Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowa maşgalasyny ýygnaýar
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýul
    • 7. Biz «ruhuň birligini goraň» diýen maslahata nädip eýerip bileris?

      7 Biz Isanyň töleg gurbanyna ynanýandygymyz üçin, Ýehowa mesh edilen mesihçileri ogullary, başga goýunlary bolsa dosty hasaplap, bize dogry adamlar hökmünde garaýar. Emma biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýarkak, başga adamlar bilen düşünişmezlik bolar (Rim. 5:9; Ýakup 2:23). Ine, şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda bize «birek-birege» sabyrly bolmak maslahat berilýär. Dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin näme etmeli? Biz «pes göwünlilik, ýumşaklyk» häsiýetlerini ösdürmeli. Pawlus resulyň sözleri bize «Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat etmäge höweslendirýär» (Efesliler 4:1—3-nji aýatlary okaň). Bu maslahata eýermek üçin Hudaýyň ruhuna tabyn bolmaly we onuň miwesini ösdürmeli. Şeýle-de biz ten işlerini ýa-da Hudaýyň ýigrenýän zatlaryny etmeli däl. Ruhuň miwesi bize başga adamlar bilen düşünişmezligi çözmäge ýardam edýär. Ten işleri bolsa agzalalyk döredýär.

  • Ýehowa maşgalasyny ýygnaýar
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýul
    • 9. Parahat we agzybir bolmak babatda biz özümize nähili soraglar bermeli?

      9 Her birimiz özümize şeýle soraglar bermeli: «Men dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin tagalla edýärinmi? Biri bilen agzalalyk dörände näme edýärin? Dostlarymyň käbiri meni goldar ýaly, bu barada açyk gürrüň berýärinmi? Biri bilen ýaraşmak üçin özüm onuň bilen gepleşmän, ýaşulularyň meseläni çözüp bermegini isleýärinmi? Ýa-da doganyň senden öýke-kinesi bar bolsa, meseläni onuň bilen bile çözmekden gaça durýarynmy? Biz şu zatlary etsek, Hudaýyň Mesihde hemmeleri bir maşgala edip birleşdirmegine ýardam ederismi?

      10, 11. a) Doganlarymyz bilen parahat ýaşamak näme üçin wajyp? b) Parahat ýaşamak we Hudaýyň bereketlerini almak üçin näme etmeli?

      10 Isa şeýle diýdi: «Gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et» (Mat. 5:23—25). Ýakup şägirt: «Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir» diýdi (Ýakup 3:17, 18). Diýmek, biz başgalar bilen parahat ýaşamasak, dogry işleri edip bilmeýäris.

      11 Meselem, daýhanlar uruş bolan ýurtlarda minalardan gorkup, ýeriň üçden bir böleginden gowrak ýerlerinde ekin ekip bilmeýärler. Şonuň üçin obadaky adamlara iş tapmak kyn bolýar we şäher azyksyz galýar. Şonuň ýaly-da, bize başgalar bilen parahat ýaşamak kyn bolsa, mesihçi häsiýetleri ösdürmek kyn bolýar. Şonda biz minaly ýere meňzeýäris. Şeýle bolsa, biz häsiýetimizi üýtgetmeli. Biz başgalary derrew bagyşlap, olara ýagşylyk etsek, hemmeler bilen parahat ýaşarys we Ýehowanyň patasyny alarys.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş