1, 2). Biraz wagtdan Timoteos uly jogapkärçilikli borçlary almaga taýyn bolýar (Flp. 2:19, 20; 1 Tim. 1:3).
19. Biziň çydamlylygymyz başgalara nähili täsir edip biler?
19 Eger bizem Hudaýyň islegini berjaý etmegimizi dowam etsek, bu başgalara, esasan-da, ýaşlara gowy täsir eder. Olaryň köpüsi Hudaýyň gymmat saýýan gullukçylary bolup ýetişerler. Ýaş mesihçiler bize syn edýärler we diňe bir ökdelik bilen wagyz edişimizden däl-de, kynçylyklarda biziň özümizi alyp barşymyzdan has köp zatlary öwrenýärler. Pawlusyň «her zada döz gelmegi» wepaly mesihçileriň «baky şöhrat» gazanmagyna kömek eder (2 Tim. 2:10).
Ýaşlar gartaşan mesihçileriň çydamlylygyndan görelde alýar
20. Biz näme üçin Hudaýyň şöhratyny agtarmagymyzy dowam etmeli?
20 Biz «ýeke-täk Hudaýdan öwgi gözlemegimizi» dowam etmelimi? (Ýahýa 5:44; 7:18). Elbetde, munuň gürrüňi-de bolmaz! (Rimliler 2:6, 7-nji aýatlary okaň). Ýehowa «şöhrat, hormat... agtarýanlara ebedi ýaşaýyş» sylagyny berer. Şeýle-de «ýagşy işde çydamlylyk görkezsek», başgalary Hudaýa wepaly galmaga höweslendirip, olaryň ebedi ýaşaýşa gowuşmagyna kömek ederis. Şol sebäpli, geliň, Hudaýyň şöhratyny gazanmaga hiç zada päsgel berdirmäliň!